Şu gün türkmen paýtagtynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk hökümetara toparynyň dördünji mejlisi açyldy. Toparyň işine gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministri jenap Zafer Çaglaýanyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Aşgabada geldi. Türkmen tarapyndan mejlisiň işine hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň birnäçesiniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşýarlar.
Mejlisiň birinji iş gününiň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary bolan söwda-ykdysady pudagy, ýangyç-energetika toplumy, oba we suw hojalygy, gurluşyk, dokma senagaty boýunça meseleler girizildi.
Mejlisde uzakmöhletleýin esasda guralýan, netijeli hyzmatdaşlykda baý tejribe toplanan, depginli ösdürilýän türkmen-türk gatnaşyklaryny diwersifikasiýa etmäge we giňeltmäge iki ýurduň hem gyzyklanma bildirýändigi nygtalyp geçildi. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen örän netijeli häsiýete eýe bolan duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýynyň we geljeginiň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belläp, Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministri jenap Zafer Çaglaýan toparyň işiniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge mundan beýläk hem ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Myhman Türkiýäniň wekiliýetiniň agzalarynyň adyndan türkmen döwletiniň Baştutanyna ýurdumyzda uzak wagtdan bäri işläp gelýän we geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny berkitmäge çalyşýan täze türk kompaniýalaryna goldaw berýändigi we ynam bildirýändigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdy.
Işjeň ýagdaýda geçen mejlisiň barşynda toparyň agzalary ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine garadylar. Şeýle hem türkmen-türk hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy. Işewür hyzmatdaşlygyň däp bolup gelýän pudaklaryndan başga-da, özara hereket etmegiň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde iki ýurduň hem döwlet syýasatynda uly üns berilýän syýahatçylyk pudagy agzalyp geçildi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman syýahatçylyk düzümini döretmek, şol sanda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda amala aşyrylýan, Türkiýäniň işewür toparlarynyň arasynda uly gyzyklanma döredýän iri möçberli taslamalar amala aşyrylmagy bilelikdäki işleriň esasy ugry bolup durýar diýip bellenildi.
Medeni we ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry hökmünde aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ertir türkmen-türk gepleşikleri dowam etdiriler. Hökümetara toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekilmek meýilleşdirilýär.
Şu günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzyň “Mizan” täjirçilik merkezinde türkmen-türk işewür maslahaty boldy. Onuň işine ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýolbaşçylary we agzalary, şeýle hem iri türk kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň çäklerinde ykdysady pudakda ikitaraplaýyn özara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada pikir alyşmalar boldy. Ýygnananlar köp ýyllyk türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň netijesinde iki ýurduň hem dürli pudaklarda bilelikdäki taslamalary, şol sanda senagat we durmuş-medeni maksatly desgalary gurmak boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda baý tejribe toplandyklaryny belläp, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze mümkinçilikleri açýan şu maslahatyň ähmiýetini nygtap geçdiler. Bellenip geçilişi ýaly, häzirki wagtda biziň ýurdumyzda köp sanly türk kompaniýalary Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşyp, üstünlikli işleýärler.
Mejlisde çykyş edenler Türkmenistanyň geosyýasy ýagdaýy, şeýle hem
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän hem-de türkmen döwletinde daşary ýurt maýasyny goýmaga özüne çekiji amatly ýagdaýy döretmäge ýardam berýän “açyk gapylar” syýasaty bilen şertlendirilen türkmen bazarynyň uly geljeginiň bardygyna ýygananlaryň ünsüni çekdiler.
Maslahatyň işine ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz böleginiň wekilleri hem gatnaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, türk hyzmatdaşlarynyň enjamlaryň we tehnologiýalaryň iň täze gazananlaryny hödürleýändiklerini hasaba almak bilen, kiçi we orta telekeçiligiň uly geljeginiň bardygy bellenildi.

* * *