Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk gullugy departamentiniň direktory Andreý Karlowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda konsullyk-wiza meselelerine garaldy, şeýle hem türkmen-rus şertnamalaryny we ylalaşyklaryny amala aşyrmagyň anyk ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Dmitriý Medwedew ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegine, şol sanda onuň esasyny düzýän gumanitar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýärler.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary syýasat edaralarynyň şu gün geçirilen maslahatlaşmalary birek-biregiň çäklerinde konsullyk hyzmatlaryny etmek, hukuk kömegini bermek we iki ýurduň raýatlarynyň bähbitlerini üpjün etmek bilen bagly meselelere garamaga we çözmäge gönükdirilen gepleşikleri dowam etmek üçin esas boldy.
Taraplar Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde yzygiderli geçirilýän şeýle duşuşyklaryň konsullyk ulgamynda şertnama – hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmäge we ikitaraplaýyn ylalaşyklary netijeli amala aşyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.