Türkmenistan şu ýylyň iýun aýynda Braziliýanyň paýtagtynda geçiriljek BMG-yň durnukly ösüş boýunça halkara konferensiýasyna gatnaşar. Bütündünýä ekoforumyň maksady- durnukly durmuş we ykdysady ösüşi üçin esaslary döretmek. Bu çäre Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw we durnukly ösüş boýunça geçiren ilkinji sammitiniň 20 ýyllygyna bagyşlanýar.
1992-nji ýylda Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen birinji sammite 178 hökümet wekiliýeti gatnaşyp, olar ekologiki, ykdysady we sosial meseleleri özara baglanyşykda we biri biriniň deň gatnaşygynyň bolmagy bilen çözmegiň hökmanylygyny ykrar etdiler we durnukly ösüş konsepsiýasyny makulladylar. Sammitde çölleşmä garşy, howanyň üýtgemegi, biodürliligi goramak boýunça esasy we ekologiki wajyp resminamalary hem-de konwensiýalaryň ençemesine gol çekildi. Sammitiň esasy üstünligi XXI asyr üçin işleriň meýilnamasynyň kabul edilmegidir. Konferensiýanyň ähmiýeti örän uly boldy, sebäbi bu konferensiýa bütin dünýäde daşky gurşawy goramak boýunça milli we halkara guramalaryň döredilmegine getirdi. BMG-yň daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy döredilip, ol ekologiki jogapkärlik boýunça täze düzüm boldy. Daşky gurşawy goramak mundan beýläk adamlaryň durmuşyna we Ýer togalagynyň ykdysady ösüşine täsir etjek esasy meselesi bolar diýlip yglan edildi.
Türkmenistan BMG-yň wajyp hyzmatdaşy hökmünde garaşsyzlyk ýyllarynyň başyndan başlap, syýasy we ykdysady durnuklylyk maksatlaryny yzygiderli durmuşa geçirýär. Türkmen döwleti ekologiýa meselelerini ýurduň durnukly ösüşiniň maksatnamasyna goşup, birnäçe iri milli maksatnamalara we taslamalara, aýratyn hem çölleşmä garşy çäreler üçin ýörite serişdeleri bölüp berdi. Taslamalaryň iň uly möçberlisi „Altyn asyr“ türkmen kölüniň gurluşygydyr. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Amyderýanyň ekologiýasyny gorap saklamaga, çöldäki öri meýdanlaryň suw basmasynyň öňüni alamaga, ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, oba hojalygyň mundan beýläk ösdürilmegi üçin goşmaça suw baýlyklaryny döretmäge we duz emele gelmekligiň öňüni alýan ýörite ekinleriň ekilmegi esasynda öri meýdanlary dikeltmäge mümkinçilik berer.
Ýurdumyzda demir ýollaryň, gara ýollaryň, nebitgaz geçirijileriň gurluşyklarynyň ugry boýunça çägeleriň süýşmegini öňüni almak üçin tokaýlaşdyrmak we berkitmek bilen baglanyşykly tebigaty goramak boýunça giň möçberli çäreler geçirilýär, şeýle-de suw bilen üpjün etmek işleri, ýagny agyz suw zawodlarynyň we akýan suwlary arassalamak boýunça desgalaryň gurluşygy amala aşyrylýar. Ondan başga-da, Türkmenistan halkara guramalar bilen bilelikde ýer, suw we tokaý baýlyklaryny durnukly dolandyrmak bilen baglanyşykly ençeme taslamalary durmuşa geçirilýär.
Häzirki wagtda döwletiň halk hojalyk ulgamynyň ähli pudaklarynda resminamalary dolandyrmagyň maglumatlaýyn ulgamy ornaşdyrlýar. Geografiki maglumatlaýyn tehnologiýalaryň esasynda tebigy ýagdaýlar, esasan hem suw we ýer baýlyklarynyň maglumatlaryň elektron bazasy döredilýär. Bu maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň tebigaty goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň alymlary tarapyndan dürli meýdanlaryň çölleşmeginiň monitoringi üçin milli ulgamynyň konsepsiýasy işlenip taýýarlandy. Bu bolsa daşky gurşawyň talaplaryna laýyklykda oba hojalyk işlerini oýlanyşykly geçirmeklige ýardam berýär. Bu konsepsiýa çölleşmäniň öňüni almakda teklipleri we gollanmalary taýýarlamak boýunça institutyň hünärmenleriniň köpýyllyk ylmy tejribelerine esaslanandyr.
Institutda çölleşmäniň ýagdaýyny we gidişini aerokosmiki monitoringiniň maksatnamasy işlenilip düzülen çölleşmäniň monitoringi we distansion usullary barlamhanasy hereket edýär. Çölleşmäniň ýagdaýyny we gidişini kartografirlemek çölleşmäniň dürli landşaft şertlerde döremeginiň düzgünlerini çuň öwrenmeklik, gyssagly we takyk maglumatlary almaklyk üçin hökmanydyr.