Şu gün türkmen paýtagtynda açylan maslahatda habar beriş serişdeleri boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri esasy meselä öwrüldi. Türkmenistanyň, hususan-da, gumanitar ulgamda Ýewropa Bileleşigi bilen ösdürilýän hyzmatdaşlygyň çäklerinde žurnalistler üçin tälim bermek bilen bagly üç günlük maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde СADAP Maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça köp sanly konwensiýalaryna we halkara ylalaşyklaryna goşulmak arkaly, ýakynda 2012-2015-nji ýyllardaky döwürde BMG-niň neşe serişdeleri boýunça toparynyň agzasy boldy. Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyşylar СADAP Maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän şu çäräniň neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň öňüni almakda halkara derejesinde toplanan tejribäniň alşylmagyna ýardam bermek bilen, Türkmenistanyň ählumumy howplara we häzirki döwürdäki wehimlere garşy durmak ugrundaky tagallalary jebisleşdirmekde iş ýüzünde nobatdaky ädim bolup durýandygyny bellediler.
Maslahata milli habar beriş serişdeleriniň, Türkmen döwlet habarlar gullugynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekillerinden başga-da, Türkmenistanyň Neşelere garşy göremek baradaky döwlet gullugynyň, ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän beýleki pudaklaýyn edaralarynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahata halkara bilermenleri hökmünde Ýewropanyň Türkmenistandaky Öýüniň utgaşdyryjysy jenap Teo Hensels, Polşada neşekeşligiň öňüni almak boýunça Milli býuronyň wekili jenap Ýanos Siýeroslawski, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň monitoring merkeziniň wekili jenap Tomas Kattau çagyryldy.
Türkmen hünärmenleri öz çykyşlarynda ýygnananlary habar beriş serişdeleri babatda döwlet syýasatynyň, habar beriş gulluklarynyň işini kämilleşdirmekde özgertmeler maksatnamalarynyň möhüm ähmiýetli jähetleri bilen tanyşdyrdylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň şu ulgam boýunça halkara derejesinde toplanan tejribäniň öwrenilmegine, abraýly halkara düzümleri, şol sanda sebitleýin maksatnamalara gatnaşmaga içgin üns berýändigi nygtaldy.
Maslahata gatnaşyjylar tutuş adamzada howp salýan neşe belasyna garşy durmakda ähli tagallalaryny gaýgyrmazlyga taýýardygyny nygtap, Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hut şu ulgamda-da netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmelidigini aýtdylar hem-de milli habar beriş serişdeleriniň işinde ulanmak maksady bilen, tejribe alyşmak üçin şeýle duşuşyklaryň peýdalydygyny bellediler.
Maslahat 2-nji fewrala çenli dowam eder.