Ï Türkmenistan-BMG: sebitde netijeli energiýa üpjünçiliginiň bähbitlerine gatnaşyklary ösdürip
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-BMG: sebitde netijeli energiýa üpjünçiliginiň bähbitlerine gatnaşyklary ösdürip

view-icon 632
Energiýany netijeli we rejeli ulanmak maksadynda özara gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak şu gün paýtagtymyzyň “Grand Türkmen” myhmanhanasynda geçirilen maslahatyň gün tertibiniň esasy meselesi boldy. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde guralan maslahata Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň, Tebigaty goramak ministrliginiň, Gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň, Jemagat hojalygy ministrliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň hünärmenleri, şeýle hem Russiýadan, Ukrainadan, Ermenistandan, Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlaryndan halkara bilermenleri we maslahat berijiler hem-de beýlekiler gatnaşdylar.

Maslahatyň gün tertibine energiýa üpjünçiligini ýokarlandyrmak, alternatiw çeşmelerden energiýany öndürmek, hereket etmegiň maksatnamasyny, şeýle hem bu ulgamda strategiýalary işläp taýýarlamak üçin mümkinçilikleri hem-de mehanizmleri döretmek meseleleri girizildi. Maslahatyň çäklerinde, şeýle hem energiýa serişdelerini ulanmagyň durnuklylygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.



Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energiýany netijeli ulanmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň örän derwaýysdygyny bellediler. Munuň özi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan energiýanyň dürli çeşmelerini has netijeli ulanmak wezipelerini çözmekde tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin özboluşly nusga, görelde bolup hyzmat edip biler diýlip bellenildi. Çünki, ýurdumyzda energiýa üpjünçiligini ösdürmek, energiýa serişdeleriniň öndürilişini artdyrmak meselelerine uly üns berilýär, Gün we ýel energiýasynyň ekologiýa taýdan arassa çeşmelerini ulanmak arkaly taslamalar işlenilip taýýarlanylýar.

Galyberse-de, howa we daşky gurşawy goramak ulgamynda Türkmenistan bilen BMGÖM-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem ýurdumyzyň energiýany tygşytlamak, energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmak boýunça halkara başlangyçlarynyň ählisine gatnaşmagy ekologiýa taýdan durnukly tebigy serişdeleriň ulanylmagynyň ykdysadyýetiň netijeliligine we adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulanmagyna saldamly goşant bolup biljekdigini ýene-de bir gezek tassyklaýar.

Maslahatyň barşynda BMGÖM-niň we Türkmenistanyň “Türkmenistanyň ýaşaýyş jaýlarynda energiýany ulanmagyň netijelliligini gowulandyrmak” atly bilelikdäki taslamasynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Bu taslamanyň esasy maksady ähli amatlyklary bolan täze jaýlarda enegriýanyň sap edilişiniň derejesini şu günki talaplaryň derejesinden peseltmekden ybaratdyr. Taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde jaýlary ýylatmak we salkynlatmak üçin energiýany tygşytlamagyň alternatiw ýollaryny ýüze çykarmak we seljermek, ýaşaýyş jaýlarynda ölçeýji gözegçilik enjamlaryny gurnamak, gyzyklanma bildirýän ministrlikleriň işgärleri üçin auditleri we okuwlary geçirmek, şeýle hem energiýa babatda netijeli taslamalary hem-de tehnologiýalary döretmek boýunça bilelikdäki çäreleri işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň hünärmenleriniň we halkara bilermenleriniň bilelikdäki tagallalarynyň ýaşaýyş jaýlarynda ähli energiýa serişdelerini we energiýa çeşmelerini rejeli ulanmak boýunça giň maksatnamany işläp düzmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdiler.

Bu maslahat energiýa serişdeleriniň netijeliligi ulgamynda Türkmenistan bilen BMGÖM-niň hyzmatdaşlygynyň tapgyrlarynyň biri bolup durýar. Halkara bilermenleriniň we türkmen hünärmenleriniň bilelikdäki işi energiýa serişdelerini tygşytlamak ulgamynda häzirki ýagdaýa baha bermäge we geňeşmeler, barlaglar hem-de öňdebaryjy ýurtlaryň tejribesini öwrenmek esasynda energiýa serişdelerini durnukly ulanmak babatda strategiýalary kesgitlemäge mümkinçilik berer.

BMGÖM-niň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň hökümeti bilen Kioto protokolynyň ýanynda döredilen we netijeli energiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda maliýe girdejisini almaga ýardam edýän uglerod gaznasynyň çäklerinde ilkinji taslamalary işläp taýýarlamak we amala aşyrmak boýunça gepleşikler alnyp barylýar. Çünki, häzirki zaman tehnologiýalary energiýa serişdeleriniň ulanylyşyny tygşytlamaga ýa-da energiýa serişdeleriniň, hususan-da, tebigy gazyň ýitgisiniň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa öz nobatynda, gazlaryň howa giňişligine aralaşmagynyň derejesini peseldýär. Hut şunuň netijesinde ösen ýurtlar arassa howa üçin uglerod gaznasy arkaly ep-esli möçberde pul tölemäge taýýardyr. Bu uglerod gaznasy eýýäm Hytaýda, Braziliýada we beýleki ýurtlaryň birnäçesinde netijelidigini we maliýe babatda özüne çekijiligini görkezdi.

Mundan başga-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň çäklerinde energiýanyň alternatiw we gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerne garalýar.

Maslahatyň jemleri boýunça bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň çäginde dürli edaralaryň tagallalarynyň utgaşdyrylmagy, şeýle hem energiýa serişdelerini rejeli ulanmak mesleleri boýunça halkara gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegi biziň ýurdumyzda has uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berer. Türkmenistan energetika howpsuzlygy we energiýa serişdelerini tygşytlamak meselelerinde Merkezi Aziýa sebitinde nusga bolup durýar.