Ï Ysraýyl Döwletiniň DIM-niň wekiliýetiniň sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ysraýyl Döwletiniň DIM-niň wekiliýetiniň sapary

view-icon 848
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara guramalary bilen aragatnaşyklar boýunça Baş direktory jenap Pinhas Awiwiniň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtynda bolýan wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk boldy.

Duşuşygyň barşynda myhmanlar Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda amala aşyrylýan iri möçberli milli taslamalar we maksatnamalar bilen tanyşdyryldy. Söhbetdeşligiň barşynda Mejlisiň ýurdumyzyň kanunçylyk -- ukuk binýadynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen işi barada aýratyn gürrüň edildi.

Söwda-ykdysady, oba hojalygy, medeniýet -- ilim we ylym boýunça ulgamlar türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezildi. Iki ýurduň arasynda özara düşünişilmegini we ynamy pugtalandyrmak maksady bilen, myhmanlar ysnyşykly parlamentara gatnaşyklaryň ýola goýulmalydygy barada aýtdylar.

Şu gün Ysraýyl Döwletiniň wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi, şonda özara bähbitli hyzmatdaşlygy uzakmöhletleýin esasda giňeltmegiň meseleleri gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistan tarapyndani amala aşyrylýan daşary syýasy strategiýanyň oňyn we parahatçylyk döredijilikli häsiýetli bolmagynyň döwletara gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegine ýardam berýändigi bellenildi. Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň arasynda köp ugurly, şol sanda daşary syýasat edaralaryna degişli ugur boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny bellediler.

Aşgabada saparyň çäklerinde myhmanlar Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde, Oba hojalyk ministrliginde, “Türkmengaz” döwlet konserninde we Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda kabul edildi.