Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMGÖM-niň wekili-BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Bratislawada ýerleşýän sebit merkeziniň howanyň üýtgemegi baradaky meseleler boýunça geňeşçisi hanym Gabriýela Fişerowa bilen duşuşyk boldy, ol türkmen paýtagtynda saparda bolýar.
Duşuşygyň barşynda myhman türkmen döwletiniň içeri we daşary syýsatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Türkmenistan BMG-niň
has möhüm konwensiýalarynyň birnäçesine, şol sanda Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýa goşulmak bilen öz üstüne alan borçnamalaryny, şol sanda suw gorlaryny netijeli peýdalanmak meseleleri boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirýär.
Şunuň bilen baglylykda BMGÖM türkmen Lideriniň oňyn başlangyçlaryny tutuşlygyna goldaýar diýip bellemek bilen, hanym Gabriýela Fişerowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Bas Assambleýasynyň 66-njy mejlisiniň belent münberinden beýan eden teklibiniň möhümdigini aýtdy. Şol teklip ýöriteleşdirilen düzümi—BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek baradaky Sebitara merkezini döretmek, onuň işlemegi üçin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde zerur bolan düzümi üpjün etmek bilen baglydyr.
Daşky gurşawy goramak babatda halkara hyzmatdaşlygynda,
şeýle hem häzirki zaman eýýamda ýurdumyzy toplumlaýyn ösdürmegiň giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny amala aşyrmakda tebigaty goramagyň ýörelgelerine we kadalaryna eýermekde oňyn tejribe toplamakda Türkmenistanda ägirt uly işleriň geçirilendigi bellenildi.
Düýpli pikir alyşmagyň çäklerinde bu ulgamda bilelikde hereket etmegiň ileri tutulýan meseleleri gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ulgam Türkmenistanyň we BMG-niň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň, şeýle hem beýleki abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýär.
Şu gün BMGÖM-niň wekiliniň saparynyň çäklerinde
Türkmenistanyň Maliýe ministrliginde duşuşyk geçirildi. Saparyň maksatnamasynda ýurdumyzyň beýleki edaralarynyň birnäçesinde, şol sanda Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginde hem-de
Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde duşuşyklar meýilleşdirildi.