Şu gün Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Söwda-senagat edarasynyň direktory jenap Khatebi Hajy Sahdyň ýolbaşçylygynda Türkmenistana sapara gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalary ýurdumyzyň Gurluşyk materiallary senagaty ministrliginde we Söwda-senagat edarasynda kabul edildi.
Duşuşyklaryň barşynda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara we sebit derejesindäki hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen oňaýly syýasaty ýöretmegi netijesinde türkmen-owgan ykdysady gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Baştutanyna we tutuş türkmen halkyna parahat, döredijilikli durmuşyň esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda we ykdysadyýeti galkyndyrmakda Owganystanyň halkyna yzygiderli ýagdaýda we hemmetaraplaýyn goldaw berilýändigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Duşuşyklara gatnaşyjylar uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ygrarlydyklaryny tassyklap, mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de söwda-ykdysady ulgam, gurluşyk we beýleki pudaklar boýunça ozal baglaşylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň mümkinçiliklerine garadylar.
Aşgabatda bolnan mahalynda myhmanlar “Türkmenmermer” paýdarlar jemgyýetine baryp gördüler hem-de bu ýerde şol kärhananyň işiniň özboluşly taraplary bilen tanyşdylar.