Ï Türkiýe Respublikasynyň wekiliýetiniň sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkiýe Respublikasynyň wekiliýetiniň sapary

view-icon 541
Şu gün Türkiýe Respublikasynyň Ýustisiýa ministrliginiň halkara hukugy we daşary aragatnaşyklar boýunça Baş depertamentiniň baş direktory jenap Fazly Doganyň ýolbaşçylygynda paýtagtymyza gelen türk wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi.

Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda iki ýurduň halklarynyň dostluk, medeniýetleriniň we däp boýunça Türkiýe bilen Türkmenistanyň ençeme asyrlara uzap gidýän döwletara arabaglanyşygynyň ýokary derejededigi bellenilip geçildi. Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň wekilleri özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleri barada aýtmak bilen, syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarynda ikitaraplaýyn aragatnaşyk babatynda iki ýurdyň däp bolup gelýän hyzmatdaşlygynyň hemme taraplaýyn berkemeginde alyp barýan syýasatynyň dowam etmegi bilen gyzyklanýandyklaryny bellediler.

Duşuşyga gatnaşyjylar köp ugurlar boýunça netijeli gepleşikleriň, şeýle-de ynanyşmak we netijeli hem-de peýdaly ýörelgeler esasynda guralan özara arabaglanyşygyň baý tejribesine daýanylyp yzygiderli ösdürilýän türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň berkemegine ýardam etmeklige isleg bildirdiler.

Döwlet we jemgiýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alan beýik özgertmeler eýýämynda biziň ýurdumyzda gazanylan üstünliklere we özgerişlere ýokary baha bermek bilen, jenap Fazly Dogan bu duşuşygyň Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini durmuşa geçirmekde goşmaça itergi berjekdigine ynam bildirdi.