Fewral aýynyň 7-ne Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 20 ýyl dolýar. Biziň ýurdymyz örän uly güýje we mümkinçiliklere eýe bolan Koreýa Respublikasyna örän möhüm we geljegi uly bolan hyzmatdaş hökmünde garaýar.
Koreýa Respublikasy soňky dört onýyllyklardan gowrak döwrüň içinde Aziýa kontinentinde kuwwatly ykdysady we senagat taýdan ösen merkezleriň birine öwrüldi. Dünýä belli haryt belgileri boan günortakoreýa kompanyýalarynyň ýokary hilli önümleriniň daşary ýurtlara iberilmegi köp babatda ýurdyň ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösmegini üpjün edýär. Bu önümleriň hatarynda diňe bir dünýä belli günortakoreýa elektronikasy, awtoulaglary ýa-da durmuşda ulanylýan tehnikalary bolman, eýsem onuň hatarynda okean gämileri, sozulan demir, dokma, nebithimiýa önümleri hem esasy orny eýeleýär.
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy. Bu geçen döwrüň içinde netijeli hyzmatdaşlygyň uly tejribesi toplanyldy. 2007-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanda Koreýa Respublikasynyň ilçihanasynyň açylmagy iki halky ýakynlaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy. Bu günki gün netijeli geçirilýän diplomatiki gepleşikler wajyp meselelriň giň toplumy boýunça halkara gatnaşyklaryny berkitmäge şert döredýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň 5-7-nji noýabrynda Koreýa Respublikasyna bolan döwlet sapary dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda, gürrüňsiz, möhüm waka boldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň we Prezident Li Men Bakyň ýolbaşçylygyndaky Koreýa Respublikasynyň döwlet wekilýetleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde ikitaraplaýyn möhüm resminamalara gol çekilmegi saparyň esasy wakasy boldy.
Türkmenistanyň baştutanynyň Koreýa Respublikasyna bolan sapary 2008-nji ýylyň 8-nji awgustynda Pekinde dabaraly ýagdaýda açylan ХХIХ tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagynyň çäklerinde geçirilen ýolbaşçylaryň birinji duşuşygyndan gözbaş alyp gaýdan iki döwletiň Prezidentleriniň arasyndaky öňegidijilikli we netijeli syýasy gepleşikleriň dowamy boldy. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gepleşikleriň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşldy hem-de Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň mundan beýläk hem döwletara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirilýändigi aýdyldy.
Mälim bolş ýaly, Türkmenistan hem, Günorta Koreýa hem dünýä syýasatynyň we ykdysadyýetiniň dürli ugurlary boýunça meňzeş ýa-da birmeňzeş orny eýeleýändiklerini görkezýärler. Munuň netijesinde biziň ýurtlarymyz halkara durmuşynyň esasy meselelerini çözmekde, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy ulgamynda özara hereket etmegiň çäklerinde, özara goldawy berýärler we biri-birine ynam bildirýärler. Muňa Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyjy boýunça 2008-nji ýylyň dekabr aýynda BMG-nyň BaşAssambleýasynyň energogeçirijileri dünýä bazarlaryna ygtybarly we howpsyz daşamak barada kabul eden Rezolýusiýasy boýunça Koreýa Respublikasynyň hemaýatçy bolup çykyş edendigi aýdyň subutnama bolup durýar.
Bu ýerde türkmen-günortakoreýa gatnaşyklarynyň yzygiderli häsiýete eýedigini nygtamalydyrys. Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýylyň maý aýynda Koreýa Respublikasynyň premer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary bolup geçdi. Şonda ol Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. Iki ýurdyň hökümet wekilýetleriniň arasynda bolup geçen gepleşiklerde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürilmegiň geljegine garalyp geçildi. Saparyň jemleri boýunça resminamalaryň dokuzsyna gol çekildi.
Türkmenistan we Koreýa Respublikasynyň arasynda däp boýunça abraýly wekilýetiň toparlary bilen gatnaşyklar ýola goýuldy. Günorta Koreýanyň meşhur kompanyýalary bilen Türkmenistanyň degişli ministrlikleri, edaralary, gulluklary we konsernleri bilen oňaýly gatnaşyklar epesli işjeňleşdirildi. Dünýä senagatynyň «Hundai», «Samsung», «LG», «Daewoo» we beýleki meşhur firmalarynyň we kompaniýalarynyň abraýly wekilýetleri Türkmenistanda yzygiderli bolýarlar. Bu işiň yzygiderli bolmagyna söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý Hökümetara toparynyň çäklerinde alnyp barylýan bilelikdäki iş itergi berýär. Häzirki wagta çenli taraplar toparyň mejlisiniň üçüsini geçirdiler.
Türkmenistanyň hökümet gurluşlary Koreýanyň halkara hyzmatdaşlyk Gullugy (KOIСA) bilen bilelikde dürli ykdysady we durmuş ulgamlary boýunça tejribe we bilim alyşmak boýunça maksatnamanyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýdylar. Medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk ýaýbaňlandyrylýar. Çeper höwesjeňleri alyşmak, döredijilik festiwallaryny geçirmek, şeýle hem maslahatlaryň we simpoziumlaryň işine gatnaşmak oňat tejribe bolup galdy. Türkmen tarapynyň «Merkezi Aziýa-Koreýa» assosiýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýuldy. Mälim bolşy ýaly, 2009-njy ýylda Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirildi, Seulda bolsa, Türkmenistanyň Günorta Koreýadaky Medeniýet günleri geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanda Koreýa Respublikasynyň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda gastroly boldy, öz nobatynda türkmen sungar ussatlary Koreýa Respublikasyna döredijilik saparyny amala aşyrdylar.
2008-nji ýylda Döwletmämet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri inistitutynda koreý dili bölüminiň açylmagy bilim ulgamynda möhüm waka boldy.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda, ýokary tehnologiýalar, tebigaty goraýyş ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýaýbaňlandyrylýar. Taraplar bedenterbiýe we sport meseleleri boýunça hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýärler.
Iki ýurdyň halkalrynyň giň hyzmatdaşlyga ymtylmagy bu günki gün täze mana we mazmuna eýe bolýar. Şu mynasibetli diplomatiki gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ýubileý ýyly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň taryhynda wajyp döwür bolmaga gönükdirlendir.