Ï Türkmenistan-GDA: ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-GDA: ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda

view-icon 529
Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde GDA agza bolup durýan döwletleriň Halkara ynsanperwer gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Armen Smbatýanyň ýolbaşçylygynda Türkmenistana gelen toparyň agzalary bilen duşuşyk geçirildi.

Şonda Arkalaşykda ynsanperwerlik boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri hem-de Türkmenistanyň we GDA agza bolup durýan döwletleriň Halkara ynsanperwer gaznasynyň arasynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Arkalaşygyň ýurtlary bilen ikitaraplaýyn, şeýle hem köp taraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklaryň alnyp barylmagyna eýerýändigi hem-de ýurdumyzyň öz gatnaşyklaryny dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyga mahsus bolan ýörelgeler esasynda guraýandygy bellenildi. Duşanbede geçirilen Sammitde 2012-nji ýylda Türkmenistany GDA-nyň Başlyklygyna saýlamak baradaky çözgüdiň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän oňyn daşary syýasatyň üstünlige alyp barýandygyny aýdyň görkezýän subutnamadyr. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Arkalaşykda başlyklyk eden döwründe GDA agza bolup durýan ähli döwletleriň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigi nygtaldy.

Öz gezeginde, toparyň agzalary GDA agza bolup durýan döwletleriň Halkara ynsanperwer gaznasynyň esasy maksadynyň Gazna baradaky Şertnama goşulýan döwletleriň giňişliginde hem, ikitaraplaýyn derejede hem ynsanperwerlik boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň netijeli guralyny döretmekden ybaratdygyny belläp, medeniýet, bilim, ylym, medeni mirasy öwrenmek boýunça, şeýle hem maglumatlar -- aragatnaşyk ulgamynda, sportda, syýahatçylykda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň hasabyna Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirilýändigini aýtdylar.

Şeýle hem saparyň çäklerinde myhmanlar Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde we Ylymlar akademiýasynda kabul edildi, şonda netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy.