Ï “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

view-icon 716
Ýakynda hormatly Prezidentimiziň ýörite Kararyna laýyklykda, ýurdumuzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly ylmy-tejribe žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Neşiri “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary derejedäki duşuşyklary we gepleşikleri” ady bilen syn beriji makala açýar, ol döwlet Baştutanynyň 2011-nji ýylyň oktýabr aýyndan dekabr aýy aralygyndaky döwürde bolan saparlarynyň jemleri bilen okyjylary jikme-jik tanyşdyrýar. Hususan-da, millietiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Haýns Fişer, Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Pal Şmitt, Estoniýa Respublikasynyň Premýer-ministri Andrus Ansip bilen Aşgabatda geçiren gepleşikleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Pakistan Yslam Respublikasyna, Hytaý Halk Respublikasyna, Malaýziýa we Russiýa Federasiýasyna saparlary senenamalaýyn tertipde yzygiderli beýan edilýär.


Makalada bellenip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de giňeltmek hil taýdan täze derejä we depgine eýe bolýar. Türkmen Lideriniň saparlary we duşuşyklary Türkmenistanyň barha artýan abraýyny hem-de halkara gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamynda ähmiýetli ornuny ýene-de bir gezek görkezdi.

“Redaksion sahypa” atly rubrika bilen ýerleşdirilen makalada milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan oýlanyşykly daşary syýasatyň möhüm ugurlary we esasy ýörelgeleri açylyp görkezilýär. Soňky birnäçe ýyllarda senenamalaýyn bölegi gurşap alýan makalada Türkmenistanyň gyzyklanýan ähli hyzmatdaşlar bilen oňyn halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasat işine seljerme berilýär.

Okyjylara hödürlenýän makalalaryň hatarynda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 16 ýyllygyna bagyşlanan birnäçe çykyşlar bar.

Hususan-da, “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylygy döredijiligiň häzirki zaman tejribesi” atly makalada biziň ýurdumyzda resmi taýdan bellenen diplomatiki missiýalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň baştutanlarynyň 2011-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda bolan halkara maslahatynda edilen çykyşlary getirilýär. Nygtalyp geçilişi ýaly, daşary syýasat strategiýasynyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli öňe sürülýän oňyn başlangyçlaryň parahatçylygy üpjün ediji häsiýeti biziň ýurdumyza ýokary halkara abraýyny getirdi. Awtorlaryň biragyzdan pikire gelmegine görä, Türkmenistan adamzadyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasynda ählumumy parahatçylygy we ylalaşygy üpjün etmäge gönükdirilen halkara tagallalaryna mynasyp goşant goşýandygyna buýsanyp biler.

London uniwersitetiniň professory, Aziýa we Gündogar meseleleri boýunça tanymal bilermen hanym Şirin Akineriň “Türkmenistanyň daşary syýasaty 1991-2011-nji ýyllarda: Bitaraplygyň ölçegleri” atly syn beriji makalasy hem okyjylarda uly gyzyklanma döreder. Bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlyk esasy hökmünde 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan ykrar edilen we deslapdan Goşulyşmazlyk Hereketi we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýurtlary tarapyndan goldanan hemişelik Bitaraplyk derejesi bolup durýar. Awtoryň belleşýi ýaly, ol ýurduň medeniýetine we taryhyna, daşary aragatnaşyklaryň durnukly içerki ösüş bilen aýrylmaz baglanyşygyna esaslanýar.

Resminamalaýyn çeşmelere esaslanyp, türkmen diplomatiýasynyň taryhy barada jikme-jik gürrüň berýän makala “Bitaraplygyň türkmen nusgasy we onuň parahatsöýüjilikli häsiýetiniň taryhy esaslary” diýlip atlandyrylýar. Biziň döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy hem halkymyzyň özüne ýörelge edinip gelen we gelýän milli ýörelgelerinden, halklar arasyndaky dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan, özgelere goýýan belent sarpasyndan we hormatyndan gelip çykýandygy baradaky pikir tutuş makalanyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

ÝHHG-niň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň azatlygy boýunça wekili hanym Dunýa Miýatowiç tarapyndan žurnal üçin ýörite taýýarlanan makala Türkmenistanyň we ÝHHG-niň däp bolan netijeli gatnaşyklaryny pugtalandyrmak meselelerine bagyşlandy. Awtor habar beriş serişdeleriniň milli ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatyna oňyn baha berip, netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-du üstünlikli giňeldiljekdigine ynam bildirýär.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hasan Abdulla Al-Adabyň iki halklaryň köp asyrlyk taryhy, medeni we ruhy umumylygyna esaslanan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan makalasy hem okyjylara hödürlenýär. Diplomat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän “açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlygy syýasatynyň ähmiýetine aýratyn üns berýär. Şol syýasat netijesinde Türkmenistanda netijeli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak we ilkinji nobatda, amatly maýa goýum ýagdaýy üçin göwnejaý şertler döredildi.

“Ylym we durnukly ösüş” hem-de “Ekologiýa hukugy we halkara gatnaşyklary” atly makalalarda täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna degişli mesele öz beýanyny tapdy.

“Diplomatik durmuşyň senenamasy” diýen rubrika bilen 2011-nji ýylyň soňky çärýeginde bolup geçen halkara derejesindäki möhüm wakalara gysgaça syn berilýär, şol wakalaryň hatarynda biziň ýurdumyzda hem, onuň çäklerinden daşarda hem bolup geçen wekilçilikli maslahatlar, dürli derejelerdäki duşuşyklar we gepleşikler, daşary işler ministrlikleri derejesinde maslahatlaşmalar bar.