Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň wezipesine girişmek dabarasyna gatnaşmak üçin ýakynda türkmen paýtagtyna gelen Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk boldy. Wekiliýete HHR-iň Başlygynyň Ýörite wekili, Hytaýyň halk wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygynyň orunbasary jenap Çžou Tenun ýolbaşçylyk edýär.
Soňky ýyllarda täze mazmuny we ýokary depgini alan däp bolan dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklaryny giňeltmegiň meseleleri gyzyklanyp pikir alyşmagyň meselesi boldy. Myhmanlaryň belleýşi ýaly, Hytaýda häzirki zaman türkmen döwletiniň ösüşi üns berip synlanylýar, şol ýerde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda uly möçberli özgertmeler maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär, bu bolsa giň bäsdeşlik esasynda geçirilen saýlawlarda milletiň Lideriniň üstünlik gazanmagynyň we Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagynyň girewi boldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň oňyn hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2011-nji ýylyň noýabrynda Hytaýa döwlet saparynyň barşynda iki ýurduň Liderleri bilen ylalaşylan mundan beýläkki özara hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek baradaky pikiri aýtdylar.
Iki ýurduň we halklaryň arasynda däp bolan dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň aýrylmaz şerti bolup çykyş edýän has ýakyndan parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak duşuşygyň aýratyn meselesi boldy.