Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň mejlisler jaýynda ýurdumyzyň Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan dabaraly ýygnak boldy.
Oňa Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, beýleki käbir pudak edaralarynyň, şeýle hem habar beriş serişdelerini wekilleri gatnaşdydlar.
Ýygnagyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli iberen Gutlagy okaldy.
Döwlet Baştutany öz Gutlagynda döwletimiziň daşary syýasy garaýyşlarynyň, aýratyn hem, ählumumy we sebit meselelerini diňe parahatçylykyly we syýasy –diplomatik ýollary arkaly çözmek baradaky ýörelgeleriniň häzirki dünýäniň adadançylygyna we howpsuzlygyna, ýurtlaryň we halklaryň hoşniýetli gatnaşyklaryna, medeniýetleriň özara ýakynlaşmagyna we baýlaşmagyna gönükdirildendigini belledi. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek we tagallalary birleşdirmek baradaky wezipeler we ýetilmeli sepgitler diplomatik gullugyň mydama kämilleşdirilmegini talap edýär. Türkmen diplomatiýasy ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady çäklerde, ilkinji nobatda, dünýä we sebit ykdysady ösüşi, energiýa howpsuzlygy, şeýle hem häzirki zamanyň wehimleriniň öňüni almak we howplara garşy göreşmek boýunça halkara hyzmatdaşlygynda eýeleýän ähmiýetli ornuny has hem berkitmelidir.
Şu gün DIM-de geçirilen ýygnagyň gün tertibine bu wezipeleri üstünlikli çözmek bilen bagly meseleler girizildi, şonda Türkmenistanyň köp ugurly diplomatiýasyny ösdürmegiň has möhüm ähmiýetli jähetleri, iri halkara guramalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropa Bileleşigi we beýleki abraýly halkara düzümleri bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem ýakyn geljekdäki hereketleriň, hususan-da, şu ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerindäki işiniň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýewropanyň ykdysady topary tarapyndan işlenip düzülen BMG-niň ýörite maksatnamasynda bellenilen çärelere, 2013-2015-nji ýyllarda Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş boýunça geňeşiniň agzalygyna goşulmagyna degişli işlere garaldy.
Çykyşlarda Türkmenistanyň daşary syýasy gatnaşyklarynyň we dürli taraplaýyn döwletara gatnaşyklarynyň ýagdaýyna baha berildi. Türkmenistanyň ykdysady taýdan uly kuwwata, baý taryha we medeniýete eýe bolup, ýolbaşçylygyň güýçli syýasy erki bilen, häzirki wagtda köp taraplaýyn gatnaşyklara, ählumumy wajyp meseleleriň çözgütleriniň işlenip taýýarlanmagyna işjeň gatnaşýandygy nygtaldy.
Halkyň we döwletiň jebisliginiň, jemgyýetiň agzybirliginiň türkmen Lideriniň sebitde durnukly ýagdaýyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna häzirki döwürdäki wehimlere garşy durulmagyna, ykdysady we energetika bilen bagly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, ylmy we medeni gatnaşyklaryň giňeldilmegine, söwda we maýa goýumlaryna degişli işler üçin oňaýly şertleriň döredilmegine gönükdirilen daşary syýasatynyň üstünlige getirmeginiň esasy şerti bolup durýandygy aýratyn bellenildi. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan dürli ugurlarda, adamlaryň ýaşaýşynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagynda, ýurdumyzda bazar ykdysadyýetiniň ýola goýulmagynda öňegidişligi gazanandygy hem-de munuň ýurdumyzyň halkara derejesindäki at-abraýynyň artmagyna ýardam berendigi, türkmen döwletiniň dünýä bileleşiginiň agzalary, ilkinji nobatda bolsa, ýakyn goňşulary we sebitdäki ýurtlar, beýleki yklymlardan gyzyklanma bildirýän taraplar bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edilemgine oňyn täsirini ýetirendigi nygtaldy.
Soňky ýyllarda daşary syýasata degişli uly möçberli çäreler Türkmenistanyň milli wezipeleri berjaý etmek we yzygiderli ösüş gazanmak üçin daşary syýasatyň usullaryndan dogry we ynamly peýdalanýandygyny tassyklady.
Ýygnagyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, şonda milletiň Liderine Türkmenistanyň daşary syýasat boýunça oýlanyşykly, ylmy taýdan düýpli esaslandyrylan strategiýasynyň işlenip düzülendigi üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar we öz öňlerinde goýlan wezipeleri berjaý etmek hem-de halkara gatnaşyklarynda ýurdumyzyň parahatçylygy söýüjilikli ugruny göwnejaý derejede ýöretmek, döwlet Baştutanymyzyň ählumumy durnukly we howpsuz ösüşiň we netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gönükdirilen oňyn başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin öz tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.