Şu gün Sergi köşginde Türkmenistanyň Söwda- senagat edarasynyň guramagynda Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň VI ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady.
Dostlukly goňşy döwletiň ykdysady gazananlarynyň gözden geçirilişine gatnaşmak üçin Eýran Yslam Respublikasynyň elektrotehniki abzallary, dürli tehnikany, gurluşyk we timarlaýyş materiallaryny, plastikden we polimerlerden öndürilen önümleri, nebitgaz toplumy üçin turba önümlerini, şeýle hem halkyň sarp edýän harytlary bolan mebelleri, aýakgaplary, azyk we ýeňil senagat, durmuş himiýasy önümlerini öndürýän we eksport edýän kompaniýalarynyň ellä golaýynyň wekilleri türkmen paýtagtyna geldiler.
Serginiň işine gatnaşýan eýran kompaniýalary öz pudaklarynda öňdäki orunlary eýeleýärler we olar Eýran Yslam Respublikasynyň iri senagat merkezlerine wekilçilik edýärler. Olaryň arasynda Türkmenistan bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk edip, geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny eýelän kompaniýalar hem bar. Türkmen bazaryna bolsa daşary ýurtly işewürleriň wekilleriniň gyzyklanmasy hemişe uludyr.
Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň we missiýalarynyň baştutanlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, köp sanly aşgabatlylar we türkmen paýtagtynyň myhmanlary gatnaşdylar. Sergä gatnaşyjylary we hormatly myhmanlary Türkmenistanyň sungat ussatlary dürli öwüşginli çykyşlary bilen garşyladylar.
Bu ykdysady gözden geçirilişe gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. “Ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan Eýran Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Taraplaryň döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine özara gyzyklanma bildirýändikleri we taýýardyklary, ilkibaşdan ynanyşmak hem-de özara bähbitleri nazara almak ýörelgelerine esaslanýan mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna bitewi çemeleşmäniň işlenip taýýarlanylmagyna ýardam berdi” diýip, türkmen döwletiniň Baştutany öz Gutlagynda nygtaýar.
Eýran işewürleriniň wekilleri öz gezeginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy
ösdürmegi täze derejä çykarmaga ýardam etjek bu iri çäräni geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdylar. Ýygnananlar özara hormat goýmak we ynanyşmak esasynda guralýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ösüşine ýokary baha berdiler.
Serginiň açylyş dabarasynda bu ýere ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlenen Eýran Yslam Respublikasynyň Senagat, magdan we söwda ministriniň birinji orunbasary Masud Mowahadiniň belleýşi ýaly, bu ajaýyp waka iki ýurduň däp bolan köpasyrlyk hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň subutnamasy bolup, Türkmenistanyň we Eýranyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.
Her ýylyň fewral aýynda Aşgabatda geçirmek däbe öwrülen bu sergi iki ýurduň arasyndaky uly depginler bilen barha ösdürilýän ykdysady hyzmatdaşlyga uly itergi bermek bilen, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem giňeltmäge ýardam eder. Eýranyň haryt öndürijileriniň sergisine hemişe bolşy ýaly köp adam gelýär. Olar sergide görkezilýän harytlary synlamak bilen häzirki zaman Eýran döwleti we onuň gazanan üstünlikleri barada giňişleýin düşünje alýarlar.
Sergi köşgüniň birinji gatynda “Eýran hodro Aşgabat” kompaniýasy tarapyndan alyjylara hödürlenýän ýeňil awtomobilleriň dürli kysymlary goýlupdyr. Olaryň käbirleri bolsa türkmen bazarynda ilkinji gezek görkezilýär. Sergi köşgüniň ikinji gatynda gurluşyk senagaty, suw hojalygy hem-de jaýlaryň içki timarlaýyş işleri we beýlekil işler üçin niýetlenen dürli önümler görkezilýän bölümleriň onlarçasy ýerleşdirilipdir. Bu ýerde demir turbalar, dürli ölçegdäki we görnüşdäki gapylar, gurluşyk materiallary, kabeller we elektrik geçirijiler görkezilýär.
Hemişe bolşy ýaly, Eýranyň harytlarynyň sergisinde aýdyň we köp öwüşginli eýran halylary, gobelenler, öý hojalygynda ulanylýan milli esbaplary, şeýle hem gadymy goňşy halkyň baý taryhy we özboluşly sungaty hakynda giň düşünje almaga ýardam edýän beýleki harytlar bar. Bu ýerde Demirgazyk Horasanyň çeper senetçilik ussatlarynyň önümleri goýlan bölümler hem bar.
Sergä gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan oňyn daşary syýasaty, Türkmenistanda maýa goýum taslamalary, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň, şol sanda eýran işewürleriniň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryny özgertmegiň giň gerimli maksatnamasyny amala aşyrmaga gatnaşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi netijesinde türkmen-eýran söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçilikleri bar. Pudaklarda häzirki wagtda döwrebap materiallary ulanylýar hem-de soňky ylmy gazanylanlaryň esasynda döredilen energiýa tygşytlaýjy we ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalar ornaşdyrylýar.
Ertir sergi öz işini dowam eder.