Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary bolan döwletleriň hataryna girmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanylan “Türkmenistan—Birleşen Milletler Guramasy: hyzmatdaşlyga 20 ýyl” atly halkara maslahaty boldy. Daşary işler ministrliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata Aşgabatda resmi taýdan bellenilen diplomatiki korpusyň baştutanlary, BMG-niň iri agentlikleriniň hem-de beýleki halkara guramalarynyň ýöriteleşdirilen birlikleriniň ýerli edaralarynyň ýolbaşçylary, olaryň gönüden-göni hyzmatdaşlary bolan biziň ýurdumyzyň esasy ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň žurnalistleri gatnaşdylar.
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler, şol gutlagda döwlet Baştutany Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn orun berilýändigini nygtady.
“Türkmenistan parahatçylygy gorap saklamak we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça giňişleýin gepleşikleri geçirmek, ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamak we iri sebit taslamalaryny amala aşyrmak, çuňňur ynsanperwerlige esaslanýan medeni-gumanitar gatnaşyklary ösdürmek arkaly halkara derejesinde ileri tutulýan meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe sürýän halkara başlangyçlary we teklipleri Milletler Bileleşigi tarapyndan yglan edilen Müňýyllygyň maksatlarynyň çäklerinde dünýäde, şol sanda Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde özara ynanyşmagy, howpsuzlygy, durnuklylygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, ähli döwletleriň we halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmäge niýetlenendir” diýip, türkmen Lideri belledi.
BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun öz ýüzlenmesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we türkmen halkyny Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna kabul edilmeginiň 20 ýyllyk ýubileýi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Hususan-da, onda şu döwürde Türkmenistanyň we BMG-niň egin-egne berip, energetika howpsuzlygy, ulaglar, ekologiýa, neşeleriň ýaýramagyna, terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşmek ýaly möhüm ugurlarda uly iş geçirendigi bellenip geçilýär.
BMG-niň ýolbaşçysy Birleşen Milletler Guramasynyň 1995-nji ýylda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini ykrar edendigini ýatladyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Owganystanda ýagdaýy düzgünleşdirmek boýunça öňe sürlen başlangyçlaryň möhümdigini aýratyn nygtady. Munuň özi Merkezi Aziýa hem-de Hazarýaka sebitlerinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek işine uly goşant goşdy.
Jenap Pan Gi Mun Birleşen Milletler Guramasynyň Orta Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezininiň Aşgabatda açylmagyna ýardam edendigi üçin milletiň Liderine hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň täze müňýyllykda adamzadyň öňünde goýulýan wezipeleri çözmek boýunça uly üstünlikleri gazanýandygyny nygtady.
Türkmenistanda demokratiýany ösdürmek we raýat jemgyýetiniň işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça uly tagallalar edilýär, şeýle hem döwlet çözgütlerini kabul etmäge gatnaşmak, maglumatlara aralaşmak we onuň açyklygy babatda mümkinçilikler kepillendirilýär diýip, BMG-niň Baş sekretary bellemek bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň halkyň rowaçlyga we maddy-hal ýagdaýyny ýokarlandyrmaga çalyşmagynda mundan beýläk-de goldaw berjekdigini aýtdy.
Soňra maslahatda edilen çykyşlarda 20 ýyl mundan öň abraýly halkara guramasy bolan BMG-niň doly hukukly agzasy bolan, ýer ýüzünde parahatçylygy hem-de abadançylygy gazanmagy öz esasy maksady diýip jar eden Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy tapgyrlary hem-de ony durmuşa geçirmegiň jemleri häsiýetlendirildi.
Türkmenistan 1995-nji ýylda Milletler Bileleşigi tarapyndan berlen hemişelik Bitaraplyk derejesine daýanyp, döwletara derejesinde hem, abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyk etmek görnüşinde hem gatnaşyklary ösdürmek bilen seçilip alnan ugra gyşarnyksyz eýerýär. BMG bilen hyzmatdaşlygy bu strategiýanyň jedelsiz üstünliginiň mysaly diýip atlandyrmak bolar, şol hyzmatdaşlyga taraplaryň ikisi hem strategiki häsiýet berdi.
Häzirki tapgyrda bu hyzmatdaşlyk täze hile we mazmuna eýe boldy. Soňky birnäçe ýyl Birleşen Milletler Guramasy we onuň esasy düzümleri bilen netijeli gatnaşyklar has-da giňeldi, munuň özi ilkinji nobatda dünýä bileleşiginiň işlerinde Türkmenistanyň işjeň garaýşy, bütin adamzady tolgundyrýan möhüm meseleleri çözmekde anyk ýagdaýda ýardam etmäge çalyşmagy bilen şertlenendir. Soňky wagtlarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň iki gezek 2007-nji we 2009-njy ýyllarda degişlilikde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 62-nji we 64-nji maslahatlarynda wise-başlyklyga saýlanmagy hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.
Deňi-taýy bolmadyk, özüni Milletler Bileleşiginiň sebitdäki ygtybarly daýanjy hökmünde görkezen düzüm bolan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň 2007-nji ýylda Aşgabatda açylmagy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda möhüm ähmiýetli wakadyr.
BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany Miroslaw Ýença öz çykyşynda häzirki wagtda merkeziň sebitleýin meselelere gözegçilik etmek we ony seljermek boýunça işjeň iş alyp barýandygy, Merkezi Aziýany ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça dürli çärelere gatnaşýandygyny belledi.
BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili Türkmenistanyň diplomatiki işine, dünýäniň beýleki döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygynyň derejesine ýokary baha berip, häzirki wagtda Milletler Bileleşigi tarapyndan öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny ösdürmäge we agzalalyklary ýeňip geçmekde we häzirki döwrüň çylşyrymly meselelerini çözmekde araçyllyk etmäge aýratyn üns berýändigini nygtady.
Mysal üçin, Merkezi Aziýa giňişliginde durnuklylygy berkitmäge hem-de netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjek BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda suw – energetika meselesi, ählumumy ýaragsyzlanmak, Owganystandaky ýagdaýy syýasy taýdan düzgünleşdirmek, halkara terrorçylygyna garşy hereket etmek, Aral deňziniň basseýninde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak we başga meseleler bar.
Bu babatda, hususan-da, BMG-niň Merkezi Aziýada global terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we beýleki döwletleriň geçen ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda türkmen paýtagtynda bolan ýokary derejedäki halkara duşuşygynyň möhümdigi bellenildi, bir bitewi çemeleşmegiň we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň esasynda terrorçylyk wehimine garşy hereket etmek boýunça anyk çäreleri bellän Aşgabat jemleýji jarnamasy we bilelikde hereket etmegiň meýilnamasy onuň esasy jemleri boldy.
Giň syýasy gatnaşyklar üçin ygtybarly esasy kemala getirmäge işjeň gatnaşmak bilen, Bitarap Türkmenistan ýaragsyzlanmak meseleleri boýunça Merkezi Aziýanyň we Hazar sebiti döwletleriniň Halkara maslahatynyň başyny başlady, ol 2010-njy ýylyň tomsunda Aşgabatda BMG-niň howandarlygy astynda geçirildi. Biziň ýurdumyzyň Aşgabatda Merkezi Aziýada we Hazar deňziniň sebitinde howpsuzlyk boýunça wekilçilikli maslahaty geçirmek hakyndaky beýleki möhüm başlangyjy hem sebitleýin howpsuzlygyň we durnuklylygyň mäkäm hem-de netijeli ulgamyny döretmäge gönükdirilendir, şol başlangyç bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy maslahatynda çykyş etdi.
Şu gün geçirilen maslahatda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň /ÝUNISEF/, BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň /BMG BÝKM/, BMG-niň neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň /UNODC/ wekilleriniň çykyşlary Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň netijeli gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryna bagyşlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän daşary syýasat ugry umumylykda ykrar edilen parahatçylygy üpjün ediji döwlet hökmünde Türkmenistanyň ýokary halkara abraýyny şertlendirdi diyip, maslahata gatnaşyjylar belläp geçdiler. BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň guramakçylyk maslahatynda biziň ýurdumyzyň bada-bat BMG-niň abraýly guramalarynyň üçüsiniň—BMG-niň 2012-2015-nji ýyllara çenli döwür üçin ilat we ösüş boýunça toparynyň, BMG-niň 2012-2015-nji ýyllar döwri üçin neşe serişdeleri boýunça toparynyň, şeýle hem BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň düzümine saýlanmagy uzak möhletli geljege niýetlenilen hyzmatdaşlygyň anyk netijesi bolup durýar. Biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky bölüminiň ýanynda açylan Hemişelik wekilhanasynyň işi Türkmenistanyň we BMG-niň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan maksatlaryna hyzmat edýär.
Türkmenistan BMG-niň birnäçe möhüm konwensiýalaryna goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge gyşarnyksyz eýerýär. Türkmenistan halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny saklamagyň hem-de pugtalandyrmagyň, dünýäniň ähli döwletleriniň arasynda oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy kepillendirmesi hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň abraýyny hem-de esasy ornuny gürrüňsiz suratda ykrar etmek bilen özüniň parahatçylygy üpjün ediji we döredijilik mümkinçiliklerini BMG-niň jar eden Müňýyllygyň maksatlaryny gazanmaga gönükdirmäge taýýardygyny yzygiderli görkezýär.
Türkmen Lideri tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden öňe sürlen başlangyçlar bu ugurda anyk çäreler bolup durýar. Bu babatda giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen, ähli ýurtlaryň we halklaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlar bilen çykyş edip, Türkmenistanyň olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça täsirli çäreleri görýändigini ngytamak möhümdir.
Mysal üçin, giň möçberde abadançylygyň we ösüşiň möhüm şerti hökmünde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek häzirki döwrüň has möhüm meseleleriniň biri bolup durýar. Dünýäniň energetika döwleti bolmak bilen, ägirt uly ýangyç kuwwatyna eýe bolup, Türkmenistan şol mümkinçilikleri tutuş adamzadyň gullugynda goýmaga çalyşýar. Energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, täze, köp ugurly turbageçiriji düzümleri kemala getirmek hem-de ýangyç-energetika toplumy ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda onuň başyny başlan taslamalary şuňa gönükdirilendir.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2008-nji ýylda kabul edilen BMG-niň "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakynda Rezolýusiýasy bu babatda ähmiýetli waka boldy, 2009-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda bolan, energetika meselesine bagyşlanylan halkara maslahaty ony iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň usulyny kesgitledi. Türkmen tarapynyň Merkezi we Günorta Aziýa döwletleriniň, Hazar, Gara deňiz we Baltika deňzi sebitleriniň, Russiýanyň, Hytaýyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň, gyzyklanýan ähli döwletleriň, kompaniýalaryň, halkara maliýe edaralarynyň gatnaşmagy bilen bir bitewi, toplumlaýyn we sazlaşykly strategiýany, derwaýys durmuş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli hukuk usullaryny kemala getirmek üçin BMG-niň howandarlygynda Sebitara energetika maslahatyny döretmek hakyndaky soňky teklibi onuň dowamy boldy.
Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meseleleri babatda ileri tutulýan garaýyşlarynda parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, Owganystanyň üstünlikli durmuş-ykdysady ösüşi üçin zerur şertleri döretmek meselesi aýratyn ýüze çykýar. Hususan-da, Türkmenistan Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Owganystanda ynanyşmak we ylalaşyk çärelerini pugtalandyrmak hem-de döwlet häkimiýetiniň edaralaryny ösdürmek boýunça ýokary derejedäki halkara duşuşygyny geçirmegi teklip edýär we şol maslahaty taýýarlamak we onuň işi üçin öz syýasy giňişligini we ähli zerur guramaçylyk-tehniki şertleri hödürlemäge taýýardygyny beýan edýär. Mundan başga hem Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, öz günorta goňşusyna, şol sanda BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasynyň /SPEKA/ çäklerinde uly ykdysady goldaw berýär, şol maksatnamanyň başlyklygyna biziň ýurdumyz eýýäm bassyr ikinji ýyl gaýtadan saýlanylýar.
Eger Türkmenistanyň beýleki başlangyçlary hakynda söz açylsa, olar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy onuň ileri tutulýan ugurlarynda mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir. Olaryň biri gumanitar ulgamdyr. Bu babatda, mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz esasy ýörelgeleri we edaralary birleşdirýän BMG-niň adam hukuklary babatda ählumumy jarnamasy bilen berkidilen adamyň, milletleriň, halkyýetleriň hukuklaryny üpjün etmäge hem-de goramaga gönükdirilen gumanitar hukugy ulgamynda öz halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýän döwlet hökmünde görkezdi. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, mälim bolşy ýaly, esasy konwensiýalaryň we halkara-hukuk resminamalarynyň 120-den gowragyna goşuldy, olaryň köpüsi häzirki döwrüň möhüm gummanitar meseleleri bilen baglanyşyklydyr.
Türkmenistan döwletiň we jemgyýetiň durmuşynda demokratik başlangyçlary yzygiderli giňeldip hem-de çuňlaşdyryp, wekilçilikli halkara guramalary bilen we ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Biziň ýurdumyz Çaganyň hukuklary hakynda konwensiýany tassyklap, çagalaryň hukuklaryny goramak, öz ýaş raýatlarynyň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertelri döretmek meselelerini çözmekde örän jogapkärli çemeleşýändigini bütin dünýä görkezip, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär, ýaş raýatlaryň abadançylygy bolsa Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.
Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça halkara konwensiýalarynyň we jarnamalarynyň düýpli düzgünleriniň ählisiniň diýen ýaly, şol sanda çagalaryň hukuklaryna degişli düzgünleri özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy, çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini hem-de beden we ruhy taýdan ösüşini üpjün etmegiň, milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda raýat düşünjesini kemala getirmegiň toplumlaýyn ulgamyny göz öňünde tutýan “Çaga hukuklarynyň kepillendirmeleri hakyndaky” Kanun, çaga zähmetiniň meselelerini düzgünleşdirýän “Ýaşlaryň zähmet hukuklarynyň kepillendirmeleri hakyndaky”, “Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak we wagyz etmek hem-de çaga iýmitiniň önümlerine bildirilýän talaplar hakyndaky” Kanunlar, şeýle hem beýleki kadalaşdyryjy namalar bu hereketleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bolup hyzmat edýär.
Çagalar hakyndaky alada türkmenistanlylaryň saglygyny goramaga, bilim almaga, durmuş taýdan goramaga, durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen türkmen döwletiniň uly möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalarynda hem öz beýanyny tapýar. 2011-nji ýylyň maýynda “2011-2015-nji ýyllar üçin çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň milli maksatnamasy” tassyklanyldy. Bu resminama kiçi ýaşdan başlap, çaganyň beden, intellektual we ruhy ösüşini kemala getirmäge, şeýle hem asyrlardan bäri dowam edip gelýän milli däplere we umumadamzat gymmatlyklaryna daýanmak bilen, çagalary terbiýelemäge gönükdirilendir.
Eýýäm bellenip geçilşi ýaly, BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen, Türkmenistan, BOSGUNLARYŇ, şeýle hem apatridleriň hukuklaryny üpjün etmek we goramak ulgamynda halkara tagallalaryny jebisleşdirmegiň işjeň tarapdary bolup durýar. Soňky ýyllarda Türkmenistan ykbalyň emri bilen öz Watanyndan jyda düşen we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Permanlaryna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlygyny alan köp adamlar üçin Türkmenistanyň ikinji öý bolandygyny aýtmak artykmaçlyk etmez. Türkmen Lideriniň 2012-nji ýylda Aşgabatda raýatlygy ýok adamlara degişli meseleleri çözmek babatda tejribe alyşmak boýunça halkara maslahatyny geçirmek hakyndaky başlangyjy BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň ýokary bahasyna we goldawyna eýe boldy.
Neşe we psihotrop maddalarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça BMG tarapyndan 1961-nji, 1971-nji we 1988-nji ýyllarda kabul edilen halkara Konwensiýalaryna işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, Türkmenistan neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy ýaly adamzadyň global meselelerine garşy göreş alyp barmaga işjeň gatnaşýar.
Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça Birleşen Milletler Guramasy (UNESKO) bilen arkalaşykly hereket etmek hem Türkmenistanyň BMG bilen gatnaşyklarynda möhüm orny eýeleýär, BMG-niň bu iri düzümi bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär. 1993-nji ýyldan bäri biziň ýurdumyz onuň doly hukukly agzasy bolup durýar. Şonda milli bilim ulgamyny we ylmy pudagy kämilleşdirmäge, milletimiziň baý taryhy – medeni mirasyny hem-de türkmen topragynyň özboluşly tebigy desgalaryny gorap saklamaga, şeýle hem halkara medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.
Ekologiýa ulgamy we daşky gurşawy goramak Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Biziň ýurdumyz ekologiýa howpsuzlygy meseleleri boýunça BMG-niň birnäçe konwensiýalaryna gatnaşyjy bolmak bilen, bu häsiýetdäki meselelerde işjeň garaýşy görkezýär. Türkmenistan bu babatda ekologiýa meselelerine çynlakaý üns bermek bilen, hususan-da, Aralyň meselelerini çözmäge, Hazar deňziniň sebitinde daşky gurşawy goramaga we gadymy Hazaryň özboluşly ekologiýa ulgamyny gorap saklamaga degişli başlangyçlaryň binäçesiniň awtorydyr.
BMG-niň gün tertibiniň beýleki möhüm meselesi bolan howanyň üýtgemeginiň zyýanly netijeleri bolan gurakçylygy, suw joşmalaryny we beýleki tebigy hadysalary ýiti duýýan bütindünýä Guramasynyň köp agzalary üçin örän wajyp meseledir. Häzirki wagtda howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýany işläp taýýarlaýan Türkmenistan ýörite düzüm bolan BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkezini döretmegi teklip edýär hem-de Aşgabatda onuň işlemegi üçin ähli zerur düzümleri hödürlemäge taýýardyr.
Soňky ýyllarda BMG-niň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti (DESW), BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşi (EKOSOS), BMG-niň Aziýa – Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary üçin Ykdysady we Durmuş topary (ESKATO), BMG-niň Ýewropa Ykdysady topary (ÝYT) Birleşen Milletler Guramasynyň söwda we ösüş boýunça konferensiýasy (ÝNKTAD) we başgalar ýaly iri halkara guramalar bilen gatnaşyklar düýpli işjeňleşdi.
Şeýlelikde, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik nukdaýnazaryndan Türkmenistan häzirki döwrüň möhüm meselelerine çuňňur oýlanyykly, sazlaşykly çemeleşmäni görkezip hem-de olary çözmegiň amatly ýollaryny işläp taýýarlamak boýunça yzygiderli çäreleri görüp, sebitleýin we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmegiň hatyrasyna oňyn halkara gatnaşyklaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar.
Türkmenistan bilen Milletleriň Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyklar onuň ähli ugurlary boýunça däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge özara düşünişmek we ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirmek ýagdaýynda ösýär. Munuň özi BMG-niň ösüş maksatnamasynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda şu gün maslahatda gol çekilen Ähtnamada hem öz beýanyny tapdy.
Bu resminama, hususan-da, maslahatlaşma geňeşini döretmegi göz öňünde tutýar, onuň düzümine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň we Maliýe ministrliginiň, şeýle hem BMG-niň ösüş maksatnamasynyň wekilleri girer. Geňeşiň esasy wezipesi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny we anyk taslamalaryny kesgitlemek, onuň netijelerine baha bermek bolup durýar.
Maslahat tamamlanandan soň oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, şonda Türkmenistanyň BMG bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklarynyň geljekde hem mynasyp dowam etdirilijekdigine ynam bildirdiler.