Ï Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýetiniň sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýetiniň sapary

view-icon 620
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde HHR-ň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň halkara bölüminiň Ýewraziýa ýurtlary müdirliginiň direktorynyň orunbasary jenap Sýan Naýçeniň ýolbaşçylygynda ýakynda türkmen paýtagtyna gelen Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi.

Hytaý wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň uzakdan görüji syýasaty netijesinde halkara hyzmatdaşlygynyň giňden ösdürilmegine esasy üns bermek bilen, soňky ýyllarda diňe bir milli taslamalar däl, umumy sebitara bähbitli bilelikdäki taslamalar bilen üsti ýetirilen türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ýokary hilli täze derejelere çykandygyny bellediler. Olaryň hatarynda dünýä boýunça iň uzak aralyga uzap gidýän, “asyryň taslamasy” adyny alan, 2009-njy ýylyň dekabr aýynda işe girizilen Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini görkezmek bolar.

Duşuşygyň dowamynda däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we gelejegi barada özara gyzyklandyran pikir alyşmalar boldy. Türkmenistan-Hytaý gatnaşyklarynyň syýasatda, ykdysadyýetde, ylmy-tehniki, medeni we beýleki ugurlarda ösýändigini bellemek bilen, duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň hemme ugurlarda, şol sanda energetika howupsyzlygyny, ösüşiň durnuklylygyny üpjin etmek boýunça meselelerde-de özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge ikitaraplaýyn ymtylyşy tassykladylar.

Myhmanlar türkmen paýtagtynda bolmaklarynyň dowamynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşinde, şeýle-de Türkmenistanyň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynda duşuşyklar geçirdiler. Olar bu institutda bolanlarynda netijeli özara gatnaşyklary ösdürmegiň, şol sanda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň gelejegi barada pikir alyşdylar.

Hormatly myhmanlar Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Baş milli muzeýe we Türkmen halysynyň muzeýine baryp görerler, Türkmenistanyň medeni-taryhyna degişli gözel ýerleri bilen tanşarlar.