Sungat ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini şöhlelendirýär
Şu gün türkmen paýtagtynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu bilelikdäki çäre Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň biziň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi tarapyndan guraldy. Açylyş dabarasyna Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet we yslam ugry boýunça ministri jenap Seýed Mohammad Hoseýni gatnaşdy, ol düýn öz ýurdunyň döredijilik işgärleriniň toparyna ýolbaşçylyk edip Aşgabada geldi.
Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky medeni we ylmy gatnaşyklar has-da işjeňleşdi, türkmen we eýran halklarynyň sungaty, aýdym-sazy we filosofik-edebi mirasy bilen tanyşdyrýan sergiler we sungat ussatlarynyň çykyşlary, halkara maslahatlar guralýar. Geçen ýylda Türkmenistanyň Eýranyň Gülüstan welaýatynda üstünlikli geçirilen Medeniýet günleri munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky şu Medeniýet günleri doganlyk iki ýurduň göwnaçyk we ynamly gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak, ony döwrüň we ösüşe esaslanýan özgertmeleriň ruhuna görä täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak ugrunda tagalla edýändigini aýdyň görkezýär.
Eýranyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynyň Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilmegi ýöne ýerden däldir, çünki hut dörediji ýaşlar, şu günki talyplar--geljekki medeniýet we sungat işgärleri ruhy taýdan birek-biregi baýlaşdyrmagyň biziň ata-babalarymyz, görnükli alymlar, akyldarlar, şahyrlar tarapyndan düýbi tutulan ajaýyp ýörelgelerini dowam etdirmelidirler.
Bu ýere Türkmenistanyň Medeniýet minsitrliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, bu ýokary okuw mekdebiň mugallymlary we talyplary ýygnandylar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Medeniýet günlerine gatnaşyjylara we myhmanlara iberen Gutlag hatyny üns berip diňlediler. Şonda döwlet Baştutanyny Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda geçirilýän Medeniýet günleri gumanitar gatnaşyklaryň ösdürilmegine, milli gymmatlyklaryň we iki goňşy ýurduň halklarynyň özboluşly medeniýetiniň hem-de sungatynyň giňden wagyz edilmegine mynasyp goşantdyr diýip belledi.
Açylyş dabarasynda Eýran Yslam Respublaksynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Seýed Mohammad Musa Haşemi Golpaýegani çykyş edip, Aşgabatda Eýranyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde täze sahypany açyp, birek-biregiň medeni gymmatlyklary bilen has içgin tanyşdyrmaga ýardam berjekdigini belledi. Onuň sözlerine görä, umumy medeni-taryhy kökler, hoşniýetli goňşuçylyga mahsus ýörelgeler biziň halklarymyzy ruhy taýdan ýakynlaşdyrmak bilen çäklenmän, iki ýurduň işewür gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berer, şol gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri bolsa, biziň sungatymyz we medeniýetimiz ýaly çäksizdir.
Eýran Yslam Respublikasynyň medeniýet we yslam ugry boýunça ministri jenap Seýed Mohammad Hoseýni öz çykyşynda Eýranyň Türkmenistan bilen bilelikde medeni çäreleriň geçirilmegine, sungat we kinematografiýa boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegine, muzeýleriň, kitaphanalaryň, çeperçilik toparlarynyň, medeniýet ulgamyna degişli okuw we ylmy edaralaryň arasynda gös-göni hyzmatdaşlygyň amala aşyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigini belledi. Ministr Eýranyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň guralyşyna ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa göwnejaý şertleriň döredilendigi we bilelikdäki döredijilik başlangyçlaryna we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine goldaw berýändigi, medeniýet boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşandy üçin hoşallyk sözlerini aýtdy.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň giň Sergi zalynda Eýranyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisi açyldy, çäre eýranly sazandalaryň we bagşylaryň çykyşlary bilen başlandy, şol çykyşlar dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.
Sergidäki gymmatlyklaryň toplumy häzirki zaman eýran suratkeşligi, miniatýura, çeperçilik hatdatlygy we basma, heýkeltaraşlyk, keramika, halyçylyk we zergärçilik sungaty bilen bagly işlerden ybaratdyr. Serginiň uly bölüminde dürli görnüşdäki, haýran galdyrýan nagyşlar we kümüşden ýasalan şaý-sepler bilen bezelen milli lybaslar, meşhur pars halylyary we milli senetlere degişli beýleki işler görkezilýär.
Suratkeşleriň erkin döredijilik gözlegleri netijesinde, kämillik derejesine ýetirilen ajaýyp işleriň ýüzlerçesi bu ýurduň häzirki döwürdäki sungatyň ösüşine mahsus bolan esasy ýörelgelerini görkezip, ugurlaryň we temalaryň dürli görnüşde bolmagy hem-de adaty žanrlaryň esaslarynyň batyrgaýlyk we özboluşly görnüşde beýan edilmegi bilen haýran galdyrýar. Eserlerde beýan edilýän ynsanperwerlige mahsus oý-pikirler, estetiki ýörelgeleriň nesilden-nesle geçmegi we täzeçillik, häzirki döwürdäki ýörelgeleriň we baý çeperçilik mirasynyň utgaşdyrylmagy ýurduň medeni durmuşynyň ruhy taýdan baýdygyna, onuň netijeli hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandygyna aýdyň we täsirli görnüşde şaýatlyk edýär.
Eýranyň belli hatdatlarynyň işleri täsin galdyrýar, galyberse-de, olaryň eserleriniň agramly bölegi dostlugyň gymmatlygy, ebedi başlangyçlar we hakykat barada Gündogaryň beýik nusgawy şahyrlary tarapyndan döredilen ajaýyp goşgy setirlerinden ybaratdyr. Şeýle goşgular—suratlar syn eden adamyň kalbynda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar, şolarda beýan edilýän oý-pikirler adamyň kalbynyň, dünýäniň sazlaşygynyň we gözelliginiň waspy terjime edilmese-de, düşnükli bolýar. Sergide görkezilen zatlaryň köpüsi özboluşly öwüşginliligi bilen täsin galdyrýar, bularyň arasynda gazma usuly bilen bezelen önümler, surat çekilen gap-çanaklar, basma usulynda ýasalan önümler we beýlekiler bar. Türkmenistanlylary halylar bilen geň galdyrmak kyn düşse-de, olar Gündogaryň gadymy ertekilerinde wasp edilýän gözelligi ýatladýar.
Elbetde, bular Eýranyň halkynyň baý medeni mirasynyň diňe bir bölegidir, bu miras müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýar. Sergide şol täsin sungat eserleriniň döredilişini synlamak bolýar – çeper dokmaçylyk, bezegler, hatdatçylyk, gazma usuly arkaly agajy bezemek boýunça ussatlar bu ýere gelenleriň gözüniň alnynda öz başarnyklaryny görkezip, endiganlygy we nepis şekilleriň täsirliligini özünde jemleýän keşpleri döredýärler.
Şeýle hem zalda Eýranyň esasy taryhy we häzirki zaman ýadygärliklerine, bu ýurduň dürli ugurlar boýunça gazananlaryna degişli täsirli fotoekspozisiýa guraldy. Märekä görkezilen köp sanly kitaplarda, albom we žurnal görnüşindäki neşirlerde bu ýurduň medeniýeti, däp-dessurlary we häzirki durmuşy beýan edilýär.
Sergi 7-nji marta çenli dowam eder.
Ertir Eýranyň Medeniýet günleriniň çäklerinde “Watan” kinokonsert merkezinde Türkmenistanyň sungat ussatlary bilen bilelikdäki konsert geçiriler. Şeýle hem “Türkmenistan ” kinokonsert merkezinde Eýranyň häzirki zaman kinosy görkeziler.
Eýranyň Medeniýet günleriniň çäklerinde dürli döredijilik duşuşyklary we tälim beriş sapaklary guralar, muhmanlar muzeýlere bararlar we paýtagtymyzyň gözel künjeklerini synlarlar.