Hytaýda neşir edilýän “At çapyşygynyň sungaty” atly žurnalyň sahypalarynda žurnalist Szýan Wentaonyň “Ahalteke bedewi baradaky hekaýatlar” atly makalasy çap edildi. Awtor bu mesele bilen köp ýyllap meşgullanyp, geçen ýyl Türkmenistanda boldy hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen we ýolbaşçylygynda geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň I mejlisine gatnaşdy.
Hytaýly žurnalist öz makalasynda bu sapar we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň I mejlisinde türkmen Lideri bilen bolan unudylmaz duşuşyk hakynda özünde galan ajaýyp täsirleri okyjylar bilen paýlaşýar. Türkmenistanda hem, daşary ýurtlarda hem ahalteke atçylygyny ösdürmek işindäki görnükli hyzmatlary üçin ahalteke bedewlerine belet hem-de “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly ähmiýetli kitabyň awtory türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylandygy aýratyn bellenip geçilýär.
Makalada türkmen Lideriniň Aşgabat forumyna gatnaşyjylara ýüzlenip aýdan sözleri mysal getirilýär:
“Behişdi bedewlerimiz dünýäde bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak gymmatlykdyr. Biz milli buýsanjymyza öwrülen, gözelligi bilen haýran edýän tohum atlary ösdürip ýetişdirmek, ata-babalarymyzdan gelýän seýisçilik däprlerimizi dowam edip, ýaş nepsillerimize geçirmek, olarda atçlyyga bolan söýgüni artdyrmak ugrunda geljekde hem alada ederis”.
Szýan Wentao Aşgabadyň etegindäki Ahalteke atçylyk-sport toplumyna baryp görendigi hakynda gürrüň berip, “Türkmenistanyň gujur-gaýratly Prezidentiniň ahalteke bedewinde ýörüş edendigini hem-de at çapmagyň deňsiz-taýsyz sungatyny uly hyjuw bilen görkezendigini” haýran galmak bilen ýazýar.
Makalanyň awtory bu barada söz açyp, türkmenleriň hemişe at çapyşyklaryny örän söýýändigini we muňa atlary taýýarlamaga has çynlakaý çemeleşýändigini ýatladýar. Bu işdäki tejribe aýawlylyk bilen nesilden-nesle geçirilip gelipdir, Ýewropada çapuw atlary taýýarlamagyň usullarynyň hut şöhrat gazanan ahalteke bedewleriniň watany bolan Türkmenistandan aralaşandygy muny subut edýär. Daşary ýurtlarda biziň günlerimizde hem daşary ýurtly hünärmenleriň çynlakaý ünsüni çekip, türkmen seýisleriniň tejribesine örän uly isleg bildirilýär.
Ahalteke bedewiniň aýratyn çemeleşme talap edýändigini hünärmenler belleýärler. Ýöne işine belet we sabyr-takatly tälimçi seýsiň elinde kämilleşen bedew atçylyk sportunyň köp görnüşlerine üstünlikli ulanylýan öz başarnygyny we deňsiz-taýsyz mümkinçiliklerini görkezmäge ukyplydyr. Mysal üçin, ahalteke bedewleriniň çakgan hereketlerinde olaryň deňi-taýy ýokdur, şeýle hem olaryň sazlaşykly beden keşbi eminlerde jedelsiz delil döredýär.
Ahalteke bedewi çapylan wagty hem ajaýypdyr. Ol iň oňat atlaryň öňüni çekip gelýär. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn alada etmegi netijesinde Türkmenistanda ýylyň-ýylyna ajaýyp ahalteke bedewleriniň sany artýar, bütin dünýäde hem bu bedewiň meşhurlygy okgunly artýar. Munuň özi dünýä medeniýetiniň gymmatly baýlygy hökmünde oňa örän aýawly çemeleşmegi talap edýär.
Makalada ahalteke bedewleriniň müňýyllyklara uzap gidýän taryhyna uly orun berilýär. Germaniýanyň, Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň we beýleki ýurtlaryň atlarynyň örän meşhur tohumlarynyň damarlarynda ahalteke bedewleriniň ganynyň bardygyny makalanyň awtory doly derejede delillendirip tassyklaýar, diýmek, olar atlaryň häzirki tohumlarynyň köpüsini ösdürip ýetişdirmek üçin esas bolup hyzmat etdiler. “Häzirki wagtda dünýäde arassa ganly ahalteke bedewleri elýetmez gymmatlykdyr, Türkmenistanda bolsa olar milli hazynadyr ” diýip, awtor belläp geçýär. 2007-nji ýylyň iýulynda Akdaş atly ahalteke bedewi hytaý halkynyň müňýyllyk arzuwyny amala aşyryp, Türkmenistandan Hytaýa gelip düşdi diýip, žurnalist Szýan Wentao ýazýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ajaýyp bedewi biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň we parahatçylygyň nyşany hökmünde Hytaýyň Liderine sowgat berdi.
Akdaşyň nesilbaşynyň marşal Žukowyň 1945-nji ýylda Ýeňiş ýörişine gatnaşan meşhur atyna, şeýle hem 60-njy ýyllarda Olimpiýa oýunlarynyň çempiony bolan ahalteke atyna degişlidigi mälimdir. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sowgat berlen bu aty Hytaýda ajaýyp at diýlip ykrar edilmegi geň däldir. 1996-njy ýylda Akdaş bedewi ikiýaşar mahaly atçapyşygynda bir müň metr aralygy 1 minut 12,4 sekuntda geçdi. Munuň özi örän ýokary tizlikdir we has çydamlylygyň subutnamasydyr. Biziň günlerimizde hem bu ajaýyp bedew dünýäde iň ýyndam we arassa ganly bedew hasaplanylýar.
“Ajaýyp ahalteke bedewleriniň öz watanynda nähili hormatlanýandygynyň we söýülýändiginiň şaýady bolmak mümkinçiligi üçin men Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek isleýärin. Ahalteke bedewi gaýduwsyzlygyň, edermenligiň we hoşniýetliligiň nyşanydyr. Onuň häsiýeti asylly wepalylykdan, daşky keşbi bolsa unudylmaz gözellikden we gelşiklilikden ybaratdyr. Ahalteke bedewi meniň durmuş arzuwym, arzyly bedewim boldy” diýip, Çzýan Wentao makalasynyň ahyrynda ýazýar.