Şu gün BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdiriýetiniň (UNODC) maslahatçysy hanym Kinberli Balkliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň birnäçesinde, şol sanda Türkmenistanyň Mejlisinde we Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Wekiliýet şu günler türkmen paýtagtynda saparda bolýar.
Parlamentde bolan duşuşygyň barşynda myhmanlar Türkmenistanyň durmuş ugurly içeri syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň möçberli ykdysady özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen jemgyýetiniň mundan beýläk-de ösmeginiň hatyrasyna bu özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini kanunçylyk taýdan üpjün etmek üçin ýurdumyzyň Mejlisiniň kanunçylyk işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.
Hanym Kimberli Balkli we onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Mejlisi bilen özara gatnaşyklaryň geljegi barada aýdyp, oňyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaga çalyşýandyklaryny aýtdylar.
Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde bolan duşuşyk mahalynda Türkmenistan bilen UNODC-yň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ugry boýunça, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän bilelikdäki özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz BMG-niň degişli ylalaşyklarynyň we konwensiýalarynyň birnäçesine gatnaşyp, şeýle hem BMG-niň abraýly düzümleriniň köpüsiniň, şol sanda 2012-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça toparynyň agzasy bolmak bilen, bu ulgamda öz üstüne alan halkara borçnamalarynyň ählisini gyşarnyksyz ýerine ýetirýär.
Duşuşykda bütin dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmegi talap edýän esasy meseleler barada durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, UNODC-yň wekili Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen türkmen döwletiniň bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, şeýle hem häzirki zamanyň beýleki howplaryna we wehimlerine garşy ählumumy göreşi işjeňleşdirmäge gönükdirilen ägirt uly tagallalarynyň giňden ykrar edilýändigini belledi.
Pikir alyşmalaryň barşynda duşuşyga gatnaşyjylar bu ulgamda alnyp barylýan bilelikdäki işe oňyn baha berdiler we sebitde hem-de bütin dünýäde howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.
UNODC-yň wekiliýetiniň Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde ýurdumyzyň beýleki degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň başga-da birnäçesinde duşuşyklar geçirildi.