Ï Türkmenistanyň nebitgaz toplumy: dünýä bazarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge tarap alnan ugur
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň nebitgaz toplumy: dünýä bazarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge tarap alnan ugur

view-icon 1680
Şu gün 14-nji martda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde “Türkmenistan-Ýewropa: hyzmatdaşlygyň geljegi” atly iki günlük halkara maslahaty öz işine başlady. Biziň ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň hem-de Söwda-senagat edarasynyň gatnaşmagynda guralan maslahatyň işine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça biziň ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň agzalary, şeýle hem iri halkara guramalarynyň we dünýäniň nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar.

Olaryň hatarynda bütin dünýäde meşhur Eххonmobil, Eni, CNPS, Petronas, Burried, Hill, RWE Dea AG, Wintershall Holding GmbH, Itera kompaniýalarynyň, şeýle hem Ýewropa toparynyň, Energetika Hartiýasynyň, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekilleri bar. Nebitgaz toplumynyň, himiýa senagatynyň hem-de Nebit we gaz institutynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri maslahatda Türkmenistana wekilçilik edýärler.

Maslahatyň işe başlamagyndan öňürti “Türkmenistan—Ýewropa: hyzmatdaşlygyň geljegi” atly halkara maslahatyna gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagy okaldy. Milletiň Lideriniň Gutlagynda şeýle möhüm maslahatyň geçirilmegi nebitgaz serişdeleri boýunça dünýäde öňdebaryjy döwletleriň biri hökmünde ykrar edilen Türkmenistana bolan gyzyklanmanyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar diýlip bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda daşary ýurt maýa goýumlary üçin amatly şertleriniň döredilendigini nygtap, bu Gutlagynda häzirki döwürde türkmen döwletiniň tebigy baýlyklaryň ägirt uly ýataklaryny öz halkynyň maddy-hal ýagdaýyny ýokarlandyrmak üçin netijeli peýdalanmak bilen çäklenmeýändigini, eýsem, olary tutuş adamzadyň bähbitleri üçin peýdalanmaga gönükdirmegi maksat edinýändigini hem belledi.

Maslahatyň birinji gününiň giriş mejlisiniň barşynda oňa gatnaşyjylar ýangyç-çig malyny dünýä bazarlaryna ibermegiň global ulgamyna goşulyşmagyny işjeňleşdirmek boýunça Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň artýan kuwwaty, şeýle hem bu ulgamda maýa goýum mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdylar.

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň baştutanlary bilen köp sanly ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirilýär. Şolaryň barşynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylýar.

Şu maslahatyň biziň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň oňat makroykdysady görkezijilerinde geçýändigini belläp geçmek gerek. Mysal üçin, soňky ýyllarda bolşy ýaly, 2012-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary önümçilik görkezijileriniň ösüşiniň durnukly ýokary depginlerini üpjün edýärler. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda bolan mejlisinde bellenilip geçilişi ýaly, iki aýyň jemleri boýunça tebigy gazy, nebiti we nebit önümlerini, mineral dökünleri hem-de elektrik energiýasyny öndürmek we eksport etmegiň möçberleri artdyryldy.

Nebitgaz pudagynda önümçiligi artdyrmagyň oňyn depgini ähli tapgyrlarda, şol sanda buraw işlerini geçirmekde, ýangyç serişdelerini çykarmakda hem-de daşamakda, şeýle hem olary gaýtadan işlemekde we nebitgazhimiýanyň taýýar önümlerini öndürmekde gazanyldy. Hususan-da, 2011-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda, şu ýylyň ilkinji iki aýynda nebiti we gaz kondensatyny çykarmagyň ösüş depgini 114,6 göterime, gaz çykarmagyň ösüş depgini 119,8 göterime barabar boldy.

Şunda tebigy gazy eksport etmegiň möçberinde aýratyn ösüş göze ilýär, ol 30 göterime golaý artdy. Nebiti we gazy çykarmagy artdyrmagyň depginleri hereket edýän guýulary netijeli ulanmagyň hasabyna hem, täze guýulary burawlamagyň hasabyna hem üpjün edilýär. Hususan-da, ýakynda Lebap welaýatynyň demirgazyk sebitinde, Üňüz aňyrsyndaky Garagumda täze Kerwen gaz-kondensat ýatagy senagat taýdan ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda Üňüz aňyrsyndaky Babarap gaz-kondensat ýatagy hem ulanmaga bermäge taýýarlanylýar—ilkinji işe giriş guýusyny senagat taýdan gurnamak tamamlanyp barýar. Geljekde Kerwende bolşy ýaly, bu ýerde hem beýleki gazly guýular işe giriziler, munuň özi çölüň jümmüşinden tebigy gazyň milliardlarça kub metrini we ýangyç kondensatynyň onlarça müň tonnasyny çykarmaga mümkinçilik berer.

Şeýlelikde, diňe bir gazy sarp edijiler däl, eýsem, Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody hem ýene-de bir çig mal çeşmesini alar, şol ýerde gaz kondensaty gaýtadan işlenip, dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän dury nebit önümleri çykarylýar.

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň çäklerinde ýerleşen Şiringuýy geologiýa düzüminde, “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde tebigy gazyň senagat taýdan kuwwatly senagat akymynyň alynmagyny hem soňky günleriň möhüm wakalarynyň hatarynda bellemek bolar. Deslapky baha görä, guýynyň gory bir gije-gündizde 1,5 million kubmetr “mawy ýangyja” barabardyr. Elbetde, Merkezi Garagumda ýerleşen Mydar ýatagynda nebit gatlagynyň açylmagy hem şu günleriň möhüm täzelikleriniň ýene-de biri boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynda önümçiligi artdyrmagyň oňyn depginini bellemek bilen, milli ykdysadyýetimiziň bu ileri tutulýan pudaklarynda önümçilik görkezijilerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekýär. Şunda döwlet Baştutany önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de iň täze tilsimatlary we ýokary netijeli enjamlary degişli pudaklara ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri çözmegiň aýratyn ähmiýetini nygtaýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynda önümçilik kuwwatyny, ulag düzümini we dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän energiýa serişdeleriniň iberilişini artdyrmaga gönükdirilen iri möçberli taslamalar tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirilýär.

Hususan-da, täze nebit we gaz ýataklaryny agtarmak hem-de özleşdirmek, üsti açylan ýataklary abadanlaşdyrmak hem-de ulanmaga bermek boýunça işler ýokary depginlerde alnyp barylýar. “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň birinji tapgyry bu ugurda amala aşyrylýan iri taslamalaryň biri bolup durýar, şol ýatagyň “mawy ýangyç” gorlary bolsa 26 trillion kub metrden geçýär. Häzirki wagtda bu ýerde ulanyş guýularyny burawlamak, gazy kükürtden arassalamak we eksport derejesine çenli taýýarlamak boýunça enjamlary gurmak, şeýle hem “Şatlyk” basyş stansiýasyna çenli 100 kilometre golaý uzynlygy bolan gaz geçirijini çekmek işleri alnyp barylýar.

Şol basyş stansiýasyndan “Belek” basyş stansiýasyna çenli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen “Türkmengaz” we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernleri öz güýçleri bilen ýurdumyzyň çäklerinde iň uzyn bolan Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirýärler. Bir müň kilometre golaý bolan turbageçiriji ähli ýerli gaz geçirijilerini bir bitewi halka birleşdirmäge hem-de türkmen energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna çykarmagyň ygtybarly we durnukly ulgamyny döretmäge mümkinçilik berer.

Taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde täze gaz geçirijisiniň ugrunda basyş stansiýalarynyň 8-si gurlar. Gaz geçirijini çekmegiň ähli ugrunda eýýäm inžener-geologiýa we topografiýa işleri tamamlandy, gurluşyk işleri çalt depginlerde alnyp barylýar. Ony 2015-nji ýylda işe girizmek bellenildi. Bu gaz geçirijisiniň ähmiýetine göz ýetirmek üçin hünärmen bolmagyň zerurlygy ýokdur. Onuň gaz geçirijilik kuwwaty gündogar ugurda hem, geljegi uly günbatar ugurda hem “mawy ýangyjy” ibermegi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde esasy döwletleriň biri bolmak bilen, “mawy ýangyjyň” eksportunyň möçberini artdyrmaga we ony dünýäniň iri bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen energetika strategiýasyny işjeň durmuşa geçirýär, şol bazarlarda energiýa serişdelerine isleg artýar.

Şu maksat bilen häzirki wagtda kuwwaty bir ýylda 33 milliard kub metr bolan Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslama işlerini durmuşa geçirmek çalt depginlerde alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň dekabrynda Aşgabatda taslama gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň sammiti boldy, şonuň jemleri boýunça Gaz geçiriji hakyndaky çarçuwaly ylalaşyga we TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek hakyndaky Hökümetara ylalaşygyna gol çekildi. Häzirki wagtda taslama gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda satyn almak-satmak şertnamalaryna gol çekmek jemleýji tapgyryndadyr. Şol şertnamalara gol çekilenden soň bu gaz geçirijini gurmak hem-de ulanmak üçin konsorsiumy döretmek baradaky işler başlanar.

Energiýa serişdelerini Ýewropanyň ýurtlaryna ibermegi ýola goýmaga häzirki wagtda türkmen gazyny eksport etmegiň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Bu babatda Hazarüsti gaz geçirijisini gurmagyň taslamasy işjeň ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu barada şu aýyň başynda Brýusselde bolan üçtaraplaýyn duşuşykda jikme-jik bellenildi, şonda Ýewropa Bileleşiginiň, Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň iş toparlary bu gaz geçirijiniň gurluşygy hakyndaky Çarçuwaly ylalaşygyň taslamasyna garadylar.

Şeýlelikde, Berlinde öz işine başlan (Germaniýa Federatiw Respublikasy) “Türkmenistan—Ýewropa: hyzmatdaşlygyň geljegi” atly iki günlik halkara maslahaty hem täze taryhy eýýamda Türkmenistanda milli ykdysadyýetimiziň strategiki pudaklaryny çalt ösdürmek üçin ähli zerur şertleriň döredilýändiginiň ýene-de bir subutnamasy bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan özgertmeler netijesinde ýurdumyzyň nebitgaz senagaty ösüşiň durnukly ýokary depginlerini gazanýar. Täze önümçilik kuwwatlyklary gurulýar, şonuň bilen birlikde bolsa, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna eksport etmegiň mümkinçilikleri hem artýar. Türkmenistanyň nebitgaz pudagy gazanylan üstünlikler bilen çäklenmän, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe öňe sürlen täze uly wezipeleri çözýär.