Ï Türkmenistan – Ukraina: dostlugyň we döredijiligiň serhedi ýok
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – Ukraina: dostlugyň we döredijiligiň serhedi ýok

view-icon 711
Asyrlarboýy halkyň medeniýeti onuň milli aýratynlyklarynyň we häsiýetleriniň dowamy hem-de jemgyýetiň ýokary ahlak we medeni ýörelgeleriniň özboluşly beýany hasaplanýar. Hut şonuň üçin hem dünýä medeniýetiniň gadymy miraslarynyň, öz köklerini müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ajaýyp medeni däpleriň mekany we olaryň häzirki döwürde artdyrylýan ýurdy bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan medeni-gumanitar ulgamy halkara syýasatynyň möhüm ugry hasaplaýar.

Şu ýylyň 12 – 14-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ukraina bolan döwlet sapary muny aýdyňlygy bilen beýan etdi. Medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklar saparyň esasyny düzdi.

12-nji martda Kiýewde “Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk” hem-de milli Liderimiziň “Ahalteke bedewi -- biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” we “Ganatly bedewler” kitaplarynyň ukrain dilindäki neşirleriniň tanyşdyrylyş dabaralary, şeýle hem T.G.Şewçenko adyndaky opera we balet akademiki teatrynda türkmen hem-de ukrain artistleriniň bilelikdäki çykyşy ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň özboluşly girişine öwrüldi. Ol çykyşldar iki dostlukly halky birikdiriji ruhy sütün bolmak bilen, iki ýurduň sungatynyň gözelligini we jadylaýjy güýjüni özünde jemledi.

Şol gün beýik ukrain şahyry Taras Şewçenkonyň 198 ýyllygyna bagyşlanyp, şahyryň Aşgabatdaky ýadygärligine gül desseleriniň goýulmagy çuňňur many-mazmuna eýedir. Döwlet Baştutanymyzyň Kiýewe bolan saparynyň başynda emele gelen ruhy we döredijilik galkynyşy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparynyň dowamynda geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň esasyny kesgitledi. Ol çäreleriň hemmesi birek-birege ynanyşmak, dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Magtymguly Pyragynyň Kiýew şäherindäki heýkeline ajaýyp gül desselerini goýmagy we Aşgabatda Taras Şewçenkonyň ýadygärligine türkmen jemgyýetçiligi tarapyndan hormat edilmegi iki beýik şahyrlaryň eserlerinde jemdenen ynsanperwerlik ýörelgeleriniň bitewüligini, doganlyk halklaryň beýik geçmişini, häzirki gününi we geljegini baglanyşdyrýan ruhy umumylygy alamatlandyrdy. Magtymguly Pyragynyň we Taras Şewçenkonyň ajaýyp goşgy setirlerinde mähriban topraga bolan söýgi, öz halkyna bolan wepalylyk we onuň döredijilik güýjüne bolan ynam ýörelgeleri öz beýanyny tapypdyr. Beýik şahyrlaryň şol eserleri häzirki döwürde hem millionlarça adamlaryň kalbyny ruhlandyrýar we birek-birege düşünmäge ýardam berýär. Şeýle asylly ýörelgeler Kiýewde geçirilen döredijilik duşuşyklarynda öz beýanyny tapdy.

Türkmen sungatynyň wekilleriniň çykyşlary kiýewli tomaşaçylar tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylandy. Belli türkmen sazandalarynyň we bagşylarynyň, meşhur tans toparlarynyň aýdym-saz çykyşlary, Türkmenistanyň ajaýyp medeni we taryhy gymmatlyklarynyň sergisi üstünlikli geçdi. Olar ukrain dostlarymyza Garaşsyz, baky Bitarap türkmen döwletiniň medeniýetiniň we sungatynyň täze taryhy eýýamdaky ösüş meýilleri, ýurdumyzyň özboluşly sungaty hem-de taryhy bilen tanyşmaga oňaýly mümkinçilik döretdi. Milli aýdymlary we tanslary ýerine ýetiren iki ýurduň artistleriniň bilelikdäki çykyşlarynda milli aýratynlyklar has-da äşgär göründi.

Ozal habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Wiktor Ýanukowiçiň gatnaşmagynda Ukrainanyň milli sirkinde iki ýurduň ussatlarynyň ýerine ýetiren ajaýyp çykyşlary hormatly Prezidentimiziň Ukraina döwlet saparynyň medeni maksatnamasynyň jemlemesi boldy. Onda “Galkynyş” atçylyk sport toparynyň agzalarynyň, şol sanda çapyksuwar gyzlaryň ýerine ýetiren çykyşlary has-da täsirli boldy.

Türkmen halkynyň şöhraty we buýsanjy bolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň gözelligi ukrainaly tomaşaçylary haýrana goýdy. Atçylyk sungatynyň ussady we bu ugruň dünýä ýüzünde wagyz edilmeginiň tarapdary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “behişdi bedewlere” özüniň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” hem-de “Ganatly bedewler” atly kitaplaryny bagyşlady. Bu neşirler häzirki döwürde ukrain diline terjime edildi we bu ýurtda giň seslenmä eýe boldy.

Tomaşaçylar türkmen jigitleriniň owadan bedewlerde görkezýän ussatlyklaryna hem-de batyrgaý hereketlerine, çalasynlyklaryna uzak wagtlap el çarpmak arkaly ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň we Ukrainanyň Döwlet baýdaklaryny ellerinde göterýän çapyksuwarlar tomaşaçylara özboluşly we çuňňur manyly çykyşlaryny görkezdiler.

Kiýewiň sirkinde geçirilen ajaýyp tomaşa “Behişdi bedewler” atly aýdym-sazly çykyşy bilen jemlendi. Ajaýyp ahalteke bedewlerine atlanan jigitler bilen tans toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren gadymy küşdepdi tansy çykyşlara özboluşly öwüşgin çaýdy we döwrüň hem-de halklaryň ruhy baglanyşygyny we olaryň gözellige hem-de sazlaşyga bolan meýillerini aýan etdi.

Bir söz bilen aýdylanda, Kiýewde türkmen medeniýetiniň özboluşly tanyşdyrylyşyna öwrülen aýdym-sazly çykyşlar hakyky baýramçylyga utgaşyp gitdi. Ol türkmen we ukrain halklaryny baglanyşdyrýan asyrlar aşyp gelýän beýik ruhy ýörelgelerini we onuň häzirki döwürde dostlukly döwletleriň köp ugurly gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösýändigini alamatlandyrdy.

Gumanitar ulgamda däp bolan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen iki taraplaýyn ylalaşyklaryň gazanylmagy Ukraina bolan döwlet saparynyň döredijilik güýjüniň esasyny düzdi. Biziň halklarymyzyň baý taryhy, olaryň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandy, birek-biregiň ruhy durmuşa bolan üýtgewsiz gyzyklanmalar özara gatnaşyklaryň esasyny düzdi.

Ukraina Türkmenistanyň ylmy maslahatlaryny, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny geçirmek baradaky tekliplerini goldady we olara işjeň gatnaşmaga meýillidigini mälim etdi. Geçen ýylyň aprelinde Türkmenistanda Ukrainanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi we onuň uly döredijilik baýramçylygyna öwrülmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle çäreler medeni-bilim gymmatlyklaryny alyşmak, şu ýyl bolsa Türkmenistanyň Ukrainada Medeniýet günleriniň geçirilmegi bilen dowam etjek döredijilik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin kuwwatly itergi berer.