Ï Türkmenistan – ÝB: hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – ÝB: hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

view-icon 765
Şu gün paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasynda “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri barada häzirkizaman kanunçykaryjylygyň nusgalarynyň gözleginde” atly maslahat geçirildi. Ony Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň Hökümetiniň “Bi-Bi-Si” Bütün dünýä Gullugynyň Gaznasy bilen durmuşa geçirýän Türkmenistanda kanuçykaryjylygy kämilleşdirmek we hukuk ulgamyny kadalaşdyrmak boýunça halkara tejribe alyşmak ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça Taslamasy guradylar. Şeýle hem, maslahatyň geçirilmegine Ýewropa Bileleşigi hem-de Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrligi goldaw berdi.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň, Medeniýet ministrliginiň,Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň,Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň, Türkmen döwlet habarlar gullugynyň Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de ýurdumyzyň beýleki milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyzda bolup geçýän üstünlikli ösüşleriň we özgerişleriň jähtinden kanunçykaryjylyk işini we milli hukugy kämilleşdirmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda milli kanunçykaryjylyk tejribesine halkara kadalarynyň we ülňüleriniň giňden ornaşdyrylmagyna we halkara hyzmatdaşlary bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly üns berilýär.

Duşuşygyň barşynda “Bi-bi-si” Bütündünýä Gullugynyň geňeşçisi jenap Marek Bekerman, Moskwanyň M. W. Lomonosow adyndaky Döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetiniň mugallymy hanym Ýelena Şerstoboýewa(Russiýa Federasiýasy), Kiýewiň mediýe hukuk baradaky instinitynyň direktory jenap Taras Şewçenko (Ukraina) ýaly GDA ýurtlarynyň we Ýewropanyň bilermenleri habar beriş serişdeleriniň işiniň esasy ugurlary baradaky tanyşdyryşlar we nutuklar bilen çykyş etdiler.

Maslahatyň işinde hukuk ugurlarynda hyzmatdaşlygyň dürli nuktaýnazarlary boýunça gyzyklandyrýan ara alyp maslahatlaşmalar bolup geçdi. Hususanda, Türkmenistanyň “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky” Kanunyň taslamasyny taýýarlamak boýunça ýurdumyzyň Mejlisiniň iş toparlarynyň agzalarynyň gatnaşmagynda habar beriş serişdeleri, şol sanda täjirçilik teleýaýlymlaryny we habar bariş serişdeleriniň neşirýatlaryny döretmek, şeýle hem gyzyklanma bildirilýän ugurlara degişli häzirkizaman hukuk meseleleri boýunça tejribe alyşmagyň mümkünçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmekde bilelikdäki özara gatnaşyklaryň bar bolan ägirt uly mümkünçiliklerini bellemek bilen, maslahata gatnaşyjylar netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmek barada aýytdylar we bileleidäki işiň ugurlaryny kesgitlediler.