Şu gün paýtagtymyzda geçirilen maslahat 2010-2015-nji ýyllarda Türkmenistanyň ösmegine ýardam etmek boýunça (UNDAF) BMG-niň Çarçuwaly Maksatnamasynyň her ýyllyk synyna bagyşlandy. Duşuşyga ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň, edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatda işleýän iri düzümleriniň—BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, UNISEF-iň, BMG-niň BÝKM-niň, BSGG-niň wekilhanalarynyň baştutanlary we işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatyň gün tertibine UNDAF-iň orta möhletleýin maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde gazanylan netijeleri ara alyp maslahatlaşmak we 2012-njy ýylda özara gatnaşyklaryň geljegini kesgitlemek meselesi girizildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda 2009-njy ýylyň awgustynda gol çekilen bu toplumlaýyn Maksatnama Müňýyllygyň Ösüş Maksatlaryna ýetmek we türkmen döwletiniň tassyklan konwensiýalarynyň esas bolup durýan ýörelgelerini ýerine ýetirmek boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda we häzirki döwürde biziň ýurdumyzyň döwlet ösüşiniň milli bähbitlerini we ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen taýýarlanan bu resminama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň esasy ýörelgelerine doly gabat gelýär.
Duşuşykda Türkmenistanyň BMG-niň Bas Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen tassyklanan hemişelik oňyn bitaraplyk derejesini parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy berkitmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmek, dünýäniň ähli döwletleri we esasy halkara düzümleri, ozaly bilen BMG bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin peýdalanmaga çalyşýandygy bellenildi. Birleşen Milletler Guramasy we onuň esasy edaralary bilen netijeli gatnaşyklarda geçen 20 ýylyň içinde toplanan uly tejribe munuň aýdyň subutnamasydyr. BMG-niň esasy düzümleri bilen dürli ugurlarda möhüm taslamalaryň birnäçesi amala aşyryldy.
Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň
BMG-niň abraýly guramalarynyň birbada üçüsiniň—BMG-niň 2012-2015-nji ýyllar üçin ilat ösüşi boýunça toparynyň, BMG-niň 2012-2015-nji ýyllar üçin neşe serişdeleri boýunça toparynyň düzümlerine, şeýle hem BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň düzümine hemişelik esasda saýlanylmagy uzakmöhletleýin geljege niýetlenen netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň biridir. Bu ýere ýygnananlar şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Bas Assambleýasynyň belent münberinden yzygiderli öňe sürýän we dünýä bileleşiginiň hemmetaraplaýyn goldawyna eýe bolýan döredijilikli başlangyçlarynyň aýratyn möhümdigini bellediler.
Orta möhletleýin maksatnamany amala aşyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda degişli döwürde Türkmenistanda demokratiýalylygyň we kanunyň ileri tutulmagynyň, adam ösüşiniň berkidilmegi, parahatçylyga we howpsuzlyga ýardam etmek ýaly strategik ugurlar boýunça uly işler amala aşyryldy diýlip bellenildi. Hususan-da, dürli ugurlarda, şol sanda adam hukuklaryny, durnukly ösüşi, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda binýatlyk halkara konwensiýalarynyň esasy ýörelgelerini milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça maksada gönükdirilen işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy. Durmuş ulgamyny, saglygy goraýyş, bilim, bank ulgamlaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen taslamalary işläp düzmäge we amala aşyrmaga uly üns berildi.
Neşeleriň bikanun dolanyşygy, guramaçylykly jenaýatçylyk, terrorçylyk we tutuş adamzady biynjalyk edýän beýleki wehimlere garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmek hem özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
BMGÖM-niň hünärmenleriniň we milli bilermenleriň çykyşlarynda binýatlyk resminamanyň ähmiýeti bellenildi. Onuň üstünlikli amala aşyrylmagy öňde goýlan ähli wezipeleri netijeli çözmek üçin kuwwatly itergi bolup hyzmat eder. Şol wezipeler bir maksat – häzirki zaman Türkmenistanyň okgunly ösmegine işjeň ýardam etmek maksady bilen birleşendir.
Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar netijeli gatnaşyklaryň dowam etmegi ugrunda öz pikirlerini aýtdylar we UNDAF-yň maksatnamasynyň çäklerinde geljekki gatnaşyklaryň meýilnamalaryny takykladylar.