Ï ABŞ-nyň wekiliýetiniň sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ABŞ-nyň wekiliýetiniň sapary

view-icon 682
Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda we Daşary işler ministrliginde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň wekili hanym Sýuzan Jonson Kukyň ýolbaşçylygynda düýn türkmen paýtagtyna gelen wekiliýet bilen duşuşyklar geçirildi.

Duşuşyklaryň barşynda özara hoşniýetli erk-islegiň netijesinde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky däbe öwrülen dostluk gatnaşyklarynyň häzir täze ösüşe eýe bolýandygy, iki ýurduň dürli ugurlarda bilelikde işlemek üçin uly tejribesiniň bardygy nygtaldy. Munuň özi deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we uzakmöhletleýin esasda guralýan netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin oňat esas bolup hyzmat edýär. Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan iş saparynyň oňyn netijeleri hem munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Türkmenistanyň wekiliýeti ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen nobatdaky türkmen-amerikan syýasy geňeşmelere gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda myhmanlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan, türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, adam hukuklaryny we azatlygyny, şol sanda dine uýmak babatdaky, hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň möhüm ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň adam hukuklary ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň möhüm orny nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwleti halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutup, Türkmenistanyň tassyklan BMG-niň Konwensiýalaryny ýerine ýetirmek boýunça öz üstüne alan borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerýär. Milli kanunçylygyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, onuň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Toplumlaýyn maksatnamanyň çäklerinde dünýä tejribesini öwrenmek we Türkmenistanyň kadalaşdyryjy-hukuk resminamalaryny halkara ülňülerine laýyk getirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde bolan duşuşyga gatnaşyjylar döwletara hyzmatdaşlygynyň käbir ileri tutulýan ugurlaryny we geljegini, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Oňyn türkmen-amerikan gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga we hemmetaraplaýyn giňeltmäge, häzirki zamanyň anyk ýagdaýlaryny nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak maksadynda hyzmatdaşlygyň täze netijeli usullaryny işläp taýýarlamaga taraplaryň uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Saparyň barşynda ABŞ-nyň wekiliýeti Türkmenistanyň Baş milli muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine, “Nusaý” Döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, Ärtogrul Gazy metjidine baryp gördi.