Ï Türkmenistan-Finlýandiýa: ikitaraplaýyn gatnaşyklar ösdürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Finlýandiýa: ikitaraplaýyn gatnaşyklar ösdürilýär

view-icon 650
Türkmen-fin hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek Finlýandiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Russiýanyň, Gündogar Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň işleri boýunça departamentiniň direktory hanym Nina Waskunlahtyň baştutanlygynda wekiliýetiň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde bolan duşuşygynyň çäklerinde şu gün geçirilen netijeli pikir alyşmagyň meselesi boldy.

Duşuşygyň barşynda dostlukly ýurtdan gelen myhmanlar türkmen döwletiniň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy, onuň esasynda oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ähli gyzyklanýan hyzmatdaşlar bilen giň özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin açyklyk ýörelgeleri goýuldy.

Şunuň bilen baglylykda, wekiliýetiň agzalary biziň ýurdumyzyň parahatçylygy üpjün ediji halkara başlangyçlarynyň Ýewropa Bileleşiginde, şol sanda Finlýandiýa Respublikasynda hem giňden ykrar edilendigini belläp, ikitaraplaýyn esasda hem, köptaraplaýyn esasda hem, ilkinji nobatda abraýly halkara guramalary we düzümleri bolan Ýewropa Bileleşiginiň we ÝHHG-niň çäklerinde ösýän oňyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.

Taraplar soňky ýyllarda mese-mälim işjeňleşen netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyp,

türkmen-fin hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler, söwda-ykdysady ugur, ýangyç-energetiki ulgam, medeni-gumanitar pudak şolaryň hatarynda agzaldy. Pudagara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri hem ara alyp maslahatlaşmagyň möhüm meseleleriniň biri boldy.

Saparyň çäklerinde fin wekiliýeti paýtagtymyzyň ajaýyp ýerleri bilen tanyşdylar, Türkmenistanyň Baş milli muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine, Şekillendiriş sungatynyň muzeýine, şeýle hem “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp gördüler.