Şu gün ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn türkmen-gazak maslahatlaşmalary geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary jenap A. Jumabaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi.
Duşuşygyň barşynda goňşy ýurduň daşary syýasat edarasynyň wekilleri türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler bilen tanyşdyryldy.
Maslahatlaşmalaryň çäklerinde söwda-ykdysady, energetika, oba hojalygy, ulag – aragatnaşyk pudaklarynda, şeýle hem gumanitar ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu jähetden bilelikdäki türkmen – gazak hökümetara toparynyň möhüm orny bellenildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar taraplaryň syýasy gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, şol sanda Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli maslahatlaşmalary geçirmek görnüşinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigini bellediler. Şunda gazagystanly myhmanlar abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine ünsi çekip, türkmen döwletiniň Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan we Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň möhüm şertine öwrülen oňyn we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berdiler.
Saparyň çäklerinde Gazagystanyň wekiliýeti paýtagtymyzyň gözel ýerleri bilen tanyşdy we Türkmenistanyň Baş milli muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine we beýleki ýerlere baryp gördi.