Ï Türkmenistan – BMG: neşelere garşy ählumumy göreş gullugyndaky hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – BMG: neşelere garşy ählumumy göreş gullugyndaky hyzmatdaşlyk

view-icon 714
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde hem-de ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde BMG-niň neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň sebitleýin wekilhanasynyň türkmen paýtagtyna gelen geňeşçisi hanym Olga Zudowa bilen duşuşyklar geçirildi.

Duşuşygyň barşynda myhman türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatynyň, şeýle hem biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýan Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň meselelerine degip geçmek bilen, biziň ýurdumyzyň BMG-niň birbada birnäçe abraýly düzümleriniň, şol sanda BMG-niň 2012-2015-nji ýyllar döwründe neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň hataryna saýlanmagy uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň aýdyň subutnamasydyr diýip bellediler.

Şonuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen türkmen döwletiniň neşeleriň bikanun dolanyşygyna we serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, şeýle hem häzirki zamanyň ählumumy wehimlerine garşy göreş babatdaky halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen ägirt uly tagallalarynyň giňden ykrar edilýändigi bellenildi.

BMG-niň neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň sebitleýin wekilhanasy Türkmenistanyň parahatçylygy, durnuklylygy we yzygiderli ösüşi pugtalandyrmak işine ygrarlydygyny we ýurduň dünýäde howpsuz ýagdaýy kemala getirmek boýunça ählumumy tagallalara goşýan goşandyny goldaýar diýip bellelb. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň abraýly gullugynyň wekili sebitde we dünýäde durnuklylygyň pugtalandyrylmagynyň hatyrasyna ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem myhman saparyň barşynda ýurdumyzyň birnäçe ministrliklerinde we pudak edaralarynda, şol sanda Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynda kabul ediler.