Ï Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýoly bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýoly bilen

view-icon 603
Şu gün paýtagtymyzyň “Ak altyn” myhmanhanasynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan çäräni geçirdi.

Bu bilelikdäki çärä ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň, şol sanda Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, milli kitaphanalaryň, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň arasynda diplomatik düzümiň wekilleri hem bar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň baştutanynyň orunbasary hanym Sýuzan Torntonyň öz çykyşynda belleýşi ýaly, ABŞ-da geljegi uly hyzmatdaş hasaplanýan Türkmen döwleti bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýär, şu günki çäre hem iki ýurduň arasynda däbe öwrülen dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam eder.

Çäräniň çäklerinde guralan sergide kompýuter tehnologiýalary ulgamynda käbir täzelikler – iPad – planşetler, noutbuklar we beýlekiler bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Bu ýerde şeýle hem Türkmenistanyň we ABŞ-nyň diplomatik gatnaşyklarynyň ösüşiniň 20 ýyllyk taryhy barada gürrüň berýän kitaply diwarlyklar, maglumatly bukletler we beýleki neşir önümleri görkezildi.