Ï Türkmenistan- Özbegistan Respublikasy: özara peýdaly hyzmatdaşlyk ugry bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan- Özbegistan Respublikasy: özara peýdaly hyzmatdaşlyk ugry bilen

view-icon 624
Şu gün paýtagtymyzyň “Mizan” ilşewürlik merkezinde türkmen-özbek işewürlik maslahaty geçirildi. Bu maslahat iki goňşy döwletiň arasynda özara bähbitlilik we uzakmöhletleýinlik ýörelgeleri esasynda guralýan netijeli işewür hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň täze ýokary göterilişi anyk netijä gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň artýan depgini bilen häsiýetlendirilýär. Duldegşir goňşy döwletleriň arasynda ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar we gepleşikler muňa aýdyň şaýatlyk edýär, olaryň her birinde döwletara gatnaşyklarynyň meseleleri düýpli ara alnyp maslahatlaşylýar, şeýle hem dürli derejede wekiliýetleriň alşylmagy, munuň özi ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönüden-göni ýardam edýär.

Bu bilelikdäki işewürlik maslahaty hem iki goňşy döwletiň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga, giňeltmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady, şol maslahata gatnaşmak üçin ýurduň daşary ykdysady aragatnaşyklar, maýa goýumlary we söwda ministri Elýor Ganiýewiň baştutanlygynda Özbegistan Respublikasynyň wekilçilikli topary türkmen paýtagtyna geldi. Onuň hataryna Özbegistanyň döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň wekilleri, maşyn gurluşygynda, energetikada, azyk, ýeňil we derman senagatynda, oba hojalygynda, söwda ulgamynda we beýleki pudaklarda ýöriteleşýän iri kompaniýalaryň hem-de kärhanalaryň ýolbaşçylary girdi.

Maslahata türkmen tarapyndan ýurdumyzyň esasy ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we guramalaryň birnäçesiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygy iki ýurduň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary açyp, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň depginli häsiýetini hem-de ägirt uly kuwwatyny bellemek bilen, şu maslahatyň häzirki zaman gyzyklanmalaryny we geljegini nazara almak bilen söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Hususan-da, Özbegistan Respublikasynyň daşary ykdysady aragatnaşyklar, maýa goýumlary we söwda ministri Elýor Ganiýew öz çykyşynda doganlyk iki goňşy döwletleriň we halklaryň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Myhman özbek tarapynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen köpugurly işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge çynlakaý çalyşýandygyny tassyklap, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň meselelerine işjeň üns berýändigi, maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi we bilelikde işlemäge ajaýyp şertleriň döredilendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Işewürlik maslahatyň barşynda ýörite taýýarlanylan wideofilm görkezildi, ol özbek myhmanlaryna Türkmenistanyň köptaraply kuwwaty we ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary, türkmen döwletiniň Baştutanynyň milli ykdysadyýetimizi we durmuş ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen hem-de özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygy üçin örän amatly şertleri döredýän oňyn özgertmeler syýasaty barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berdi.

Maslahata gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, soňky birnäçe ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimowyň degişlilikde Özbegistan Respublikasyna we Türkmenistana resmi saparlarynyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyna täze kuwwatly itergi we mazmuny berdi. Şu döwürde

türkmen-özbek gatnaşyklarynyň uly şertnamalaýyn-hukuk binýadyna netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň möhüm ugurlaryny ýagdaýlary kesgitleýän täze ikitaraplaýyn resminamalar goşuldy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, ol depginliligi bilen häsiýetlendirilýär, täze mazmuna eýe bolýar, iki döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygy artýar. Şunuň bilen birlikde taraplaryň pikirine görä, özara söwdanyň möçberlerini artdyrmak, harytlaryň görnüşlerini köpeltmek, maýa goýum işini işjeňleşdirmek, dürli pudaklarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek özara gatnaşyklaryň we hususan-da, telekeçilik ugry boýnça täze möhüm görnüşlerini işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň we Özbegistanyň ähli mümkinçilikleri bardyr.

Şunuň bilen bir hatarda, maslahata gatnaşyjylar ýangyç-energetika toplumyny, ulag-aragatnaşyk pudagyny hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezdi, şol ulgamlarda hyzmatdaşlyk iki goňşy ýurduň amatly ýerleşişi we üstaşyr geçirmek mümkinçilikleri bilen şertlenendir.

Netijeli gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, kärhanalarynyň, hususy kompaniýalarynyň hem-de şereketleriniň wekilleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň barşynda dowam etdirildi. Senagat, energetika, şeýle hem okuw-barlaghana enjamlaryny, oba hojalyk tehnikasyny, gurluşyk materiallaryny, mebel öndürmek hem-de ibermek ýaly ugurlarda, azyk, ýeňil we derman senagaty ulgamynda we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi barada gyzyklanylyp pikir alşyldy. Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalary özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky teklibi aýdyp, öz ýurdunyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazaryna ýokary derejede gyzyklanma bildirýändigini nygtadylar.

Öň bellenip geçilişi ýaly, ýurduň esasy kompaniýalarynyň, kärhanalarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri özbek wekiliýetiniň düzümine girdi. Olaryň hatarynda “Uzbekiston temir ýullari” döwlet paýdarlar demir ýol kompaniýasy, “Özbek energo” we “Uzprommaşimpeks” döwlet paýdarlar kompaniýalary, “Özbeknebitgaz” milli holding kompaniýasy, “Uzawtosanoat” paýdarlar kompaniýasy, “Agregat zawody” we “Daşkent traktor zawody” açyk paýdarlar jemgyýetleri, “Elholding” ylmy-önümçilik birleşigi, “Uzfarmsanoat” döwlet paýdarlar kompaniýasy, “Uzstroýmaterialy” kompaniýasy we başga-da ençemeleri, şeýle hem Özbegistan Respubliksynyň Söwda-senagat edarasy bar.

Işewürlik maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şeýle duşuşyklary dowam etdirmek baradaky pikiri aýtdylar we Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky oňyn netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde hem täze anyk mazmuna eýe bolmak bilen üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Maslahatyň çäklerinde “Mizan” işewürlik merkeziniň eýwanynda Türkmenistanyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, haly we zergärçilik önümleriniň sergisi ýaýbaňlandy.

* * *

Şu gün paýtagtymyzda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky ýedinji mejlisi boldy.

Işewürlik, netijeli ýgdaýda geçen mejlis ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda we uzak geljegi nazarlaýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýynyň hem-de ileri tutulýan ugurlarynyň gyzyklanylyp pikir alyşylmagyna öwrüldi.

Toparyň agzalary söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak bilen bir hatarda, döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan gumanitar hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler, munuň özi iki goňşy halklaryň taryhy taýdan emele gelen ruhy-medeni umumylygy bilen şertlenendir.

Mejlise gatnaşyjylar yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň iş ýüzündäki ähmiýetini belläp, toparyň işiniň geljekde hem taraplaryň üýtgewsiz hoşniýetli erk-islegine, bilelikde işlemegiň köp ýyllyk oňyn tejribesine hem-de iki ýurduň özara bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmegi maksat edinýändigine daýanýan netijeli türkmen-özbek gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Mejlisiň jemleri kabul edilen degişli teswirnamada beýan edildi.