Ï Türkmenistan-ABŞ: medeni gatnaşyklary ösdürip
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-ABŞ: medeni gatnaşyklary ösdürip

view-icon 665
Şu gün Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde ýurdumyzyň hökümetinde we medeniýet ulgamynyň edaralarynyň birnäçesinde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen ABŞ-dan gelen bütin dünýäde meşhur kinoprodýuser we ssenariýeçi Maýkl Fisjerald bilen duşuşyklar geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň güýzünde Nýu-Ýorka bolan saparynyň barşynda türkmen Lideriniň “Metropoliten” muzeýine baryp görmegi türkmen-amerikan medeni gatnaşyklaryny ösdürmäge kuwwatly itergi berdi. Döwlet Baştutanymyz şol ýerde medeni gatnaşyklar meselelerine bagyşlanan “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyga hem gatnaşdy. Şonda türkmen Lideriniň Türkmenistanyň sungatynyň wirtual galereýasyny döretmek baradaky başlangyjynyň Amerikanyň medeniýet işgärleriniň aýratyn ünsüne mynasyp bolandygyny ýatlatmalydyrys. Bu galereýa türkmen halkynyň baý we özboluşly döredijilik däpleri hem-de medeni mirasy bilen giňden we jikme-jik tanyşmaga mümkinçilik berer. 2011-nji ýylyň güýzünde ABŞ-da geçirilen Türkmen medeniýetiniň günleri hem muňa ýardam etmelidir. Şol medeniýet günleri iki ýurduň döwletara hyzmatdaşlygynyň taryhyndaky şanly senä—Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna gabatlanylyp geçirildi.

Şu gün Türkmenistanyň hökümetinde bolan duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriniň milli medeniýetiň täzeden gülläp ösmegine, türkmen halkynyň taryhy we ruhy mirasyny bütin dünýäde wagyz etmek işiniň güýçlendirilmegine, bu ulgamda milletara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine ýardam edendigi bellenildi. Ýurdumyzyň ägirt uly medeni mümkinçilikleri we bu ulgamda halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegi dünýäniň ähli künjeklerinden döredijilik toparlarynyň wekilleriniň türkmen döwletine ünsüni has-da artdyrýar.

Myhman amerikan kino sungatynyň işgärleriniň Türkmenistana gyzyklanmasynyň artmagynyň biziň ýurdumyzda diňe bir milli ähmiýete däl, eýsem, dünýä ähmiýetine eýe bolan taryhy-medeni gymmatlyklaryň örän köpdügi bilen hem baglanyşyklydygyny belledi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanda we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara sergileriniň, maslahatlaryň, festiwallaryň geçirilmegi biziň döwletlerimiziň arasyndaky doganlyk we dostluk gatnaşyklarynyň täze derejä çykarylmagyna ýardam etdi diýip bellediler. Iki halkyň medeniýetleriniň arasynda özboluşly köpri bolup hyzmat edýän çeperçilik sergileriniň we kino günleriniň guralmagy ajaýyp däbe öwrüldi.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematorgafiýa baradaky döwlet komitetinde, şeýle hem Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde geçirilen duşuşyklarda medeniýetiň okgunly ösýän ulgamy bolan kino sungaty babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Meşhur amerikaly kinoprodýuser şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň öňünde çykyş etdi.

Maýkl Fisjeraldyň Türkmenistanda bolmagynyň maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň käbir sebitleriniň taryhy- medeni ýerlerine baryp görmek göz öňünde tutulýar.