18-nji aprelde Aşgabatda Owganystanyň meseleleri boýunça Kabul şäherinde geçiriljek halkara maslahatyna taýýarlyk boýunça ikinji duşuşyk geçiriler.
Onuň işine 15 ýurtdan wekiller we 14 ýurtdan synçylar, şol sanda Azerbeýjan Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Germaniýa Federatw Respublikasynyň, Hindistan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Päkistan Yslam Respublikasynyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, ABŞ-nyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Özbegitan Respublikasynyň, Fransuz Respublikasynyň, Ýaponiýanyň wekilleri, şeýle hem BMG, ÝB, ÝHHG we ÝUNAMA ýaly halkara we sebitleýin guramalaryň 10-dan wekilýetler gatnaşaralar.
Owganystanyň meseleleri boýunça maslahatyň özi 2012-nji ýylyň 14-nji iýunynda Kabul şäherinde daşary işler ministrleriniň derejesinde geçiriler.
Bilermenleriň baha bermegine görä, Aşgabatdaky taýýarlyk duşuşygynda Kabul maslahatyna taýýarlyk görmekligiň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Hususan-da, ikinji taýýarlyk maslahatynyň dowamynda „Stambul meselesi: „Aziýanyň ýüregi“ sebit hyzmatdaşlygy üçin täze gün tertibi“, Owganystanyň durnuklylygy we Kabul deklarasiýasy üçin sebit howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy boýunça Stambul işini durmuşa geçirmegiň ýörelgesi ýaly taslamalara garamak göz öňünde tutulýar.
„Owganystan boýunça Stambul işi: Owganystanyň meseleleriniň soraglaryna üns bermek bilen, „Aziýanyň ýüregi“ howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk sebitde hyzmatdaşlygyň täze ýörelgesini beýan etdi. Owganystany we onuň sebitdäki goňşy ýurtlaryny „Aziýanyň ýüregi“ diýen ajaýyp görnüşde ilkinji sapar birleşdirmek bilen, maslahatda Stambul meselesi bilen Owganystanyň howpsuzlygy we durnuklylygy üçin sebit boýunça howpsuzlykda we hyzmatdaşlykda ylalaşyk gazanyldy. Onda „ähli derejelerde netijelilige gönükdirilen hyzmatdaşlyga geçmeli“ diýlip, „Aziýanyň ýüregi“ ýurtlarynyň köpçülikleýin islegleri beýan edilýär. Stambul meselesi „Owganystanyň özüniň sebitleýin taryhy mümkinçiliklerini peýdalanmaga we çözmäge , sebitde howpsuz we parahatçylykly ykdysady hyzmatdaşlyga goldaw bermäge taýýardygyny ykrar etdi.
Resminama soňraky işler üçin Kabul deklarasiýasyna giriziljek esasan üç sany alamatlary göz öňünde tutýar. Ol Owganystanyň we onuň ýakyn we uzak goňşylarynyň arasynda syýasy maslahatlary yzygiderli geçirmekden: Stambul maslahatynda ylalaşylan ynam bildirmek çäreleriň durmuşa geçirilmegine durnukly tapgyrlaýyn çemeleşmekden: sebitde amala aşyrylýan dürli aýratyn işlerde we guramalarda, aýratyn hem ol Owganystan bilen bagly bolsa, öz goşandyňy goşmak üçin we uly ylalaşyklary gazanmagyň ýollaryny gözlemekden ybaratdyr. Ynam bildirmek çäreleriniň aglabasy syýasat we howpsuzlyk, ykdysadyýet, bilim, medeniýet we hukuk ulgamlarynda sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem kesgitlemegi göz öňünde tutýar. Halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, Owganystan meselesine gatnaşýan guramalarynyň 9-synyň ählisi hem tehniki derejede we howpsuzlyk meseleleri hem-de has ýakyndan ediljek hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri çözmek üçin ministrler derejesindäki maslahata gatnaşmak üçin çagyryldy. Şeýle hem Kabulda Stambul işine gatnaşyjylaryň ählisi bilen çäreleriň we duşuşyklaryň monitoringini amala aşyrýan „Aziýanyň ýüregi“ ýurtlarynyň ilçileriniň aragatnaşyk topary döredildi.
Owganystan boýunça Stambul maslahatyna gatnaşan Türkmenistanyň resmi wekilýeti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Beridmuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji mejlisinde eden çykyşyna esaslanýan owgan meseleleri boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň prinsipial çemeleşmelerini doly beýan etdi. Stambul maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy dikeltmäge goldaw bermek boýunça başlangyçlarynyň esasy punktlarynyň ýene-de bäşisi barada aýdyldy. Bu ýurdymyzda BMG-niň goldaw bermegi esasynda Owganystanda ynanyşmak çärelerini berkitmek boýunça ýokary derejede halkara duşuşygyny geçirmäge we döwlet häkimýet institutlaryny netijeli ösdürmäge; dürli ulgamlary dolandyrmak üçin, şol sanda BMG-niň gatnaşmagynda Türkmenistanyň çäklerinde hem, owgan hünärmenlerini taýýarlamagy goldamak; Owganystanyň ulag-kommunikasion gurluşyny ösdürmekligiň aktuallygyny we Türkmenistanyň bu ugry goldamaga; Owganystanyň ykdysady-medeni durmuş ulgamynyň dikeldilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolan Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine; Owganystanda dikeldiş işlerini çaltlaşdyrmaga we ýurdyň kadaly ýaşaýyş durmuşyny ýola goýmakda uly ähmiýete eýe bolan elektrik energiýasyny iberilişini birnäçe esse ardyrmaga Türkmen döwletiniň taýýardygyndan ybatardyr.
Türkmenistanyň syýasy-diplomatiki, ykdysady we ynsanperwer ulgamlaryndaky çäreleri goşmak bilen,Owganystana edýän goldawy we kömegi bu günki gün uly ähmiýete eýedir.
4-5-nji dekabrda Türkmenistanyň resmi wekilýeti Owganystan boýunça Bonn şäherinde (Germaniýa Federatiw Respublikasy) geçirilen halkara maslahatynyň işine gatnaşdy. Türkmenistanyň wekilýetiniň bu gezekki çykyşynda hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystany dikeltmek boýunça halkara başlangyçlaryna aýratyn uly ähmiýet berildi. Owganystany dikeltmek boýunça güýçleri birleşdirmekde Türkmenistan Owganystan döwletiniň durmuş-ykdysady gurluşyny berkitmäge gönükdirilen hem-de sebitde giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolan iri göwrümli taslamamlaryň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigi nygtaýar. Türkmenistanyň wekilýeti Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň iri göwrümli taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça öz ýurdynyň nukdaýnazaryny giňden açyp görkezdi.
2012-nji ýylyň 29-njy fewralynda Kabulda Owganystan bilen sebit howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy boýunça Stambul işiniň mundan beýläkki işi boýunça ilkinji taýýarlyk maslahaty geçirildi. Onda „Stambul işi: „Aziýa ýüreginde“ sebit hyzmatdaşlygy üçin täze gün tertibi“ atly taslama, Owganystanyň howpsuzlygy we durnuklylygy üçin sebit howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy boýunça Stambul işini durmuşa geçirmegiň ýörelgesine“ garalyp geçildi. Maslahata gatnaşyjylar owgan tarapyndan taýýarlanylan taslama garadylar hem-de terrorizme, ekstremizme, guramaçylykly jenaýatçylyga we neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy göreşmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi karar etdiler. Bu ugurlar sebit hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi we olar Kabul deklarasiýasynyň taslamasynda hem öz beýanyny tapar.
Owganystan meseleleri boýunça Kabul maslahatynyň 2012-nji ýylyň aprel aýynda ýokary wezipeli adamlaryň gatnaşmaklarynda Aşgabatda geçirmek baradaky Türkmenistanyň wekilýetiniň eden teklibini maslahata gatnaşyjylaryň goldandygyny hem belläp geçmelidiris. Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, demirýol gatnawlaryny giňeltmek, Atamyrat-Ymamnazar-Akina-Andhoý demir ýolunyň gurluşygy, şeýle hem Türkmenistanyň Owganystana iberýän elektrik energiýasynyň mukdaryny artdyrmak boýunça iri göwrümli taslamalary iş ýüzünde amala aşyrýan Türkmenistan Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek boýunça maksatlaryň birdigini nazara almak bilen, oz tutýan ornunda berk durýar.
Mundan hem başga, Türkmenistan ynsanperwer kömeklerini bermegiň çäklerinde elektrik energiýalaryny geçirijileri gurmak, ulag infrastrukturasyny döretmek, durmuş ähmiýetli desgalary gurmak ýaly taslamalary, şeýle hem owgan ilaty üçin ynsanperwer kömegini yzygiderli bermekligi amala aşyrýar.
Stambul işi boýunça esasy kararlaryň we DIM ýolbaşçylarynyň Kabul duşuşygynyň deklarasiýasynyň hut Aşgabatda kabul ediljekdigi üns berilmeli ýagdaýdyr, Stambul maslahatyna gatnaşyjy ýurtlaryň Owganystan boýunça Kabul maslahatynyň ikinji resmi taýýarlyk duşuşygy Owganystanda parahatçylygy dikeltmek – diňe bir Mekezi Aziýa sebtinde däl, eýsem has giň çäklerde hem howpsuzlygy we durnuklylygy ösdürmegiň ähli ulgamy üçin möhüm bölegi bolup durar.