Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň mejlisler zalynda daşary işler ministrleriniň derejesinde Owganystan degişli meseleler bilen bagly halkara maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça ikinji duşuşyk geçirildi, bu maslahat 2012-nji ýylyň 14-nji iýunynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäherinde geçiriler. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Buýrugyna laýyklykda guraldy.
Forumyň işine dünýäniň 15 döwletiniň we gözegçilik edýän ýurtlaryň 14-siniň. Şol sanda Owganystan Yslam Respublikasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Fransiýa Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Hindistan Respublikasynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Müsür Arap Respubliksynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Ispaniýa Patyşalygynyň, Daniýa Patyşalygynyň, Awstriýanyň, Ýaponiýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, şeýle hem halkara we sebit derejesindäki guramalaryň 10-synyň, şol sanda BMG-nyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we BMG-niň Owganystana kömek bermek boýunça Missiýasynyň (UNAMA) wekiliýetleriniň agzalary gatnaşdylar. Şeýle hem duşuşyga daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de milli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Duşuşygyň gün tertibi boýunça Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak maksady bilen howpsuzlyk boýunça sebitdäki hyzmatdaşlygyň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere garaldy. Şonda Kabul jarnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak esasy meseleleriň birine öwrüldi. Bu jarnamany owgan paýtagtyndaky halkara maslahatynyň netijeleri boýunça kabul etmek göz öňünde tutulýar.
Aşgabatda şunuň ýaly möhüm ähmiýetli halkara duşuşygynyň guralmagy Türkmenistanyň dünýä derejsindäki at-abraýynyň barha artýandygyny hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen hem-de sebitdäki we bütin dünýädäki ösüşe degişli möhüm meseleleriň çözülmegine gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň giňden ykrar edilýändigini aýdyň görkezýän nobatdaky subutnama öwrüldi.
Çykyş edenler Owganystandaky ýagdaýy düzgünleşdirmek bilen bagly işiň sazlaşykly häsiýete eýe bolýandygyny we şu duşuşygyň bu ugurdaky wajyp ähmiýetli möhüm ädim bolup durýandygyny hem-de Owganystanda we umuman, Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň hatyrasyna bilelikdäki tagallalary mundan beýläk-de jebisleşdirmek, hyzmatdaşlyk boýunça umumy bähbitlere laýyk gelýän täze ýollary we usullary işläp taýýarlamak bilen baglylykda wajyp ähmiýetli waka öwrülendigini bellediler.
Ýygnananlar Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy dikeltmegiň diňe bir merkezi Aziýa sebitinde däl-de, has giň gerimde howpsuzlygyň tutuş ulgamy we durnukly ösüş boýunça ähmiýetli ýagdaýdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady we serişdeler babatda kuwwatly döwlet diýlip hasaplanýan hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda oňyn halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen strategiýany amala aşyrýan Türkmenistanyň wajyp orny eýeleýändigi aýratyn bellenildi.
Türkmen döwleti esasy halkara düzümleriniň we ilkinji nobatda BMG-niň howandarlyk etmeginde sebit we sebitara derejesindäki maksatnamalary amala aşyrmakda esasy hyzmatdaş bolup durýar. Galyberse-de, türkmen Lideriniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe süren döredijilikli başlangyçlary aýratyn möhüm ähmiýete eýedir, şolarda Türkmenistanyň owgan meselesi boýunça düýpli garaýşy beýan edilýär.
Mälim bolşy ýaly, türkmen tarapynyň Owganystandaky ýagdaý boýunça çemeleşmeler we anyk ädimleri bar bolan derwaýys meseleleriň diňe parahatylykly, diplomatik usullar we serişdeler arkaly çözülmegrne ygrarly bolunmagyna esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda bu mesele boýunça halkara gepleşiginiň netijeli we anyk usulyny işläp taýýarlamak netijeli ädimleriň biri bolup durýar.
Ýurdumyzyň goňşy döwlet babatdaky üýtgewsiz garaýşy doganlyk owgan halkyna parahat we abadan durmuşy gurmakda, durmuş-ykdysady desgalaryň düzümini dikeltmekde anyk kömek bermegi arkaly öz beýanyny tapýar. Türkmenistan şeýle konseptual garaýyşdan ugur alyp, Owganystan bilen söwda-ykdysady aragatnaşyklaryny yzygiderl ýagdaýda giňeldýär hem-de energetika, ulag we kommunikasiýalar ýaly möhüm ähmiýetli ulgamlarda wajyp taslamalary amala aşyrýar. Ýurdumyzyň goňşy döwlete geçirilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak, transmilli awtoulag we demir ýollarynyň ulgamyny giňeltmek, şeýle ehm ynsanperwerlik kömegini bermek we owgan jemgyýetiniň durmuşyna degişli beýleki ugurlarda ýardam etmek boýunça amala aşyrýan anyk çäreleri döwletimiziň saýlap alan ugruna ygrarlydygyny görkezýär.
Şeýle hem iri transmilli desga bolan bolan Türkmenistan –Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny nazarlaýan möhüm taslamanyň aýratyn ähmiýeti bellenildi. Şeýle iri möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi durmuş-ykdysady ähmiýetinden başga-da, onuň sebitleýin howpsuzlygy pugtalandyrmakda we Merkezi Aziýada hem-de Günorta Aziýada özara hyzmatdaşlygy ösdürmekde derwaýys ugur bolup durýandygyny bellemeli.
Türkmen tarapynyň wekilleriniň belleýişleri ýaly, Türkmenistan mundan beýläk-de BMG-niň howandarlygynda goňşy ýurtda durnukly ösüşe üpjün etmek maksady bilen, Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak we durnuklaşdyrmak işini parahatçylykly ýol bilen durmuşa geçirmek babatda halkara bileleşiginiň alyp barýan tagallalaryna işjeň goşular.
Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary jenap Jawid Ludin öz gezeginde Owganystanyň Hökümetiniň we tutuş owgan halkynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna goňşy döwletde parahatçylykly ösüşiň üpjün edilmeginde doganlyk goldawyny we işjeň kömek berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy. Owganystanyň daşary syýasat edarasynyň wekiliniň bellemegine görä, onuň ýurdunda Bitarap Türkmenistanyň döredijilkili syýasatyna we goňşy ýurduň sebitleýin hem-de ählumumy möçberde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen işjeň başlangyçlaryna ýokary baha berilýär. Şu jähetden türkmen döwletiniň sebitde oňyn netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekdäki möhüm orun aýratyn bellenildi.
Owganystanyň Türkmenistan bilen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny bellemek bilen, myhman iki tarapyň özara hoşniýetli erki netijesinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň okgunly häsiýete eýe bolýandygyny nygtady. Şunlukda, iki goňşy ýurduň milli Liderleriniň arasynda ýola goýulýan özara düşünişmek we ynanyşmak häsiýetindäki gatnaşyklary hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär diýlip bellenildi.
Owganystanyň DIM-niň wekili ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky ýyllarda sazlaşykly ösüşe eýe bolýandygyny belledi. Türkmen-owgan gatnaşyklary ykdysady ulgamda, ulag-aragatnaşyk pudagynda, energetika senagatynda we bilim ulgamynda üstünlikli ösdürilýär. Bellenilişi ýaly, indi birnäçe ýyl bäri Türkmenistan Owganystana elektrik energiýa ugradýar. Türkmen döwletiniň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän iri energo ulgamynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi türkmen elektroenergiýasynyň owganystana ugradylýan möçberini bäş esse artdyrmaga mümkinçilik berer. Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaýyň 2011-nji ýylyň maýynda biziň ýurdumyza bolan resmi sapary mahalynda iki ýurduň hökümetleriň arasynda gol çekilen çarçuwaly Ylalaşygyň netijesinde Atamyrat--Ymamnazar--Akina--Andhoý demirýoluny çekmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Türkmenistan –Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçrijisiniň gurluşygy boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň Owganystanyň ykdysadyýeti üçin möhüm ähmiýetlidigini bellemek bilen, jenap Jawid Ludin bu taslamalaryň diňe bir türkmen we owgan halklary üçin däl, eýsem tutuş sebit üçin ägirt uly ykdysady bähbidi bardyr diýip belledi.
Duşuşygyň barşynda birnäçe sebitleýin meseleler, öňi bilen bolsa, Owganystanyň ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleler babatda özara ylalaşykly çözgütleri tapmak boýunça Owganystan bilen onuň ýakyn we uzakdaky goňşularynyň arasynda syýasy geňeşmeleri yzygiderli geçirmäge gönükdirilen özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary hakynda pikir alyşmalar boldy.
Bellenilişi ýaly, bu ugurlaryň hemmesi, syýasat we howpsuzlyk, ykdysadyýet we durmuş ulgamy, medeniýet we bilim ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň oňyn görnüşlerini işläp taýýarlamagy nazarlaýar. Şu jähetden owgan meselesiniň parahatçylykly ýol bilen çözülmeginiň anyk ykdysady mazmuny bar we ol Owganystanyň sebitleýin we ählumumy ykdysady düzüme doly ýagdaýda goşulmagyny şertlendirýän hem-de strategik ähmiýetli iri wezipeleriň durmuşa geçirilmegini göz öňünde tutýar.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bu gezekki wekilçilikli forumyň sebitde we tutuş dünýäde ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen ýola goýulýan işjeň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm orny eýeleýär diýip bellediler.