Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirildi. Olara gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň syýasy meseleler boýunça orunbasary jenap Jawid Ludiniň ýolbaşçylygynda Owganystanyň wekilçilikli topary geldi.
Açyk we dostlukly ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda ykdysady, ulag – aragatnaşyk ulgamynda we ýangyç-energetika toplumynda, gumanitar ugurda, sportda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Owgan wekiliýeti Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmaga, goňşy döwletde asuda we abadan durmuşyň berkarar bolmagyna işjeň gatnaşýandygyna ýokary baha berdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystanyň iri ykdysady taslamalara goşulyşmagy boýunça halkara başlangyçlarynyň ähmiýetiniň uludygy bellenildi. Şol taslamalar Owganystanyň sebitiň we dünýäniň ykdysady ulgamyna goşulyşmagyna ýardam edýär. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Atamyrat-Ymamnazar-Akina-Andhoý demir ýolunyň gurluşygy, goňşy ýurda iberilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberleriniň artdyrylmagy şol taslamalaryň hatarynda görkezildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary syýasat edaralarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň, ozaly bilen BMG-niň çäklerinde özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda taraplar syýasy gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, şol sanda Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli geňeşmeler görnüşinde ösdürmek barada öz pikirlerini aýtdylar.