Ï Türkmenistan—Pakistan: uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan—Pakistan: uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim

view-icon 761
Şu gün türkmen paýtagtynda Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň üçünji mejlisi boldy. Oňa iki ýurduň esasy pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşmak üçin Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri hanym Hina Rabbani Kharyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi, ol pakistan tarapyndan toparyň başlygy bolup durýar.

Işjeň ýagdaýda geçen mejlisiň barşynda taraplar döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary güýçlendirmek boýunça anyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bilelkidäki toparyň başlyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, şu mejlisiň iki dostlukly halkyň bähbitlerine ykdysady, söwda, ylmy-tehniki, gumanitar ulgamlarda köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklaryň, hususan-da, bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň ikinji mejlisiniň maslahatlarynyň durmuşa geçirlişi bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Mejlise gatnaşyjylar geçen döwürde esasy ugurlaryň birnäçesi boýunça özara gatnaşyklaryň işjeňleşendigini belläp, söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar. Pakistanyň wekiliýetiniň agzalary daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin Türkmenistanda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigini belläp, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak üçin Pakistanyň işewürleriniň özleriniň türkmen bazaryndaky ornuny has giňeltmäge çalyşýandyklaryny aýtdylar.

Duşuşykda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri hem ara alyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmak baradaky giň möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Bu gaz geçirijisi türkmen tebigy gazynyň Günorta Aziýa sebitiniň uly ýurtlaryna uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün eder. Energetika pudagy hem netijeli gatnaşyklaryň ileri tutulýan ulgamlarynyň hatarynda görkezildi.

Gumanitar ulgamda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan hem, Pakistan hem ruhy we maddy medeniýetiň täsin mirasyna eýedir. Taryhy-medeni ýakynlygyň hem-de ylym-bilim gatnaşyklarynyň esasynda bu ulgamda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmaga ýardam eder.

Toparyň mejlisi tamamlanandan soň Pakistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy hanym Hina Rabbani Khar myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Prezidentine we hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, gazanylan ylalaşyklaryň ýakyn wagtda iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlanjakgyna we Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli we dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Mejlise gatnaşyjylar şu günki duşuşygyň netijeli bolandygyny belläp, onuň jemleri boýunça gol çekilen beýanatyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerini giňeltmäge ýardam etjekdigini, şeýle hem ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri aşçakdygyny nygtadylar.

Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň dördünji mejlisini 2013-nji ýylda Pakistan Yslam Respublikasynyň paýtagty Yslamabat şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar.