Türkmenistanyň migrasiýa gullugynda bolan duşuşykda Täjigistanyň içeri işler ministrliginiň we Täjigistanyň Prezident diwanynyň wekillerini Türkmenistanda raýatsyzlygyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan syýasaty we degişli milli hukuk esaslaryny berkitmek boýunça çäreleri bilen tanyşdyrdylar.
Duşuşyk Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçiriljek iri halkara forumyna taýýarlyk işleriniň çäklerinde geçirildi. Bu forum dünýä bileleşigini we sebitleri Türkmenistanyň raýatlygy ýok adamlary we bosgunlary raýatlyga kabul etmek boýunça tejribesi bilen tanyşdyrmaklygy göz öňünde tutýar. Türkmenistanda bu forumy geçirmeklik başlangyjy bilen BMG-iň bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarlygynyň müdiriýeti bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-iň Baş Assambleýasynyň 66 –njy sessiýasynda çykyş etdi.
Soňky ýyllarda Türkmenistan BMG-iň bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarlygynyň müdiriýeti bilen raýatlygy ýok adamlar bilen baglanyşykly meselelerde netijeli gatnaşyklary alyp barýar. 2011-nji ýylyň aprelinde Türkmenistan BMG-iň bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasyna hemişelik esasdaky agzasy hökmünde kabul edildi.
Türkmenistanda „Bosgunlar hakynda“ Kanun kabul edildi, ýurdumyz BMG-iň 1951-nji ýylda kabul eden „Bosgunlaryň derejesi“ baradaky Konwensiýasyna, bosgunlara degişli 1967-nji ýylyň Protokolyna, BMG-iň 1954-nji ýylda kabul edilen“Apatridleriň derejesi“ Konwensiýasyna we „Raýatsyzlygy kemeltmek“ boýunça BMG-iň 1961-nji ýyldaky Konwensiýalaryna goşuldy.
2011-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Prezidenti ýokary ynsanperwerligiň we adam hukuklaryny we azatlygyny goramak baradaky kabul edilen halkara kadalarda meýlini tassyklap, şeýle-de raýatlygy saýlamak hukugyny göz öňünde tutup, 1590 adama raýatlygy bermek barada ýörite Perman kabul etdi. Şol ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan raýatlygy bolmadyk ýene-de 1728 adama raýatlyk berildi.