Ï Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň nobatdaky mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň nobatdaky mejlisi

view-icon 578
Şu gün paýtagtymyzdaky “Prezident” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Orta Aziýa ýurtlarynyň – Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň suw hojalyk pudaklarynyň ýolbaşçylary, wekilleri we hünärmenleri gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar soňky ýyllarda dostlukly goňşy ýurtlaryň – Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň agzalarynyň hyzmatdaşlygynyň işjeň häsiýete eýe bolýandygyny, tutuş sebit üçin möhüm bolan suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly meseleleriň çözgüdine ylalaşykly çemeleşmeleriň işjeňleşendigini kanagatlanma bilen bellediler.

Hususan-da, şu gezekki mejlisde 2011-2012-nji ýyllar üçin suwaryşara döwründe bahar aýlarynda sil suwlaryny geçirmek we peýdalanmak boýunça kabul edilen bilelikdäki çäreleriň jemlerine garaldy. Şeýle hem Amyderýanyň we Syrderýanyň dolup akýan pursatlarynda suwlary peýdalanmagyň, şeýle hem şu ýylyň ikinji ýarymynda geçiriljek serhetüsti suw serişdelerini bilelikde dolandyrmak boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahaty mynasybetli görülýän taýýarlyk işleriniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise gatnaşyjylar Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň nobatdaky mejlisiniň meýilnamalaryny gözden geçirip, bu pudakdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek barada aýtdylar we toplanan oňyn tejribeleri alyşmak hem-de öňdebaryjy halkara iş tejribelerini ulanmak babatda bildirilýän gyzyklanmalary mälim etdiler.