Şu gün paýtagtymyzda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Onuň işine döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň esasy pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar soňky ýyllarda hil taýdan täze ösüşe eýe bolan türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen belläp, onuň ägirt uly mümkinçiliklerini üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli şertleriň bardygyny aýtdylar.
Toparyň mejlisiniň gün tertibine esasy ugurlaryň birnäçesi boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Hususan-da, özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň geljekki ädimleri ara alnyp maslahatlaşyldy we söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, oba hojalygy, ulag, maşyngurluşyk, gämigurluşyk, ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlarda bilelikde işlemegiň geljek üçin meýilnamalary bellenildi.
Duşuşygyň barşynda Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny giňeltmäge çalyşýandygy barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, tatar işewürleriniň bildirýän ägirt uly gyzyklanmasy milli ykdysadyýetiň okgunly ösýändigi we biziň ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy bilen şertlendirilendir.
Gumanitar gatnaşyklary, ilkinji nobatda, bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, tatarystanly hyzmatdaşlaryň ýokary hünärli milli hünärmenleri taýýarlamak üçin bu ulgamda bar bolan mümkinçiliklerini hödürlemäge taýýardygy tassyklanyldy.
Şeýle hem medeni gatnaşyklary, şol sanda Türkmenistanda we Tatarystan Respublikasynda guralýan halkara festiwallaryna we beýleki döredijilik forumlaryna gatnaşmagyň hasabyna hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň möhümdigi bellenildi. Şunuň bilen birlikde, duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň hem döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary hökmünde sport we syýahatçylyk ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhümdigini biragyzdan bellediler.
Mejlisiň ahyrynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetiniň adyndan toparyň başlygy mähirli kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bilelikdäki toparyň işiniň doly möçberli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.