Ï Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň geljegi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň geljegi

view-icon 635
Şu gün “Mizan” işewürlik merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça II Türkmen-german saglygy goraýyş maslahaty öz işine başlady. Bu maslahat saglygy goraýyş ulgamynda iki dostlukly ýurduň arasynda oňyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde nobatdaky möhüm ädim bolar.

Bu duşuşyk geçen ýylyň noýabrynda Mýunhende başlanan oňyn gepleşikleriň dowamy boldy. Mýunhende I Türkmen-german saglygy goraýyş maslahaty geçirilipdi. Oňa gatnaşmak üçin diňe bir saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri däl, eýsem, iki ýurduň syýasatçylary we ykdysadyýetçileri çagyryldy. Munuň özi bu ulgamda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berdi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan guralan şu işjeň duşuşyga birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleri, iri ylmy-kliniki mekrezleriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşmak üçin ýörite türkmen paýtagtyna Germaniýa Federatiw Pespublikasyndan wekiliýet geldi. Onuň düzümine hökümet edaralarynyň, halkara guramalarynyň, işewürligi we lukmançylygy ösdürmek boýunça döwlet guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem meşhur nemes alymlary we saglygy goraýyş hem-de derman senagaty ulgamynyň hünärmenleri, saglygy goraýyş ulgamy üçin täze tehnologiýalary işläp taýýarlaýan kompaniýalaryň bilermenleri girdiler.

Aşgabatda saglygy goraýyş ulgamynda şeýle giň wekilçilikli ylmy maslahatyň geçirilmeginiň özi täze taryhy eýýamda türkmen döwletiniň ösüşinde bu ulgamyň ileri tutulýandygyna şaýatlyk edýär. “Milletiň saglygy ýurdumyzyň baş baýlygydyr, onuň gülläp ösüşiniň esasydyr” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu parasatly sözlerinde häzirki türkmen döwletiniň ösüşi bilen baglylykda çuň many jemlenendir. Çünki, milli Liderimiz üçin halkyň saglygy syýasy, strategik düşünjedir, durmuş taýdan abadançylygyň möhüm şertidir.

Özünde ata-babalarymyzyň parasatlylygyny we tejribesini hem-de dünýäniň lukmançylyk ylmynyň häzirki zaman ýörelgelerini sazlaşykly birleşdirýän ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döretmekde we ösdürmekde köp ýyllaryň dowamynda bu ulgama ýolbaşçylyk eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýgytlaýjy orun degişlidir. Türkmenistanda adamlaryň saglygyny goramak köp ugurly ulgamdyr. Ol özüne häzirki zaman saglygy goraýyş merkezleriniň we şypahanalaryň gurluşygyny, ekologik wezipeleriň çözülmegini, köpçülikleýin sport hereketiniň we işjeň dynç alyş düzüminiň ösdürilmegini, şeýle hem biziň her birimiziň aňymyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, ruhy we ahlak gymmatlyklaryň berkarar bolmagyny birleşdirýär. Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek babatda Türkmenistanda toplanan oňyn tejribe dünýä bileleşiginiň we esasy halkara guramalarynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň iri düzümleriniň – Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň we beýlekileriň giň ykrarnamasyna eýe boldy. Türkmenistan şol abraýly halkara guramalary bilen işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlagyny üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz gutlagynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklara we oňyn gepleşiklere, şeýle hem raýatlary bejermegiň häzirki zaman usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak we ylmy-barlag işleriniň geçirilmegini guramak babatda oňyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly ähmiýet berýändigini belledi.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Raýner Morel maslahata gatnaşyjylary mübärekläp we Türkmenistan bilen däbe öwrülen gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň geljegine ýokary baha berip, häzirki taryhy eýýamda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda ylmy taýdan meýilleşdirmek babatda, ony dolandyrmakda we oňa dünýä lukmançylygynyň iň täze işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrmakda özüniň netijeli milli ýoluny seçip alandygyny nygtady.

Germaniýanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edýän Germaniýa Federatiw Respublikasynyň federal ykdysadyýet we tehnologiýalar ministriniň orunbasary Karl-Ernst Brauner işewür duşuşygy açyp, türkmen-german gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek jähetinden maslahatyň ähmiýetini aýratyn nygtady. Şol gatnaşyklar taraplaryň tagallalary netijesinde soňky ýyllarda hil taýdan täze ösüşe eýe boldy. Häzirki zaman ylmy-tehniki ösüş döwründe islendik döwletiň ösüşi köp babatda durmuşyň ähli ulgamlaryna, şol sanda saglygy goraýşa täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, döredijilik işini höweslendirmek, şeýle hem ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak bilen baglanyşyklydyr.

Ara alnyp maslahatlaşylan köp sanly meseleleriň hatarynda häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň we ýokary bilimiň derwaýys ugurlaryna, lukmançylyk biliminiň däplerine we innowasiýalara, lukmançylyk biliminde häzirki zaman maglumatlar we aragatnaşyk tehnologiýalaryna, kliniki sapaklary okatmakda häzirki zaman ýokary tehnologiýaly okuw gollanmalarynyň ornuna we beýlekilere aýratyn üns berildi. Täze Halkara lukmançylyk merkezleriniň ulanylmaga berilmeginiň, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň açylmagynyň talyplary we aspirantlary okatmagyň öňdebaryjy usullaryny üstünlikli ornaşdyrmaga, lukmanlary dünýä ülňüleriniň derejesinde taýýarlamaga, ýaş işgärleri ylmy barlaglaryň täze derwaýys ugurlaryny işläp taýýarlamaga çekmäge mümkinçilik berýändigi bellenildi.

Myhmanlar hyzmatdaşlygy ösdurmäge we giňeltmäge çalyşýandyklaryny aýdyp, öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamynda dünýäde esasy orunlarynyň birini eýeleýän Germaniýanyň özüniň tejribesini, iň täze ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge taýýardygyny bellediler. Munuň özi saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we ony ösüşiň innowasion ýoluna geçirmek babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ulgamlarynda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çykyşlaryň esasy bölegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamyndaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde gazanylan anyk netijelere bagyşlandy. Şol syýasat bolsa pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyny, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyny we Türkmenistanyň dermanlyk ösümliklerinden derman serişdelerini öndürýän täze kärhanalaryň işe girizilmegini üpjün edýär.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda döredýän milli nusgasyna aýratyn üns berildi. Onuň ähmiýeti ylmyň, bilimiň we saglygy goraýşyň sazlaşykly ösmegi bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi lukmanlaryň işinde iň öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary ulanmaga ýardam edýär, hünär okuwlarynyň üznüksiz alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär.

Aşgabatda ikinji gezek geçirilýän pudaklaýyn türkmen-german maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan maslahata gatnaşyjylar üçin ikitaraplaýyn duşuşyklaryň maksatnamasy taýýarlanyldy. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ylmy-kliniki merkezleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasy özüne saglygy goraýşyň ähli ulgamlaryna degişli köp sanly taslamalary hem-de iki ýurduň hünärmenleriniň netijeli gatnaşyklarynyň köp ugurlaryny we usullaryny birleşdirýär. Onuň esasy maksady Germaniýanyň ylmy we işewür toparlarynyň wekillerini Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi, biziň ýurdumyzda döredilen maýa goýum ýagdaýy bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Maslahatyň işiniň birinji güni tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar paýtagtymyzdaky Halkara lukmançylyk merkezlerine baryp gördüler. Munuň özi olara biziň ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, bilim ulgamyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Ertir saglygy goraýyş maslahaty öz işini dowam eder.