Ï Saglygy goraýyş halkara gatnaşyklar ulgamynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Saglygy goraýyş halkara gatnaşyklar ulgamynda

view-icon 685
Şu gün paýtagtymyzda II Türkmen-german saglygy goraýyş maslahaty öz işini tamamlady. Bu maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirildi. Işjeň duşuşyga ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň birnäçesiniň wekilleri, türkmen we nemes lukman alymlary, Germaniýanyň iri ylmy-kliniki merkezleriniň onlarçasyna wekilçilik edýän hünärmenleri we bilermenleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň giň ugurlarynda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda gazanan ajaýyp üstünliklerini beýan edip, maslahat bu ulgamda geljekki netijeli hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny açdy.

Maslahatyň gün tertibi Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulagmynda milli strategiýasynyň möhüm meselelerini öz içine alyp, türkmen lukmanlarynyň saldamly oňyn tejribesi, halkara hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda köp ugurly maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmegiň netijeleri bilen tanyşmaga, şeýle hem sebitleýin we ählumumy derejelerde hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar ilatyň saglygyny goramak ulgamynda gazanylan uly üstünlikler barada aýdyp, ýurdumyzyň saglygy goraýşynda giňden ulanylýan innowasion tehnologiýalaryň diňe bir häzirki zaman enjamlaryndan ybarat däldigini nygtadylar. Munuň özi, ilkinji nobatda, türkmen lukmanlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan, keseli bejermegiň iň täze usullaryny ornaşdyrmakdan we näsaglara dünýä lukmançylyk ylmynyň ýöriteleşdirilen hyzmatlaryny hödürlemekden ybaratdyr.

Maslahatyň işiniň barşynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň mejlisler zalynda Germaniýanyň halas ediş gullugynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa biziň ýurdumyzyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri çagyryldy. Bu ýerde nemes kärdeşleri bilen hyzmatdaşlykda saglygy goraýyş ulgamynda giň möçberli maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilişi baradaky synlar hödürlenildi.

Halas ediş gullugy ulgamynyň (EMS) döredilmegini üstünlikli durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň hatarynda görkezmek bolar. Ol özüne Aşgabatda we welaýatlarda gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezleriniň taslamalarynyň taýýarlanylmagyny, gurulmagyny we enjamlar bilen üpjün edilmegini, dikuçarlar we beýleki ulag serişdeleri bilen üpjün edilen dolandyryş-gözegçilik merkezleriniň döredilmegini öz içine alýar.

Myhmanlar Germaniýanyň häzirki zaman halas ediş gullugyny guramak we onuň düzümi, gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegi barada jikme-jik habar berip, özleriniň tejribesini, iň täze ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalaryny teklip etdiler. Munuň özi türkmen saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we ösüşiň innowasion ýoluna geçirmek babatda örän derwaýysdyr.

Çykyş edenler soňky birnäçe ýylyň dowamynda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze lukmançylyk edaralarynyň gurlandygyny we häzirki wagtda diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şol sanda alysdaky obalarda olaryň giň gerimde gurulýandygyny nygtadylar. Munuň özi ýerlerde ilata ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermäge ýardam edýär.

Aşgabadyň günorta böleginde, Köpetdagyň eteginde, iň täze enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň gurulmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu ýerde şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti ýerleşýär. Şäheriň şu böleginde Göz kesellerini bejeriş halkara merkezi peýda boldy, ýakyn ýyllarda bolsa onuň ýanynda häzirki zaman Stomatologiýa merkezi gurlar.

Maslahata gatnaşyjylar paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde iň häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň döredilýändigini hem bellediler. Olaryň arasynda serhetçiler üçin häzirki zaman harby gospitaly, Şikesleri bejermegiň halkara merkezi bar. Bu merkezler “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň netijeleridir. Şol ýerde infuzion erginleri öndürmek boýunça kärhananyň binýady tutuldy. Ol ýokary tehnologiýalara esaslanýan öňdebaryjy önümçilik enjamlary bilen üpjün ediler.

Günüň ikinji ýarymynda II Türkmen-german saglygy goraýyş maslahatynyň ýapylyş dabarasy boldy. Onda maslahatyň işiniň jemleri jemlenildi. Duşuşyga gatnaşyjylar lukmançylyk ylmyny ösdürmäge, lukmançylyk hünärmenlerini taýýarlamak işini kämilleşdirmekde giňden tejribe alyşmaga ýardam edýän duşuşyklary dowam etdirmegiň wajypdygyny bellediler.

Halkara maslahat iki ýurduň ylmy we işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda işjeň gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini görkezdi, olaryň anyk netijelere meýillidigini tassyklady we saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde türkmen-german hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak maksadynda özara gatnaşyklaryň ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, adamlaryň saglygyny goramak barada türkmen döwletiniň Baştutanynyň oňyn başlangyçlaryny biragyzdan goldaýandyklaryny beýan etdiler we berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşjakdyklaryna milletiň Liderini ynandyrdylar.

Maslahata gatnaşýan myhmanlar Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli medeni merkezine we Türkmenistanyň Garaşsyzlyk muzeýine baryp görerler.