Ï “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly IV halkara ylmy maslahaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly IV halkara ylmy maslahaty geçirildi

view-icon 934
Şu gün Türkmen bedewiniň baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň binasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň

howandarlyk etmeginde “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly IV halkara ylmy maslahaty geçirildi.

“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň we ýurdumyzyň obasenagat toplumyna girýän ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralaryň guramagynda geçirilen halkara çäresiniň işine gatnaşmak üçin paýtagtymyza dünýäniň 34 ýurdundan wekiller geldi.

Maslahatyň dabaraly açylyşyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, türkmen we daşary ýurt alym-ippologlary, atşynaslar, genetikler, seçgiçiler, atçylyk sporty bilen meşgullanýan türgenler, tälimçiler we žurnalistler, şeýle hem ylmy-barlag institutlarynyň işgärleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlagyny aýratyn üns bilen diňlediler. Onda döwlet Baştutany atşynaslary, ahalteke bedewleriniň janköýerlerini we türkmen halkyny Türkmen bedewiniň baýramy bilen gutlap, “Mydama üstünliklere we ýeňişlere beslenip gelen türkmen bedewleri häzirki döwürde hem ýyndamlykda we uzak ýollara ýörişde ýokary ukyplaryny görkezýär. Bu gün ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri täzeden dikeldilip, türkmeniň atşynaslyk sungaty rowaçlyklara beslenýär. Ýyndamlygy hem-de owadanlygy bilen şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerimiziň şöhratly ýoly gaýtadan dabaralanýar” diýip nygtaýar.

Milletiň Lideri maslahata gatnaşyjylara olaryň asylly işlerinde üstünlikler arzuw edip, biziň ýurdumyzda “behişdi bedewleriň” şanyna halkara ylmy maslahatlarynyň geçirilmegi ahalteke bedewleriniň bütin dünýäde şöhratyny artdyrmaga we türkmen atşynaslyk sungaty hem-de bahasyna ýetip bolmajak ahalteke bedewleri baradaky maglumatlaryň wagyz edilmegine ýardam berýär diýip belledi.

Umumy mejlisiň barşynda ýurdumyzyň hünärmenleriniň hem-de Russiýadan, Ukrainadan, Urugwaýdan, Şwesiýadan, ABŞ-dan we beýleki ýurtlardan görnükli alymlaryň we atşynaslaryň ahalteke atçylygynyň taryhyna, häzirki döwürde ýeten derejelerine we geljegine, atşynaslyk hem-de atçylyk sporty boýunça dünýä halklarynyň däp-dessurlaryna we tejribelerine bagyşlanan çykyşlary diňlenildi.

Maslahatyň bölümler boýunça geçirilen mejlislerinde dünýä ippologiýa ylmynyň taryhy, häzirki ýagdaýy we ösüşi, atçylyk sporty hem-de syýahatçylyk, ýokary derejeli atşynas hünärmenleri we türgenleri taýýarlamak, tohumçylyk-seçgi işlerini geçirmek, ahalteke bedewleriniň gözellik sypatlaryny gorap saklamak we kämilleşdirmek, olaryň keşpleriniň taryhy çeşmelerde, edebiýatda, sungatda we beýlekilerde beýan edilişi ýaly meseleler boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Maslahat tamamlanandan soň oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly IV halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylaryň ählisi

Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan dabaralara gatnaşarlar.