Şu gün Halkara atçylyk sport toplumynyň maslahatlar zalynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň II mejlisi geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda ştab-kwartiwasy bolan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy 2010-njy ýylyň awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen esaslandyryldy. Onuň baş maksady türkmen halkynyň umumyadamzat medeniýetiniň hazynasyna goşan ägirt uly goşandy bolan ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratyny artdyrmakdan, daşary ýurtlardaky arassa ganly ahalteke atlaryň anyk hasabyny ýöretmekden, halkara atçylyk- sport bäsleşiklerini guramakdan, halkara atçylyk guramalary bilen tejribe alyşmak arkaly hünärmenleriň bilim we hünär derejesini ýokarlandyrmakdan, naýbaşy ahalteke tohumyndaky atlaryň sanyny artdyrmakdan ybaratdyr.
Ahalteke atlaryna aýratyn gadyr goýýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda bolşy ýaly, halkara giňişliginde ahalteke atşynaslygynyň ösdürilmegine goşan ägirt uly goşandy nazarda tutulyp, milli Liderimiz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidentligine saýlandy.
2011-nji ýylyň aprelinde assosiasiýanyň I mejlisiniň hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçirilendigini ýatlap geçmek ýerliklidir. Milli Liderimiz şol mejlisde eden taryhy çykyşynda assosiasiýanyň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi. Gysga döwrüň içinde assosiasiýa daşary ýurtlardaky ahalteke assosiasiýalary bilen ýygjam gatnaşygy ýola goýdy we ahalteke bedewlerine gadyr goýýanlaryň hem-de hünärmenleriň atşynaslygy ösdürmek boýunça tagallalaryny birleşdirmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirdi. Şu ýyl Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýardam bermeginde “Behişdi ahalteke atlary” atly täze žurnal döredildi. Onuň ahalteke atlary hakyndaky maglumatlary bir ýere jemlemekde, bedewleri we olaryň taryhy gymmatlygyny, şöhratyny dünýäde wagyz etmekde, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe atçylyk we atçylyk sporty ulgamynda alnyp barylýan işleri, türkmen seýisleriniň gadymy şöhratyny artdyrmakda möhüm ähmiýeti bolar.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň II mejlisine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary onuň açylyşy bilen gutlap, “Meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty müňýyllyklaryň dowamynda äleme dolup gelýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge döwlet tarapyndan uly üns berilýär. Soňky ýyllarda dünýä meşhur behişdi bedewlerimiziň at-owazasy täze belentliklere göterildi. Ahalteke bedewlerine dünýä ýüzünde uly gyzyklanma bildirilýändigi göz öňünde tutulyp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýsy döredildi. Bu assosiasiýanyň işe başlamagy bilen, gysga wagtyň içinde daşary ýurtlardaky ahalteke atçylyk assosiasiýalary bilen ýakyndan gatnaşyklar ýola goýuldy” diýip belleýär.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň II mejlisiniň gün tertibine assosiasiýanyň dolandyryş müdiriýetiniň ýerine ýetiriji direktorynyň assosiasiýanyň I mejlisinde kabul edilen iş meýilnamasynyň berjaý edilişi hakyndaky hasabaty diňlenildi, birnäçe guramaçylyk meselelerine seredildi, şeýle hem assosiasiýanyň ýakyn geljekde ýerine ýetirmeli işleriniň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy we ol kabul edildi.
Mejlisde “PEGASUS FARMS LTD” kompaniýasynyň direktory Nerwe Noel Barjod, Italiýanyň ahalteke assosiasiýasynyň prezidenti Mino Denti, Ispaniýanyň ahalteke atçydyk assosiasiýasynyň prezidenti De Toledo Loma-Osorio Blanka, Italiýanyň “Italiano Allavatori Akhal teke-Universo Akhal teke” jemgyýetiniň prezidenti Pietro Beladelli, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti Tatýana Rýabowa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar häzirki döwürde Türkmenistanda atçylygy ösdürmek, ahalteke tohumyndaky atlary gorap saklamak we olaryň sanyny artdyrmak boýunça uly işleriň bitirilýändigini hem-de bu babatda amatly şertleriň döredilendigini bellediler. Mälim bolşy ýaly, atçylyk sungaty medeni, durmuş, galyberse-de, syýasy ýagdaý bolmak bilen, dürli ýaşdaky we dürli milletlerden bolan adamlary bir ýere jemleýän kuwwatly usul bolup durýar. Ahalteke tohumyndaky atlara bolan gyzyklanma Türkmenistanyň çäklerinden bireýýäm çykdy. Ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan assosiasiýalaryň, jemgyýetleriň we iri merkezleriň örän köp bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Mejlisiň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistandan we daşary ýurtlardan assosiasiýa agza bolmaga isleg bildirýänleriň sany yzygiderli artýar. Munuň özi “behişdi bedewleriň” dünýä ýüzündäki abraýynyň belentdiginden habar berýär. Häzirki wagta çenli olaryň sany 110-dan gowrak bolan bolsa, şu gün olaryň hataryna ýene-de 25 görkeziji goşuldy. Olaryň arasynda türkmenistanlylardan başga-da, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Polşanyň we Gazagystanyň raýatlary, şeýle hem guramalaryň 7-si -- “Сonsorzio Italiano Allevatori Akhal teke-Universo Akhal teke” (Italiýa), “Dakor” atçylyk merkezi (Gazagystan), “DURALOСK LTD (UK)” (Beýik Britaniýa), “PEGASUS FARMS LTD” (Fransiýa), “SKY GROUP SLOVAKIA, s. r.o. (ALANIA – STUD)” (Slowakiýa) bar.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň II mejlisine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Günüň ikinji ýarymynda daşary ýurtly myhmanlar “Altyn asyr” gündogar bazaryna, Baş milli muzeýe we Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler, şeýle hem Aşgabadyň gözel ýerlerine aýlandylar. Ertir olar ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramçylyk dabaralaryna gatnaşarlar.