Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki duşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki duşuşyk

view-icon 533
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Günorta we Merkezi Aziýanyň meseleleri boýunça býurosynyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň birinji orunbasary jenap Jefri Paýatyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk boldy. Myhman Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň kompaniýalarynyň II sergisine we türkmen-amerikan işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň dürli pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň, şeýle hem ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk ulgamynyň Amerikanyň esasy senagat kompaniýalary bilen berk hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy türkmen döwletiniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol gatnaşyklary ösdürmek bolsa iki dostlukly ýurduň bähbitlerine laýyk gelýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we dünýäniň iň gowy tejribesini hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak jähetinden özüniň daşary syýasat strategiýasynda esasy daşary ýurt kompaniýalary, şol sanda ABŞ-niň kompaniýalary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berýändigi nygtaldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň möhümdigini nygtadylar. Onuň işi işewürleriň duşuşygyny, maslahatlary we esasy amerikan kompaniýalarynyň önümleriniň sergilerini geçirmekde möhüm orun eýeleýär.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary hem-de geňeşmeleri, şol sanda Işewürlik ugry boýunça maslahatlaşmalary yzygiderli dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdylar.