ABŞ-nyň kompaniýalarynyň önümleriniň II sergisi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini görkezýär
Şu gün irden paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň kompaniýalarynyň II sergisiniň dabaraly açylyşy boldy. Onuň çäklerinde türkmen-amerikan işewürler maslahaty geçiriler. Iki dostlukly ýurduň özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge çalyşýandygyny görkezýän bu iri halkara ykdysady çärä gatnaşmak üçin ABŞ-nyň wekiliýeti türkmen paýtagtyna geldi.
Ozal habar berlişi ýaly, düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory jenap Erik Stýuarty kabul etdi. Duşuşygyň barşynda ileri tutulýan ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde “Türkmenistan-ABŞ” işewür geňeşiniň möhüm orny nygtaldy. Öz nobatynda, Türkmen-amerikan işewür geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň işewürler toparynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga we bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga gyzyklanmasynyň artýandygyny tassyklady.
Sergini guraýjylar—Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Türkmen-amerikan işewür geňeşi nebitgaz, geologiýa, awia we maşyngurluşyk, söwda, senagat, maýa goýum, ulag, aragatnaşyk we maglumatlar tehnologiýalary ulgamlaryndan başlap, oba hojalygyna we azyk senagatyna, ylym we bilim ulgamlaryna çenli özara hyzmatdaşlyk üçin gyzyklanma bildirilýän işiň dürli ugurlaryny hödürleýärler.
Çäräniň resmi böleginden öň türkmen artistleriniň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar ýaňlandy. Munuň özi bu çäräniň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň hökümet agzalary, milli parlamentiň wekilleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň köp sanlysy gatnaşdylar.
Dabara ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda iki tarap üçin hem bähbitli bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmekde bu forumyň aýratyn ähmiýetini nygtady.
“Bu sergi döwletlerimiziň arasyndaky uzakmöhletleýin söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde, amerikaly haryt öndürijiler bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde we Amerikanyň maýa goýumlaryny ýurdumyzyň ykdysadyýetine çekmekde uly ähmiýete eýe bolar” diýip, türkmen Lideri nygtady hem-de söwda we dokma senagaty, energetika, ulag, oba hojalygy, gurluşyk we beýleki pudaklary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezdi.
Döwlet Baştutanymyz serginiň we işewürler maslahatynyň iki ýurduň söwda-ykdysady we maýa goýum babatdaky mümkinçiliklerini giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, yklymara derejede halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşant boljakdygyna ynam bildirdi.
Soňra Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Robert Ýujin Patterson, şeýle hem ABŞ-nyň söwda wekiliniň kömekçisi Maýkl Deleýn çykyş edip, şu bilelikdäki çäräniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyny, amerikaly haryt öndürijilere öz tekliplerini hödürlemäge, çalt depginler bilen ösýän we geljegi uly türkmen bazary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berjekdigini bellediler. Jenap M.Deleýn ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamanyň adyndan türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowy serginiň açylmagy bilen gutlady we mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny gowşurdy.
Dostlukly ýurduň wekilçilikli toparyň düzümine dürli pudaklarda dünýäniň esasy haryt öndürijileri bolan iri amerikan kompaniýalarynyň 100-den gowragynyň wekiliýetleriniň girendigini bellemelidiris. Olaryň bir bölegi eýýäm biziň ýurdumyzda köpden bäri işleýär, beýlekiler bolsa bu ýerde döredilen maýa goýum ýagdaýynyň özüne çekijidigine ýokary baha berip, geljegi uly türkmen bazarynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýärler. Amerikan wekiliýetiniň giň düzümi ABŞ-nyň işewürleriniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga we bilelikdäki taslamalara gyzyklanmasynyň artýandygyny görkezýär.
Olaryň arasynda nebitgaz we energetika ulgamlarynda ýörüteleşdirilen “Eххon Mobil”, “Chevron”, “IHS”, “Honeywell”, “Weatherford”, “Conoco Phillips”, “Argust”, “General Electric”, “Emerson” ýaly meşhur korporasiýalar, programma üpjünçiligi önümçiligi boýunça “IBM” we “Avaya” ýaly iri transmilli kompaniýalar, şeýle hem maglumatlar tehnologiýalary, telekommunikasiýalar we aragatnaşyk ulgamlarda işläp taýýarlaýjylar “Cisco Systems”, “Motorola”, esasy oba hojalyk tehnikalaryny iberýän “CNH”, “Jhon Deere” we “Caterpillar” kompaniýalary bar. Mundan başga-da, serginiň işine howa ulaglary ulgamy boýunça biziň hyzmatdaşlarymyz bolan “Sikorsky” we “Boeing” kompaniýalary gatnaşýarlar, azyk senagaty we oba hojalyk önümçiligi ulgamynda işleýän kompaniýalar hem giňden wekilçilik edýärler.
Bu ykdysady sergide türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň däbe öwrülen ugry bolan bilim ulgamy hem ünsden düşürilmedi: “Accels”, “IREХ” guramalaryň we “ETS Global” kompaniýasynyň diwarlyklary türkmen hünärmenleriniň, şeýle hem ýaşlarynyň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Özara gyzyklanma bildirilýän we pawilonlaryň maglumatlar mazmunynda öz beýanyny tapan beýleki ugurlaryň arasynda logistika, bezeg işleri, hukuk hyzmatlary, işewürligi ilerletmekde ýardam bermek we beýlekiler bar.
Agzalyp geçilen kompaniýalaryň aglabasynyň eýýäm köpden bäri Türkmenistan bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini bellemelidiris. Munuň özi serginiň işjeň häsiýete eýe bolmagyny şertlendirdi. Bu türkmen bazaryna çykýan we oňa girmäge çalyşýan kompaniýalar üçin hem peýdaly boldy: türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän kompaniýalar bilen duşuşyklarda we geňeşmelerde bilelikdäki anyk ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu serginiň örän işjeň häsiýete eýe bolmagynyň netijesinde ol diňe bir tanyşdyryş meýdançasyna däl, eýsem, ilkinji nobatda, işjeň gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge, özara gatnaşyklary ilerletmäge, geljegi uly taslamalary kesgitlemäge mümkinçilik berýän işewürlik söhbetdeşligine öwrüldi.
Sergide ýokary tehnologiýaly enjamlar, gurallar, häzirki zaman gurluşyk we timarlaýyş materiallary, kompýuter we aragatnaşyk mümkinçilikleri, saglygy goraýyş ulgamynda, dokma pudagynda, azyk senagatynda gazanylanlar, ekologiýa meselelerini çözmekde, sporty we syýahatçylygy, ylmy we medeniýeti ösdürmekde öňdebaryjy tejribe görkezilýär.
Mundan başga-da, açyk sergi meýdançalarynda Türkmenistanda meşhur bolan kuwwatly gurluşyk we oba hojalyk tehnikalary—“Jhon Deere” we “Caterpillar” tehnikalary goýlupdyr. Bu maşynlar ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda we täze gurluşyklarynda giňden ulanylýar. Bortunda türkmen laçyny şekillendirilen “Sikorsky” dikuçarlary we “Boeing” uçarlary hem ýurdumyzda giňden meşhurdyr. Gurluşyk tehnikasynyň dürli görnüşlerini hödürleýän we öz mümkinçiliklerini görkezýän “Tereх” kompaniýasy hem hünärmenlerde gyzyklanma döretdi.
Türkmenistana getirilýän harytlaryň düzüminde enjamlar we tehnikalar agdyklyk edýär. Sergi guralanda hem bu zatlara aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda amerikan kompaniýalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň örän alysda ýerleşýändigine garamazdan, bu ýerde, sergide önümçilik we tehnologik işleri guramak, hyzmat etmek baradaky jikme-jik we anyk maglumatlary alyp bolýandygyny bellemelidiris.
Mysal üçin, ýurdumyzda okgunly ösýän ulgamlaryň biri bolan gurluşyk bilen meşgullanýan türkmen telekeçileriniň Amerikada öndürilen enjamlara we önümçilik gurallaryna uly üns berýändigini aýtmalydyrys. Ýurdumyzyň myhmanlary hem türkmen bazarynda has zerur bolan önümleriň, harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleri bilen içgin gyzyklandylap.
Mysal üçin, bilelikdäki ara alyp maslahatlaşmalarda täze pikirler we döredi, özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary kesgitlenildi.
Serginiň maksatnamasynyň çäklerinde amerikan kompaniýalary gurluşyk desgalarynyň nusgalaryny hem-de şäherde ýaşamagyň we şäher hojalygyny dolandyrmagyň amatly şertlerini üpjün etmek, şol sanda gurluşyk, suw üpjünçiligi we yşyklandyryş, ýollaryň gurluşygy, oňat dynç alyş ulgamy bilen baglanyşykly innowasion işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary hödürlediler.
Eýýäm serginiň birinji gününde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdiler. Ýurdumyzda halkara işewürligi we daşary ýurt maýa goýumlary göwnejaý kanunçylyk binýady bilen höweslendirilýär. Amerikaly hyzmatdaşlar türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyryp we enjamlary getirmek hem-de hyzmat etmek ulgamynda öz hyzmatlaryny teklip edip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumlarynyň dürli pudaklarynyň we düzümleriniň öňünde goýýan giň möçberli wezipelerini çözmäge saldamly goşant goşýýarlar.
Günüň ikinji ýarymynda “Mizan” işewürlik merkezinde ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Oňa hökümet agzalary, şeýle hem Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Ertir Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň kompaniýalarynyň sergisiniň, şeýle hem türkmen-amerikan işewürlik forumynyň ikinji güni bolar, onuň çäklerinde bilelikdäki işiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.