Ï Türkmen-amerikan işewürler maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-amerikan işewürler maslahaty

view-icon 587
Şu gün paýtagtymyzdaky “Mizan” işewürler merkezinde türkmen-amerikan işewürler maslahaty geçirildi. Ol Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň kompaniýalarynyň II sergisiniň çäklerinde guraldy. Maslahatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri we geljegi barada pikir alşyldy. Ozal habar berlişi ýaly, işjeň duşuşyga gatnaşmak üçin ABŞ-nyň dürli pudaklarda işleýän we önüm öndürýän kompaniýalaryndan düzülen wekiliýet Aşgabada geldi.

Maslahatyň açylyş dabarasynda okgunly ösýän türkmen-amerikan gatnaşyklary jähetinden bu forumyň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi. Taraplaryň tagallalary netijesinde soňky ýyllarda şol gatnaşyklara kuwwatly itergi berildi. Bellenilişi ýaly, hut şeýle işewür duşuşyklar özlerini ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmegiň has netijeli guraly hökmünde görkezdiler. Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberiniň we durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň sanynyň artmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle işewür duşuşyklar Aşgabatda eýýäm ençeme gezek geçirildi.

Wekiliýetleriň ýokary derejesi taraplaryň şu duşuşyga uly ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýär. Olaryň düzümine iki ýurduň hökümet we işewür toparlarynyň wekilleri girdiler. Mysal üçin, amerikan tarapyna iri kompaniýalarynyň we maliýe düzümleriniň ýüzden gowragy wekilçilik edýär. Olaryň birnäçesi eýýäm Türkmenistanda meşhurdyr, beýlekiler bolsa geljegi uly türkmen bazaryna gyzyklanma bildirýär.

Maslahatyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň dürli edaralarynyň we pudaklarynyň wekilleri, amerikan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar. Açylyş dabarasy tamamlanandan soň, ýurdumyzyň myhmanlaryna türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösýändigi barada gürrüň berýän wideofilm görkezildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmeler syýasaty netijesinde türkmen döwletiniň abraýy halkara giňişliginde has-da artýar.

Mälim bolşy ýaly, diňe soňky ýyllaryň dowamynda amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda milli ykdysadyýetiň esasy ulgamlarynda bilelikdäki taslamalaryň ençemesi üstünlikli durmuşa geçirildi we durmuşa geçirilýär. Şol kompaniýalaryň onlarçasy Türkmenistanda öz wekilhanalaryny we şahamçalaryny açdylar.

Şu işewürler maslahatyň barşynda amerikan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary geljegi uly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýokary halkara abraýyna eýe bolan Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. ABŞ-nyň işewür toparlary türkmen Lideriniň başyny başlan taslamalaryna işjeň gatnaşmaga taýýardygyny mälim edip, hususan-da, häzirki zaman önümçilikleri we durmuş-medeni maksatly desgalary döretmek hem-de üpjün etmek, ulag-aragatnaşyk düzümini, maglumatlar tehnologiýalaryny, oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işjeň tekliplere gyzyklanma bildirdiler.

Bir tarapdan, Türkmenistanyň ägirt uly ýangyç kuwwatyny we onuň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak babatda durmuşa geçirýän syýasatyny, beýleki tarapdan bolsa, daşary ýurtlaryň energiýa serişdeleriniň, hususan-da, tebigy gazyň iberilmegine gyzyklanmasynyň artýandygyny nazara almak bilen, ýangyç-energetika ulgamynda özara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak gepleşikleriň esasy meseleleriniň birine öwrüldi.

Maslahatyň işiniň barşynda ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýanyň meseleleri boýunça býurosynyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň birinji orunbasary jenap Jefri Paýat, Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory jenap Erik Stýuart, “Chevron” golçur kompaniýasynyň prezidenti Duglas Uçikura, “Conoko Phillips” kompaniýasynyň wekili Hakim Janah, “Exxon Mobil” kompaniýasynyň wise-prezidenti Ýorg Weller, “General Electric” kompaniýasynyň Hazar sebiti boýunça dolandyryjy direktory Jozef Karelli, “Honeyuwell” kompaniýasynyň direktory Umeş Patela we beýlekiler çykyş etdiler.

Maslahata Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyndan başga-da, türkmen işewürlerine esasy pudaklaryň, ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, şeýle hem dürli ykdysady düzümleriň hünärmenleri, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary wekilçilik etdiler.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli ulgamlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda hem yzygiderli ösdürilýär. Daşary ýurtly telekeçileriň üstünlikli işlemegi üçin biziň ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, ykdysady özgertmeleriň yzygiderli amala aşyrylmagy we senagat pudaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, kiçi işewürligiň we hususy telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy ABŞ-nyň işewür toparlarynyň biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanmasyny artdyrýar.

Dünýädäki maliýe çökgünligine garamazdan, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ýylsaýyn ýokary görkezijilere eýe bolýandygyna oňyn baha berildi. Munuň özi maýa goýum işini işjeňleşdirmek we bilelikdäki iri taslamalary işläp taýýarlamak üçin oňat esas bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, ABŞ-nyň işewürleri Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny kanagatlanmak bilen bellediler. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýulýan amerikan maýa goýumlarynyň höweslendirilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Beýik Ýüpek Ýoly eýýamynda Türkmenistanyň çägi Gündogar bilen Günbatar arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm baglaşdyryjy ulgam bolup hyzmat edipdir. Biziň ýurdumyz täze taryhy şertlerde hem yklymara ýollarynyň ulag çatrygy wezipesini ýerine ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, şu maslahat, gürrüňsiz, iki ýurduň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy üçin mümkinçilikleri giňeltmek bilen, has giň, yklymara möçberinde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşant bolup hyzmat eder.

Işewürlik maslahaty tamamlanandan soň, ABŞ-nyň işewürleri Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bilen, şol sanda nebitgaz senagaty we mineral serişdeleri, söwda, ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy, gurluşyk, saglygy goraýyş we derman senagaty, ylym we bilim ugurlary boýunça gepleşikleriň birnäçesini geçirdiler. Gepleşikleriň barşynda özara haryt dolanyşygyny we önümleriň görnüşlerini mundan beýläk-de artdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi, dürli ulgamlarda bilelikdäki ýokary tehnologiýaly taslamalary durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Myhmanlaryň pikirine görä, umuman, ABŞ-nyň işewürleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen çäre uzakmöhletleýin söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk nukdaýnazaryndan Türkmenistan barada täze garaýyşlaryň döremegine ýardam etdi.

Ertir ABŞ-nyň kompaniýalarynyň II sergisi öz işini dowam etdirer.