Ï Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi

view-icon 619
Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Türkmen-amerikan işewür geňeşi tarapyndan guralan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň kompaniýalarynyň II sergisi özi işini tamamlady. Düýn bolan türkmen-amerikan işewürler maslahaty we onuň çäklerinde köpsanly amerikan wekiliýetiniň agzalarynyň Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şeýle hem hususy ulgamyň hünärmenleri bilen geçiren gepleşikleri serginiň işine has anyk häsiýet çaýdy, sergide Türkmenistanyň ykdysadyýetini innowasion taýdan ösdürmegiň has geljegi uly ugurlary öz beýanyny tapdy.

Serginiň üçünji güni işewürlik babatda has baý boldy. Şonda birinji günündäki ýaly ABŞ-dan kompaniýalaryň we firmalaryň ýüzden gowragy özleriniň täze senagat we eksport mümkinçiliklerini görkezdiler. Amerikan wekiliýetiniň düzümine dünýä meşhur kompaniýalaryň baştutanlary bilen bir hatarda, ABŞ-nyň hökümetiniň, hususan-da, Döwlet departamentiniň we beýlekileriň resmi wekilleriniň girmegi köp sanly amerikan wekiliýetiniň ýokary derejesine şaýatlyk edýär.

Şeýle wekilçilikli toparyň gelmegi amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge hemişe uly gyzyklanma bildirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Öz nobatynda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda uly üstünlikleri gazanan Türkmenistan hem iň öňdebaryjy tehnologiýalary giňden çekmäge, häzirki zaman netijeli we tygşytly materiallary peýdalanmaga, täze öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär.

Üç günüň dowamynda sergä Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, işewür toparlarynyň, biziň ýurdumyzda işleýän daşary ýurt kompaniaýalarynyň wekilleri, şeýle hem paýtagtymyzyň we welaýatlaryň kärhanalarynyň hünärmenleri baryp gördüler. Olar sergi bilen tanşyp, amerikan önüm öndürijileriň täze eksport mümkinçilikleri hakynda giňişleýin düşünje alyp bildiler.

Häzirki sergi halk hojalygynyň dürli pudaklarynda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň bilelikdäki işewür taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçiliklerden ybarat bolan türkmen ykdysadyýetini işjeň ösdürmegiň aýdyň tassyklamasy, şeýle hem ygtybarly işewür hyzmatdaş hökmünde biziň ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagynyň subutnamasy boldy.

Türkmen-amerikan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň ugurlary nebitgaz ulgamynda, geologiýada, awiasiýa we maşyn gurluşygynda, söwdada, senagatda, maýa goýumlary babatda, ulaglarda, aragatnaşykda we maglumatlar tehnologiýalary babatda alnyp barylýan işden başlap, oba hojalygyna we azyk senagatyna, ylyma hem-de bilime çenli has giňdir. Köp ugurly serginiň diwarlyklarynda Türkmenistanyň ykdysadyýeti tarapyndan uly isleg bildirilýän ýokary tehnologiýalar hem-de telemetriýa we aragatnaşyk, kabel telewideniýesi, elektrotehniki üpjünçilik babatda önümleriň häzirki zaman görnüşleri görkezildi.

Sergi merkezinde öz guran sergilerinde “Exxon Mobil”, “Chevron”, “IHS”, “Honeywell”, “Weatherford”, “Conoco Phillips”, “Argust”, “General Electric”, “Emerson”, “IBM” we “Avaya”, “Cisco Systems”, “Motorola”; “CNH”, “Jhon Deere”, “Caterpillar”, “Sikorsky” hem-de “Boeing” ýaly meşhur kompaniýalar şol ugurlary görkezdiler. Azyk senagaty we oba hojalyk önümçiligi ugrunda işleýän kompaniýalar öz mümkinçiliklerini giňden görkezdiler.

Serginiň maksatnamasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjy kompaniýalaryň köpsanly tanyşdyryş çäreleri, şeýle hem amerikan işewürleriniň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde duşuşygy boldy.

Amerikan kompaniýalarynyň II sergisi firmalaryň onlarçasynyň köpsanly gepleşikleri geçirmekleri üçin açyk meýdança boldy, özara peýdaly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýän täze şertnamalary baglaşmak üçin gazanylan ylalaşyklar şol gepleşikleriň jemi boldy. Türkmen telekeçileri hem Amerikadan gelen kompaniýalar bilen gepleşiklerde ýokary işewür işjeňligi görkezdiler.

Tutuşlygyna alnanda, iri amerikan işewürliginiň wekilleri özara peýdaly ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassyklap, serginiň we işewürler maslahatynyň işiniň netijelerine ýokary baha berdiler. Olara uzak möhletli strategiki hyzmatdaşlyk hökmünde garalýar. ABŞ-nyň kompaniýalarynyň baştutanlary işlenip taýýarlanylan netijeli tejribä we biziň ýurdumyzda ykdysady özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi bilen açylýan täze mümkinçiliklere daýanyp, häzirki wagtda türkmen ugruna öz işewürligini ösdürmek üçin has oňat mümkinçilikler hökmünde baha berýärler. Myhmanlaryň belleýişleri ýaly, Türkmenistanyň mysal üçin, ýokary tehnologiki ulgama, gazylyp alynýan peýdaly magdanlary çykarmaga, ulag düzümine daşary ýurt maýa goýumlaryny goýmak üçin ägirt uly mümkinçilikleri bardyr we amerikan kompaniýalary şolara gatnaşmagy maksat edinýärler.

Häzirki döwürde Türkmenistan has netijeli we bäsleşige ukyply bazar ykdysadyýetini mundan beýläk-de yzygiderli kemala getirmek we onuň dünýä hojalygyna sazlaşykly goşulyşmagy boýunça iri möçberli hem-de özara baglanyşykly wezipeleriň toplumyny çözýär. Olary çözmekde ösüşiň içerki şertleriniň aýgytly orny bilen bir hatarda daşary ykdysady aragatnaşyklar möhüm orny eýeleýär hem-de paýtagtymyzda bu ugurda ýene-de bir ähmiýetli çäräniň geçirilmegi Türkmenistanyň strategiki ykdysady diplomatiýasynyň we ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň maksatlaryna doly laýyk gelýär.

Şu gün amerikan kompaniýalarynyň II sergisiniň tamamlanýan gününde Sergi köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenmäni kabul eden sergä gatnaşyjylara diplomlary hem-de güwänamalary gowşurmak dabarasy boldy. Olar Ýüzlenmede bu möhüm çäreleriň üstünlikli geçirilmegine ýardam edendigi, myhmansöýer türkmen topragynda şeýle netijeli işewür duşuşyklary geçirmek üçin döredilen mümkinçilikler hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza çäksiz hoşallyk bildirdiler.