Ï Türkmenistan “EKSPO-2012” atly Bütindünýä sergisine gatnaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan “EKSPO-2012” atly Bütindünýä sergisine gatnaşýar

view-icon 649
Şu gün Ýosu şäherinde (Koreýa Respublikasy) “EKSPO-2012” atly Bütindünýä sergisiniň resmi taýdan baýramçylyk açylyş dabarasy boldy, oňa Türkmenistan hem gatnaşýar.

Şu mynasybetli iri halkara çäreleriniň birini geçirmek üçin ýörite gurlan Ekspo-şäherçede dabaraly kabul edişlik boldy, şonda türkmen wekiliýetiniň resmi wekilleriniň Koreýa Respublikasynyň ýokary ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi.


Soňra wakalar ägirt uly amfiteatrda dowam etdi, şol agşam oňa tomaşaçylaryň we hormatly myhmanlaryň, diplomatlaryň, dürli ýurtlaryň ýokary wezipeli ýolbaşçylarynyň, iri işewürleriň we häzirki bütindünýä sergä gatnaşyjylaryň müňlerçesi ýaňlandy.

Bu ýerde ägirt uly çykyşlar ýaýbaňlandy, şonda dürli döwletleriň wekillerini Koreýa Respublikasynyň sungat ussatlary, opera aýdymçylary, meşhur simfoliki orkestrleriň sazandalary, teatrlaryň we halk döredijiligi toparlarynyň artistleri, tansçylar, estrada ýyldyzlary we ýaşlaryň söýgüli artistleri gutladylar. Dürli yşyklar bilen ajaýyp nur saçýan port şäheri Ýosunyň dürli öwüşginli gijeki asmanyny feýerwerkleriň güýçli gümmürdisi astynda “EKSPO-2012” sergä gatnaşyjy ýurtlaryň baýdaklarynyň göterilip çykarylmagy bu maksatnamanyň ýatdan çykmajak pursady boldy. Iň häzirki zaman sahnadaky ýörite serişdeler deňziň suw giňişliginde we onuň tolkunlarynda ýüzýän ýelkenli gaýyklaryň onlarçasynyň keşbinde hakykatdan hem unudylmaz täsiri döretdi.


Baýramçylygyň ähli pursatlarynda diňe bir onuň gerimi däl, eýsem, aýratyn şatlykly, tolgundyryjy umyt-arzuwlar baglanyşykly dabara duýuldy.

Şu giriş gözden geçirilişi “Janly umman we onuň kenar ýakasy: serişdeleriň köpdürlüligi hem-de durnukly ösüş” atly şygar bilen geçdi, oňa 105 ýurduň wekiliýetleri gatnaşýar, munuň özi sergini guraýjylaryň esasy pikirini beýan edýär. Ýer şarynyň suw dünýäsiniň köp görnüşli we üýtgäp durýan gözelligine aýawly çemeleşmek bilen diňe gyradeňligi saklamak, tebigat bilen önümçiligiň, medeniýet bilen sarp edişiň arasyndaky sazlaşygy üpjün etmek bilen ummanlar we kenar ýakasyndaky çäkler çylşyrymly XXI asyrda ösüp biljekdiklerinden ybaratdyr.

Tutuşlygyna alnanda, Ýosu şäherindäki “EKSPO-2012” atly sergi ekologiýadan başlap, ykdysady we syýasy meselelere çenli umumadamzat meselelerini çözmekde möhüm şert hökmünde daşky gurşawy we ummanlary goramak boýunça bilelikdäki global tagallalar üçin düýpli ýollary işläp taýýarlamaga bagyşlanylandyr.

“EKSPO-2012” atly serginiň möhüm mowzugy üç sany kiçi mowzugy, ýagny ummany we kenarýakasyny emele getirmäge we gorap saklamaga, täze serişdeler tehnologiýalaryna we döredijilikli deňiz işine bölünendir. Olar howanyň üýtgemegi, deňziň ösümlik we haýwanat dünýäsi, deňiz senagaty, deňiz şäheri we deňiz siwilizasiýasy, deňiz döredijiligi hem-de sungaty ýaly meseleleri özünde jemleýär. Bularyň hemmesini ýöriteleşdirilen pawilonlaryň bezegçilileri hem-de taslamasyny düzüjileri beýan etmäge çalyşdylar.


Halkara pawilonynda ýaýbaňlanan Türkmenistanyň sergisiniň maksatnamasy serginiň ileri tutulýan tematiki ugurlarynyň biri bolan “Kenarýakasyndaky zolaklary özleşdirmek we gorap saklamak” meselesini beýan etmäge bagyşlanandyr. Onuň ideýasy diňe bir ekologiýa taýdan abadançylygy gorap saklamagyň suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň, biziň ýurdumyzyň ösümlik, haýwanat we suwasty dünýäsini gorap saklamagyň, üstünlikli milli tejribesine ünsi çekmek däl, eýsem, durmuşyň ähli ugurlarynda häzirki wagtda

Türkmenistanyň öňe gitmeginiň ygtybarly esasyna öwrülen mähriban tebigatymyzyň türkmen halkynyň medeniýeti we däpleri, onuň ruhy mirasy bilen çuňňur arabaglanyşygyny nygtap geçmekden ybaratdyr.

Bu tema häzirki wagtda Hazaryň kenar ýakasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi bilen durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimlerini açan türkmen döwletiniň durmuşynda aýratyn orny eýeleýär. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2012-nji ýylyň 4 aýynyň jemleri boýunça ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiinde kenar ýakasyndaky çäkleri ösdürmek meselelerine çynlakaý üns berip, bu uly möçberli taslamany durmuşa geçirmegiň geljekki mümkinçiliklerini kesgitländigini ýatlap geçmeli.

Ajaýyp we özboluşly milli öwüşgin türkmen ekspozisiýalarynyň ählisi üçin häsiýetlidir, şonda biziň Garaşsyz Bitarap döwletimiziň serişdeler, ykdysady, maýa goýum eksport we medeni mümkinçilikleri nirede, haýsy ýurtlarda görkezilse-de, şol milli öwüşgin beýan edildi. Ine, bu gezek hem milli ekspozisiýany döredijiler oňa etnografiki öwüşginleri çaýmak hem-de esasy taraplaryny açyp görkezmek türkmen döwletiniň bagtyýarlyk döwrüniň kesgitleýji maksatlaryny we çelgilerini beýan etmek arkaly “deňiz” mowzugyny netijeli suratlandyrmagy başardylar.

Bularyň ählisi bilen “EKSPO-2012” atly serginiň myhmanlary we oňa gatnaşyjylar ertirki günden başlap, ýakyndan we içgin tanşyp bilerler: 12-nji maýda Türkmenistanyň ekspozisiýasynyň resmi taýdan açylyş dabarasynyň boljak gününde Bütindünýä sergi doly möçberdäki iş düzgüninde işläp başlar. Munuň özi görkeziş wezipelerinden başga hem onuň işine işewür gepleşikleriň we maslahatlaryň, işewürlik duşuşuyklarynyň we başgalaryň hem girjekdigini aňladýar.

Mundan başga hem medeni çäreler, şol sanda türkmen artistleriniň gatnaşmagy bilen medeni çäreler hem meýilleşdirildi. Ýakynda Ýosu şäherine Türkmenistandan sazandalaryň, aýdymçylaryň we tansçylaryň özboluşly döredijilik topary geldi. Olaryň sahna meýdançalaryndaky ilkinji çykyşlary beýleki ýurtlardan sergä gatnaşyjylaryň uly gyzyklanmasyny döretdi. Olar biziň pawilionymyzda ýaňlanan türkmen sazynyň owazyna maýyl boldular. Konsert maksatnamasynyň milli sergimiziň işe başlamagyna oňat başlangyç boljakdygy şübhesizdir.

Häzirlikçe bolsa, geçmişiň, häzirki döwrüň we geljegiň täsirli hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryny maglumatlar toplumyna birleşdirmek bilen, türkmen pawilionynyň “EKSPO-2012” atly serginiň köp görnüşli dünýäsine özboluşly bezeg tapyndylary hem-de çözgütleri bilen sazlaşykly utgaşandygyny belläp geçäýmek galýar.

Sergide ägirt uly ekran bilen üsti ýapylan onuň merkezi bölegi aýratyn özüne çekýär. Onda suwasty dünýäniň durmuşy ýaýbaňlandyrylýar. Depäňde deňiz we umman çuňluklarynda mesgen tutan ägirt uly jandarlaryň ýüzýändigini synlap we planetamyzdaky öz goňşularymyza çynlakaý göz aýlan mahalyň, munuň awtorlarynyň deňziň durmuşyny düýbünden başga nukdaýnazardan görmäge mümkinçilik bermek bilen, olary käbir ýerlerde adam bilen çalşandyklarynyň ýönekeý zat däldigine düşünýärsiň.

Bütindünýä sergisiniň ruhy we nyşanlary eriş-argaç bolup geçýän Ýosu şäheriniň tutuş keşbi bu şäheriň durmuşynda “EKSPO-2012” atly serginiň möhüm orny eýeleýändigini görkezýär. Şol serginiň resmi nyşanlary bolan owadan hem-de dostlukly Ýoni we Sunu Koreýa Respublikasynyň myhmanlaryny hemme ýerde garşylaýar.

Ýoniniň tutuk, gök reňki ummanyň çuňňur suwlaryny we onuň çäksiz tebigy serişdelerini simwollaşdyrýar, şol bir wagtyň özünde Suniniň aýdyň-elwan öwüşgini dünýä ummanynyň janly organizmlerini beýan edýär. Şol nyşanlaryň her biriniň adynyň “Ýosu” sözünden gelip çykan hem bolsa onuň täze nyşanlary Ýoni we Sunu bütin dünýäden myhmanlary ýokary derejede kabul etmäge ukyply şäher hakynda özlerini görkezmegi maksat edinýärler, şonda Ýo harpy “owadan” diýen manyny we Su aňlatmasy “suwy” aňladýar.

Koreýleriň belleýşi ýaly, hemişe owadan bolan kiçeňräk Ýosu port şäheri sergi üçin gurlan binalar we desgalar netijesinde häzirki zaman keşbe girmek bilen, has hem owadan boldy. Köp sanly kiçeňräk duralgalar we kenarda uzakda bolmadyk ýerde ýerleşýän adajyklar bilen bilelikde täsin kenar zolagy bu ýere adaty bolmadyk keşbi berýär. Şol bir wagtyň özünde Ýosu şäheri Koreýanyň nebithimiýa senagatynyň merkezi bolup durýar. Indi bolsa onuň senagat –landşaft keşbine “EKSPO-2012” atly serginiň binagärlik –innowasiýalary goşuldy. Şol täze desgalardan serginiň açylmagynyň hormatyna guralan yşykly-sazly tomaşanyň häzirki wagtda esasy parçasyna öwrülen aýlawly görnüşdäki ägirt uly “Suwda ýüzýän” desgadan ybarat bolan “Uly O” atly toplum has ünsi özüne çekýär.

“EKSPO-2012” atly sergä 8 milliondan gowrak adamynyň, şol sanda daşary ýurtlylaryň ýarym milliondan gowragynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Koreýanyň ykdysadyýeti üçin bu onlarça müň täze iş orunlarynyň döredilmegini, milliardlarça dollar ykdysady netijäniň gazanylmagyny we halkara derejesinde abraýynyň artmagyny aňladýar. Bu babatda şular ýaly derejede çäreleri geçirmegiň günorta Koreýa tejribesi iş ýüzünde aýratyn gyzyklanma döredýär. Sebäbi häzirki zaman Türkmenistan halkara sergi işiniň umumykrar edilen merkezi hökmünde özüni ynamly görkezýär.