Şu gün Aşgabatda açylan “Musulman dünýäsinde bosgunlar” atly halkara maslahaty garaşylyşy ýaly, tutuş dünýä metbugatynyň ünsüni özüne çeken esasy täzelikleriň biri boldy. Ol Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň müdirligi bilen bilelikde guraldy.
“Şu gün Türkmenistanyň paýtagtynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän ýurtlaryň wekiliýetleri musulman dünýäsinde bosgunlaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň müdirligi bilen bilelikde bu ýerde YHG-niň agzasy bolan döwletleriň wekiliýetleriniň, sebitleýin we halkara guramalaryň 40-synyň wekilleriniň, şeýle hem dünýäniň 20 ýurdundan synçylaryň gatnaşmagynda maslahat guraldy” diýip, Russiýanyň iri habarlar gullugy bolan “ITAR-TASS” ilkinjileriň hatarynda habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, “türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça Aşgabatda guralan maslahat BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde teklip edildi. 2011-nji ýylda Türkmenistan BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň agzalygyna hemişelik esasda kabul edildi. Ýurtda “Bosgunlar hakynda” Kanun makullanyldy, bu adamlaryň derejesi boýunça BMG-niň Konwensiýalaryna goşulmak resmileşdirildi. Türkmenistan şeýle hem Merkezi Aziýada 1954-nji ýylda kabul edilen Apatridleriň derejesi hakynda Konwensiýa goşulan ilkinji döwlet boldy”.
Habar beriş serişdeleriniň köpüsi öz teswirlemelerinde BÝKM-niň “Musulmanlar dünýäde bosgunlaryň 70 göterimini düzýär. 2010-njy ýylda YHG-niň ýurtlarynyň 57-sinde 18 million adam ýaşap, olaryň ykballary bilen BMG meşgullanýar. Aşgabat maslahatynda bosgunlaryň meselelerini çözmekde musulman ýurtlaryna kömek bermek, şeýle hem olary Watanlaryna gaýtarmak üçin şertleri döretmek boýunça çäreler hakynda habarlar alşylar” diýen maglumatlaryny getirdiler.
REGNUM, Georgia Times habarlar gulluklarynyň habarçylary Aşgabat maslahaty hakynda gyssagly habarlarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Täzelikler merkeziniň maglumatlaryna hem salgylanyp, “Maslahat Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň goldaw bermeginde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolan ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň derejesinde geçirilýär” diýip bellediler.
“Maslahata YHG-niň ýurtlaryndan wekilleriň 500-den gowragy gatnaşýar. Maslahatyň gün tertibi Türkmenistanyň iş tejribesine bagyşlanan aýratyn mejlisiň geçirilmegini göz öňünde tutýar. Bu ýerde geçen ýyl ýurduň çäginde ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlaryň 3318-si türkmen raýatlygyny aldylar” diýip, halkara guramanyň habarlar merkezi belleýär.
Maslahatyň jemleri boýunça şeýle hem Aşgabat Jarnamasynyň we musulman dünýäsinde bosgunlar boýunça işleriň meýilnamasynyň kabul ediljekdigi habar berilýär.
Trend habarlar gullugy Türkmenistanda geçirilýän maslahatyň ähmiýetini bellemek bilen, öz okyjylarynyň ünsüni “Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy türkmen döwletiniň Hökümeti bilen bilelikde bu maslahatyň guramaçylarynyň biri bolup durýandygyna ünsi çekýär. Ol iri musulman halkara guramasy bolup, guramanyň düzümine jemi ilaty 1,2 milliard adama golaý bolan ýurtlaryň 57-si girýär. Guramanyň ştab-kwartirasy Jidda şäherinde (Saud Arabystany) ýerleşýär” diýen habara çekdi.
“Musulman dünýäsiniň bosgunlarynyň 17 milliondan gowragynyň ykbaly Aşgabatda geçirilýän halkara maslahatyna gatnaşyjylaryň üns merkezinde” diýen sözbaşy bilen ITAR-TASS gullugy Türkmenistanyň paýtagtyndan gyssagly habarlaryny täzeläp durdy.
“Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda bosgunlaryň meselelerini çözmekde Türkmenistanyň tejribesi bilen tanyşdyrdy. Onuň aýtmagyna görä, 2005-2011-nji ýyllarda türkmen raýatlygyny meýletin esasda adamlaryň 16,6 müňden gowragy aldy, olaryň 11,5 müňden gowragy öz öýlerini terk etmäge mejbur boldular” diýlip habarda bellenilýär.
Türkmen döwletiniň ählumumy ynsanperwer hyzmatdaşlygyny giňeltmäge berýän ägirt uly ähmiýetini belläp, dünýäniň habar beriş serişdeleri bir ýagdaýa aýratyn üns berdiler. Şu günki maslahatyň resmi açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi gatnaşdy we manyly çykyş etdi.
Türkmen Lideriniň “Bosgunlar bilen bagly ýagdaýyň seljerilmegi bu meseläniň häzir halkara durmuşynyň gün tertibinde esasy meseleleriň hatarynda durýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Bosgunlar hakynda gürrüň edilende, diňe ynsanperwer işleri bilen çäklenmek bolmaz, bu ýerde syýasy, şeýle hem ykdysady jähetleri öz içine alýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk möhümdir” diýen sözlerini daşary ýurtlaryň habarlar gulluklarynyň köpüsi mysal getirdi.
Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlaryndan setirler barada aýdylanda, habar beriş serişdeleri şulary mysal getirdiler:
“Bosgunlaryň meseleleriniň uzakmöhletleýin çözgütleriniň kabul edilmegi zerurdyr” diýip, YHG-niň Baş sekretary Ekmeleddin Ihsanoglu maslahatda belläp, “Arap döwletleriniň ligasynyň tagallalaryna we rezolýusiýalaryna garamazdan, bu adamlaryň hukuklarynyň bozulmagy dowam edýär” diýip nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, jenap Ekmeleddin Ihsanoglu YHG-niň agzasy bolan ýurtlaryň Ýakyn Gündogarda adalatly dünýäni gazanmak üçin tagallalary dowam etjekdigine ynandyryp, maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni “Palestin sebitiniň bosgunlarynyň töweregindäki ýagdaýyň adalatsyzlygyna” çekdi.
“2011-nji ýylda YHG-niň ýurtlary meseleleri BMG-niň BÝKM-e degişli bolan bosgunlaryň 50 göterimini kabul etdi—diýip, maslahatda BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissary Antonio Guterreş habar berdi. –Bu gaçybatalga gözleýän, ýurduň içinde göçürilen we raýatlygy bolmadyk adamlaryň 17,6 millionydyr”. Onuň aýtmagyna görä, Ýakyn Gündogardaky, Sudanyň Günorta serhediniň ýanynda we Afrikan Şahy etrabyndaky dawalar sebitiň ýaşaýjylarynyň mejbury göçmeginiň sebäbi bolup durýar. “YHG we onuň döwletleri dawalaryň öňüni almakda, parahatçylygy berkitmekde esasy orny eýelemelidir” diýip, jenap Antonio Guterreş “Bu çözgütler syýasy erki talap edýär” diýip blledi.
Musulman sebitinde bosgunlar bilen bagly häzirki zaman ýagdaýyň seljerilmegi bilen maslahatda YHG-niň agzasy bolan käbir ýurtlaryň wekiliýetleriniň baştutanlary, şeýle hem birnäçe halkara guramalaryň wekilleri çykyş etdiler.
“Maslahatyň wezipesi—ilatyň mejbury göçmeginiň düýp sebäplerini gözlemäge gönükdirilen has aýgytly çärelere çagyrmak we degişli meseleleriň uzakmöhletleýin çözgüdini gözläp tapmakda öňe ilerlemek bolup durýar. Bosgunlaryň meselelerini çözmekde YHG-e kömek bermek boýunça BMG-niň eýeleýän orny; Bosgunlary goramak we kömek bermek babatda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk; Bosgunlaryň meseleleriniň uzakmöhletleýin çözgüdi hökmünde erkin göçüp-gonmak ýaly meseleler maslahatyň esasy mowzuklary bolar.
Maslahatyň çäklerinde şeýle hem palestin bosgunlarynyň meseleleri boýunça ýörite mejlis geçiriler. Ony BMG-niň palestin bosgunlaryna kömek bermek boýunça agentligi (UNRWA) geçirer” diýip, IINA gullugy habar berýär.
Şeýlelikde, daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň Aşgabat maslahatynyň bu ählumumy ynsanperwer meselesini çözmekde taryhy waka bolup durýar diýen birmeňzeş pikire gelendigini nygtamak bolar.