Şu gün türkmen paýtagtynda “Musulman dünýäsinde bosgunlar” atly halkara maslahatynyň öz işini tamamlan çäklerinde umumy mejlisler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, bu wekilçilikli çäre Türkmenistanyň hökümeti bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de BMG-niň bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň müdirligi tarapyndan bilelikde guraldy. Halkara maslahaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde yglan eden başlangyjy esasynda geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz “Musulman dünýäsinde bosgunlar” atly halkara maslahatynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meseleleriniň oňyn çözgüdine gönükdirilen halkara tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň zerurdygyny belläp, bu wekilçilikli çäräniň barşynda degişli sebitleýin we ählumymy hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça netijeli teklipleriň öňe sürüljekdigine ynam bildirdi.
Maslahatyň gün tertibine bosgunlary goramak we bu meseläniň çözgüdi boýunça uzakmöhletleýin çäreleri işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Ýörite guralan mejlisiň barşynda palestinaly bosgunlara ýardam bermek boýunça esasy halkara düzümleriniň alyp barýan işleri hakyndaky çykyşlar diňlenildi. Bu ugurda Türkmenistanyň iş tejribesine bolsa maslahatyň aýratyn mejlisi bagyşlanyldy. Çäräniň jemleri boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.
Maslahata Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň 57-sinden ministrler, ministrleriň orunbasarlary we beýleki ýokary wezipeli hökümet işgärleri, 40-a golaý iri halkara we hökümetara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, dünýäniň 21 döwletinden, şol sanda Russiýa Federasiýasynldan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan synçylar gatnaşdy.
Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, häzirki döwürde bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselesi durnukly ýagdaýy bolmadyk ýurtlardaky gapma-garşylyklaryň netijesinde ýüze çykyp, ol barha uly meselä öwrülýär. Häzirki döwürde bu meseläni çözmegiň sebitleýin derejede bolşy ýaly, dünýä möçberinde wajyplygy ýüze çykýar. Bosgunlaryň hukugynyň goraglylygyny üpjün etmek we bar bolan meseleleri çözmek üçin netijeli çäreleri işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak arkaly maslahata gatnaşyjylaryň hemmesi bu çäräniň taryhy ähmiýete eýedigini aýratyn nygtadylar.
Umumy mejlisleriň barşynda maslahata gatnaşyjylar Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň hökümetleriniň bosgunlara we raýatlygy bolmadyk adamlara hukuk, durmuş we ykdysady taýdan goldaw bermek bilen baglanyşykly meseleler boýunça ulanýan usullary hakynda pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň öz-özüni üpjün etmek mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de şeýle adamlara we olaryň maşgala agzalaryna güzeran üçin zerur şertleriň döredilmegi, kabul edýän tarapyň olaryň ykdysady we durmuş ösüşine öz goşandyny goşmagy babatda tagalla edilmelidir.
BMG-niň “Bosgunlaryň statusy hakynda” kabul eden Konwensiýasynyň kadalaryna laýyklykda bosgunlaryň hukuk derejesini üpjün etmek boýunça oňyn tagallalar mysal hökmünde getirildi. Biziň ýurdumyzda bosgunlaryň durmuş we hukuk taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça iş ýüzünde durmuşa geçirilýän tejribeler nusga hökmünde maslahata gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi.
Munuň özi halkara maslahatynyň çäklerinde geçirilen şu günki duşuşygyň maslahatynyň esasyny düzdi. Ýörite mejlislerde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň we Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri maslahata gatnaşyjylary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan biziň ýurdumyzda raýatsyzlygyň öňüni almak we degişli milli hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan syýasat bilen tanyşdyrdylar.
* * *
Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamyna deňhukukly gatnaşyjy bolmak bilen, ynsanperwerligiň beýik taglymlaryna, demokratik ösüşleriň ýörelgelerine we häzirki zaman hukuk jemgyýetçiligine özüniň wepalydygyny açykdan-aýdyň görkezip gelýändigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyz halkara ähmiýetli meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşýar we ähli gyzyklanýan taraplar bilen giň hyzmatdaşlyk etmegiň çäklerinde özüni üýtgewsiz çykyş edýän ýurt hökmünde görkezmek bilen, häzirki zaman dünýäsindäki wajyp meseleleri çözmäge ýokary hilli täze çemeleşmeleri öňe sürýär.
Diňe bir ýurdumyzyň içerki meselelerine däl, eýsem, esasan sebitleýin hem-de ählumumy möçberde ýurtlaryň we halklaryň geljekki ösüşine degişli möhüm meseleleriň çözgüdine gönükdirilendigi milli Liderimiziň döredijilikli başlangyçlarynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Şu jähetden döwlet Baştutanymyzyň musulman dünýäsinde bosgunlaryň meseleleri boýunça halkara maslahatyny geçirmek baradaky teklibi dünýä jemgyýetçiliginiň hemme taraplaýyn goldawyna mynasyp boldy.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, demokratik hukuk döwletini gurmagyň ýolunda ileri tutulýan wezipeler hökmünde milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegini, onuň umumy ykrar edilen halkara-hukuk kadalaryna, şol sanda bosgunlaryň hukuk derejesini tertipleşdirýän we olaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün edýän kadalara laýyk getirilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kesgitlän wezipeleriniň biridir. Türkmenistan BMG-niň degişli konwensiýalaryna goşulmak bilen, bosgunlaryň hukugynyň goraglylygyny üpjün etmek boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçirýär. Türkmenistanda “Bosgunlar hakynda” Kanun hereket edýär. Döwlet Baştutanymyzyň ynsan hukuklaryny goramak ulgamyndaky başlangyçlaryny hem-de tekliplerini netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen ýurdumyzyň Mejlisi tarapyndan “Türkmenistanda daşary ýurt raýatlarynyň hukuk kadalary hakynda” Kanun kabul edildi. Onda daşary ýurtly raýatlaryň hukuklary bilen bir hatarda, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryna hem-de erkinliklerine seredilýär. Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlylygy hem-de milli parlament tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň bosgunlaryň derejesi hakynda kabul eden konwensiýany goldamagy we oňa goşulmagy hakyndaky kararyň kabul edilmegi aýratyn bellenmeli ýagdaýdyr.
Bosgunlaryň meseleleri we türkmen hökümetiniň BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň bilen netijeli hyzmatdaşlygy boýunça halkara hukuk kadalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi özüniň göwrümi we ähmiýeti boýunça deňi-taýy bolmadyk ýörelgedir. Munuň özi Türkmenistanda birnäçe müňlerçe bosgunlara ýaşamaga hukuk berýän türkmen raýatlygynyň berilmegidir.
Bosgunlaryň raýatlyga kabul edilmegi milli aýratynlykdan gelip çykýar, öňi bilen bolsa ol türkmen halkynyň ynsanperwerlik we myhmansöýerlik däplerini we umumy ykrar edilen halkara gumanitar kadalara laýyk gelýär. Biziň ýurdumyzda döwletimiz tarapyndan adamlaryň mynasyp ýaşaýşy üçin ähli amatly şertler döredilýär. Raýatlygyň berilmegi ol adamlaryň durmuş derejesiniň gowulandyrylmagyny göz öňünde tutýar, olara köp sanly ýeňilliklerden peýdalanmaga mümkinçilik berýär, şeýle hem olaryň iş bilen üpjünçiligini, lukmançylyk we beýleki kömekleri kepillendirýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň esasy düzümleri,hususan-da, BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň müdirligi bilen hyzmatdaşlyk hakynda aýdylanda bolsa, maslahatda çykyş edenler köp ýyllyk hyzmatdaşlyk netijesinde bu ugurda ägirt uly işleriň bitirilendigini aýratyn nygtadylar. Has takygy, biziň ýurdumyzda raýatsyzlygyň öňüni almak we olary azaltmak boýunça hereket edýän Maksatnamanyň çäklerindäki işleriň anyk meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.
Umumy mejisleriň jemini jemlemek bilen, onda çykyş edenler Türkmenistan tarapyndan gazanylan oňyn tejribeleriň raýatsyzlygyň öňüni almak we onuň soňuna çykmak boýunça hereketleriň milli meýilnamalarynyň durmuşa geçirilmegi dünýäniň dürli döwletleri üçin peýdaly bolup biler diýip bellediler.
Wekilçilikli maslahatyň çäklerinde Yslamdaky gaçybatalganyň meseleleri we bosgunlaryň halkara hukugy hakynda doktor Ahmed Abu Al-Wafyň kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy. Neşirde yslam ylmynda we bu meseleleri kadalaşdyrýan häzirki zaman halkara hukuknamalarynda bosgunlaryň hukuklaryny üpjün etmegiň esaslary beýan edilýär.
“Musulman dünýäsinde bosgunlar” atly halkara maslahatynyň işiniň netijeleri jemleýji umumy mejlisde jemlenildi. Onda Aşgabat duşuşygynyň barşynda öňe sürlen teklipleriň jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylandygy kanagatlanma bilen bellenildi we munuň özi bosgunlaryň meseleleri boýunça geljekki bilelikdäki meýilnamalary işläp taýýarlamak üçin oňaýly binýady kemala getirdi diýlip aýdyldy. Bellenilişi ýaly, bu möhüm meseläni ara alyp maslahatlaşmagyň we bu meseläni çözmek maksady bilen uzak möhletleýin çäreleri işläp taýýarlamagyň mümkinçiligi ähli halkara derejelerinde geçirilýän, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde işjeň öňe sürülýän we sebitde durnuklylygy pugtalandyrmagyň möhüm ýagdaýy hökmünde ählumumy ykrar edilen Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi netijesinde mümkin boldy.
Çäräniň jemleri boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. Onda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň sebitde we tutuş dünýäde bosgunlaryň hukugyny goramak bilen baglanyşykly meseleleri oňyn çözmek maksady bilen, netijeli gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardygy tassyklandy. Şu jähetden Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleýin bölümleri, şol sanda BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň müdirligi we beýleki halkara hyzmatdaş guramalar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň derwaýysdygy bellenildi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, halkara maslahatyny geçirmek üçin Aşgabadyň saýlanyp alynmagy, Türkmenistanyň bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselesini çözmekdäki toplan oňyn tejribesine dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnpaşyjylar türkmen topragynda görkezilen myhmansöýerlik, şeýle möhüm halkara çäresini geçirmekde ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi hem-de onuň üstünlikli işlemegine amatly şertleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini mälim etdiler.