Ï Türkmenistan - tutuş sebitiň geljegi üçin niýetlenen ulag köprüsi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan - tutuş sebitiň geljegi üçin niýetlenen ulag köprüsi

view-icon 726
Aşgabatdaky halkara maslahatda sebitde ulag hem-de üstaşyr gatnawlaryň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi

Türkmenistanyň Daşary işler mnitsrliginiň mejlisler jaýynda “Orta Aziýada we Hazar deňziniň sebitinde ulag hem-de üstaşyr gatnawlarynyň ösüşiniň geljegi” atly halkara maslahat boldy. Bu maslahat Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-nyň Ýörite maksatnamasyny döretmek boýunça başlangyjyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde möhüm ähmiýetli ädimleriň ýene-de birine öwrüldi, şol maksatnama boýunça Hazar we Gara deňizleriniň, Orta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasynda üstaşyr-ulag gatnawlarynyň mümkinçiliklerini öwrenmek göz öňünde tutulýar. Türkmen döwletiniň Baştutany bu başlangyjy 2011-nji ýylyň sentýabrynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde öňe sürdi.

Bu maslahat Türkmenistanyň Hökümeti we Ýol ulaglarynyň halkara bileleşigi (ÝUHB) tarapyndan bilelikde we Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýöriteleşdirilen institutlarynyň we edaralarynyň hem-de Hökümetara Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag toparynyň (TRAСEKA) goldamagynda guraldy. Oňa 180 sany adam ýygnandy. Olaryň arasynda halkara bilelmenleri we 18 sany döwletiň ugurdaş edaralarynyň hünärmenleri, halkara guramalarynyň 10-synyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik toparlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bar.

Ýeri gelende aýtsak, düýn Moskwada GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň resmi däl mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu maslahatyň hem-de türkmen döwletiniň Arkalaşyga goşulýan ýurtlara hyzmatdalygyň gerimini giňeltmek boýunça teklibiniň möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn belledi. Milletiň Lideri öz çykyşynda şunuň ýaly garaýşyň biziň ýurtlarymyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine oňyn täsirini ýetirip biljek söwda-ulag geçelgelerini döretmek boýunça teklipleri öňe sürmäge esas bolup hyzmat edýändigini aýtdy. Türkmen Lideri bu barada aýtmak bilen, şu günler Türkmenistanyň Orta Aztýada we Hazar deňziniň sebitinde ulag hem-de üstaşyr gatnawlaryň ösüşiniň geljekki mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna bagyşlanan uly foruma gatnaşyjylary kabul edýändigi aýtdy. Şunuň bilen baglylykda,

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtly kärdeşlerine –GDA goşulýan döwletleriň Baştutanlaryna Türkmenistanyň bu halkara maslahatyny guramak baradaky başlangyjynyň oňlanandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şu gün bu maslazatyň açylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns berip diňlediler. Şonda türkmen döwletiniň Baştutany Aşgabatda geçirilýän bu maslahatyň ulag ulgamlaryny ösdürmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda tapgyrlaýyn waka öwrüljekdigine ynam bildirdi hem-de maslahatyň Orta Aziýa, Hazar we Gara deňizleri sebitleriniň üstaşyr gatnawlaryny we ulag hyzmatlarynyň eksportuny ösdürmekde uly mümkinçilikleriň bardygy sebäpli aýratyn-da möhümdigini belledi.

Ýükleri daşamagyň halkara ulgamynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistan öz çäkleri boýunça ygtybarly ulag-üstaşyr gatnawyny üpjün edýär. Bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanda ulaglaryň ähli görnüşlerini, şol sanda awtomobil ulaglaryny ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalary amala aşyrylýar, ýol ulgamyny ösdümek boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda ähli zerur ulgamlary bolan täze tizlikli ýollar gurulýar. Ýakyn geljekde awtomobil ýollarynyň durky dolulygyna täzeleniler diýip, Türkmenistanyň Prezidenti öz Gutlagynda belledi.

Mälim bolşy ýaly, bu iş “Gündogar-Günbatar”, “Demirgazyk-Günorta” ugurlary boýunça durnukly hereket edýän ýollaryň döredilmegi üçin niýetlenen halkara ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, ýurdumyzyň geografiki taýdan amatly ýerde ýerleşendigi üçin, üstaşyr gatnawlar boýunça örän uly mümkinçiliklerden peýdalanylmagyna gönükdirilendir.

Maslahatyň açylyş dabarasynda Ýol ulaglarynyň halkara bileleşigi (ÝUHB), BMG-nyň Ýewropada boýunça ykdysady topary, TRAСEKA, UNOHRILLS, ÝHHG ýaly esasy halkara guramalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Ýol ulaglarynyň halkara bileleşiginiň prezidenti Ýanuş Laçny öz çykyşynda Aşgabatdaky maslahatyň sebitde üstaşyr gatnawlary ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini hem-de Türkmenistanyň sebitdäki wajyp ähmiýetli söwda ýollarynyň baglanyşýan ýeri hökmünde möhüm orny eýeleýändigini belledi.

Maslahatyň açylyş dabarasyndan soňra umumy mejlisleriň binäçesi bolup geçdi. “Türkmenistanyň ulag ulgamy we ösdürmegiň esasy ugurlary” atly ilkinji mejlisde maslahata gatnayşyjylar ýükleriň daşalmagyny artdyrmakda we halkara üstaşyr gatnawlaryny ösdürmekde Türkmenistanyň eýeleýän orny, ýurdumyzyň çäginden geçýän wajyp ähmiýetli ulag geçelgeleriniň esasy häsiýetnamalary barada jikme-jik gürrüň berýän maglumat bilen tanyşdyryldy. Mejlisiň barşynda “Türkmenistanyň awtomobil ulagy—2012” atly kitap bilen tanyşdyrylyş dabarasy bolup geçdi. Şol neşirde bu pudagyň gazanýan üstünlikleri hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri beýan edilýär.

“Merkezi Aziýadaky we Hazar sebitindäki ýurtlaryň arasynda ulag we üstaşyr gatnawlary ösdürmek boýunça sebit derejesindäki hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak” atly ikinji umumy mejlisiň barşynda Beýik Ýüpek Ýoluny täze hilli derejede dikeldýän halkara gatnawlarynyň ähmiýeti, sebitde ulag boýunça taslamalary amala aşyrmakda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň netijeliligi ýaly möhüm ähmiýetli meselelere garaldy. Şonda sebit derejesinde geljegine has uly umyt baglanýan taslamalar, şu ugur boýunça dürli döwletleriň toplan tejribesi, şeýle hem ýük daşaýjylaryň işininiň netijeliligini artdyrmakda ätiýaçlandyrmanyň ähmiýeti ýaly meseleler barada pikir alşyldy.

“Merkezi Aziýada we Hazar sebitde ulag hem-de üstaşyr gatnawlary ösdürmek boýunça guramalarynyň we maliýe institutlarynyň işini utgaşdyrmak” atly üçünji mejlisiň çäklerinde birnäçe halkara resminamalarynyň ulag hem-de üstaşyr gatnawlary ösdürmekdäki ähmiýeti, halkara guramalarynyň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň belli-belli ugurlara degişli agentlikleriniň we komissiýalarynyň şu ulgamda edýän tagallalary ara alnyp maslahatlaşyldy.



Maslahatyň barşynda üstaşyr gatnawlary ösdürmegiň, sebitde ýükleriň daşalýan möçderlerini artdyrmagyň geljekki mümkinçilikleri barada gyzykly pikir alşyldy. Çykyş edenler sebitde üstaşyr gatnawlaryň geriminiň giňeldilmeginde, ýurdumyzyň ulag ulgamlarynyň durkunyň düýpli täzelenmegi we ösdürilmegi bilen baglylykda, örän uly mümkinçilikleriň döredilmeginde, netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagynda Türkmenistanyň wajyp ähmiýetli orny eýeleýändigini biragyzdan belledider.

Mälim bolşy ýaly, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ulag ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz taryhyň dowamynda yklymyň möhüm ähmiýetli söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär, munuň özi häzirki günlerde Türkmenistanyň wajyp halkara ulag gatnawlarynyň çatrygy hökmündäki ähmiýetini has-da artdyrýar.

Dünýä standarty ýurdumyzyň çäginden geçýän we gurulýan döwrebap awtoulag ýollarynyň esasy häsiýetnamasy bolup durýar. Şol awtoulag ýolarynyň ýgrunda inženerçilik desgalarynyň onlarçasy –döwrebap ulag geçelgeleri, köprüler we estakadalar ýerleşer, bular ýollarda jemlenýän awtoulaglaryň gatnawyny oňaýlaşdyrmaga, ýollaryň silden goralmagyny we hereketiň howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berer. Obalardaky ýollaryň gowulandyrylmagyna, ýük we ýolagçy daşaýan awtoulaglaryň tehniki parkynyň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär.

Ulaglaryň beýleki görnüşleriniň—demir ýol, howa, deňiz ulaglarynyň ulgamynyň ösdürilmegine-de uly üns berilýär. Şunda täze howa duralgalary, demir ýollar gurulýar, Türkmenbaşy şäherindäki deňiz portunda uly özgertmeleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar, gämileriň täze, döwrebap nusgalary bilen, deňiz we howa flotunyň üsti ýetirilýär, demir ýol ulaglary täzelenýär. Galyberse-de, ýurdumyz ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär hem-de traskontinental ugurlaryň wajyp ähmiýetli düzümine öwrülmegi üçin, döwletara ulag geçelgelerini döretmek baradaky başlangyjy öňe sürýär.

Şu maslahatdaky çykyşlaryň ählisinde Aşgabatdaky halkara maslahatynyň sebitiň ulag ulgamyny ösdürmek, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça umumy çemeleşmäni tapmakda wajyp ähmiýetli gepleşikleriň geçirilen ýerine öwrülendigi biragyzdan bellenildi. Maslahatyň netijeleri boýunça kabul edilen Rezolýusiýada Merkezi Aziýada we Hazar deňziniň sebitinde ulag hem-de üstaşyr gatnawlaryň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi hem-de şu ulgamda bar bolan örän uly mümkinçiliklerden peýdalanylmalydygy bellenildi.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler hem-de şonda maslahatyň ýokary derejede guralandygy üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň we onuň ulag ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşiniň haýran galdyrýandygyny bellediler.